Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe

21 Iýun 2021
1614

MAGTYMGULY PYRAGY SAZ ÄLEMINDE

Magtymguly Pyragy ajaýyp goşgulary bilen dünýä halklaryna tanalan şahyrdyr. Şahyryň döreden goşgulary saz äleminde-de mynasyp orny eýeleýär. Magtymguly Pyragynyň goşgularyny saza geçirmedik kompozitor, aýdym edip aýtmadyk bagşy ýokdur. Daňatar Öwezowyň «Halyma», «Bu derdi», Nury Halmämmedowyň «Yzlamaýan bolarmy», «Uýat eýleýir», «Näzli dildar», «Gözel Şirgazy», Çary Nurymowyň «Oýanmaz» aýdymlaryny, Suhan Tüýliýewiň üç bölümden ybarat «Dünýä, heý!» wokal toplumyny,  daşary ýurt kompozitorlaryndan Genrih Držewskiniň «Näzli dildar» eserlerini mysal getirmek bolar.

Täzegül GURBANMYRADOWA,
Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.