Gahryman Arkadagymyzyň Karary bilen, ýurdumyzda her ýyl bir welaýatda Medeniýet hepdeligi giňden bellenilip geçilýär. Milletimiziň mertebesine deňelýän medeniýetiň şanly dabaralara beslenýän toýunda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän taryhy-medeni, arheologik ýadygärlikleriň öwrenilişine hem-de olaryň şöhratly taryhymyzdaky ornuny wagyz etmäge giň orun berilýär.
Lebap welaýatynda diňe bir watandaşlarymyzyň däl, eýsem, dünýä jahankeşdeleriniň hem iň bir gelim-gidimli ýerlerine öwrülen taryhy-medeni hem-de tebigy ýadygärlikleriň ençemesi bar. Olaryň binagärlik sungaty jähetinden kämilligi örän ýokarydyr. Lebap topragynyň taryhy geçmişiniň hem-de Diýarymyzyň bu güneşli künjeginde asyrlar içre gazanylyp gelnen ösüşleriň gönüden-göni Amyderýa bilen baglanyşyklydygy ykrar edilen hakykatdyr.