Mugam diňläli, gardaş!

21 Iýun 2021
978

(«Barlan iller, ýörelen ýollar» çeper-publisistik toplumyndan)

Gadymy kitaplary okasaň, köne dessanlary diňleseň, jahankeşdeleriň baran illerinden getiren gürrüňlerine, geň-enaýylyklaryna, agyr kerwenleriň keşt eden illerinden alyp gaýdan gülebent-ýüklerine diýseň hyrydarlykly çemeleşipdirler. Indi ösen dünýäde jahankeşdelige hem-de sapara başgaça, has wajyp nazar bilen baha kesilýär. Sebäbi ol saparlar, ylaýta-da döwlet Baştutanlarynyň derejesindäki gepleşiklerdir ylalaşyklar bir ýa-da iki kerwen ýüklerinden has agyr. Anyk aýdanyňda, iki döwletiň bähbitleriniň hem çygryndan çykyp, sebit, dünýä ähmiýetli, köp halklaryň şu gününiň hem röwşen geljeginiň hatyrasyna gönükdirilen, özem uzak ýyllary nazarlaýan ylalaşyklar gazanylýar. Şol ylalaşyklar gadymy kerwen ýollaryny barha giňeldýär. Diýmek, halklaryň hatyrasyna hyzmat etjek ýükleriň agramyny artdyrýar. Muňa Türkmenbaşy we Baku halkara deňiz portlary anyk mysaldyr. Hazar deňziniň üstünden gelýän ýükleriň geografiýasy, şeýlelikde, Günbatar Ýewropa — Gündogar Aziýa, has anygy, Hytaý diwarlary aralygyna çenli uzaýar.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
ýazyjy.