Dünýä ýaýylan parasat ummany

21 Iýun 2021
941

Türkmen halkynyň we bütin Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi her bir ynsanyň teşne kalbyny gandyryp, aram berýär. Milli mirasymyzyň we medeniýetimiziň howandary hormatly Prezidentimiz: «Magtymguly Pyragy ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň özünden öňki gazananlaryny akyl eleginden geçirip, dürdäne eserleri döretdi. Beýik şahyr türkmen şygryýetiniň we türkmen diliniň taryhynda uly özgerişlikleriň başyny başlady. Onuň umumadamzat medeni-ruhy hazynasyna giren şygyrlary bu gün dünýä dilleriniň köpüsinde ýaňlanýar. Magtymguly Pyragynyň danalyga pürepür şahyrana eserleri türkmeni, türkmen poeziýasyny dünýä tanatdy» diýip nygtaýar. Beýik akyldaryň pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlarynyň Atlantik ummanynyň kenarlaryndan başlap, tä Uzak Gündogara çenli aralykda ýaşaýan halklaryň ençemesiniň dillerine terjime edilmegi hem-de giň okyjylar köpçüliginiň söýgüsini gazanmagy Gahryman Arkadagymyzyň aýdan bu sözlerini tutuş aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Bizem ýurdumyzda uly dabaralara beslenýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňüsyrasynda dürli ýurtlarda akyldar şahyryň döredijiligini içgin öwrenen alymdyr terjimeçiler baradaky maglumatlary, şeýle hem olaryň terjime eden şygyrlaryny öz dillerinde okyjylarymyza ýetirýäris.

Arseniý TARKOWSKIÝ

Sahypany taýýarlan Ahmet Geldiýew,
«Watan».