"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Şöhrata beslenjek ýyl

Türkmenistan — — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen halky ähli ugurlarda uly üstünlikler gazanýar. Hormatly Prezidentimiziň taryhda köp sanly şöhratly wakalaryň şaýady bolan türkmen topragy täze eýýamda has-da belent ösüşlere, özgerişlere, şan-şöhrata beslenýär, halkymyzyň ýaşaýyş- -durmuş şertleri yzygiderli gowulanýar. Häzirki döwürde ýurdumyz ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösýär, şäherlerimiziň we obalarymyzyň keşbi düýpgöter özgerýär diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny ösdürmekde düýpli özgertmeler geçirilýär. Bu özgertmeler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe raýatlarymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny we ajaýyp durmuşyny üpjün etmek maksady bilen köpsanly binalar gurlup, ulanmaga berilýär. “Döwlet adam üçindir!” diýen esasy ýörelgäni iş ýüzünde amala aşyrýan Arkadag Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, müň mertebe alkyş aýdýarys.

Özgerýän we gülläp ösýän Aşgabat milli Liderimiziň döredijilik zehininiň nyşanydyr

Halkara ylalaşdyryjylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk merkezi Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Şol strategiýanyň esasy maksady dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde jemlenýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda Watanymyzyň ak mermerli paýtagty — şu ýyl 140 ýyllygyny giňden belleýän Aşgabat ençeme gezek halkara maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Şol maslahatlaryň gün tertibine döwrüň möhüm meseleleri girizildi. Munuň özi ýurdumyzyň dünýädäki belent abraýynyň, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasy ugrunyň giňden goldanylýandygynyň ýene-de bir subutnamasydyr.

Türki geňeş: gadyrly gatnaşyklar — umumy abadançylyga binýat

31-nji martda hormatly Prezidentimiziň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen resmi däl maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, çykyş etmegi ýurdumyzyň baky Bitarap döwlet hökmünde sebit we halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň çözgüdini tapmak boýunça bilelikdäki tagallalara ygrarlydygyny ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Umumy abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam bermek nobatdaky forumyň esasy maksady bolup, ol Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryny hem öz içine alýar. Milli Liderimiz çykyşynda sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri babatda ýurdumyzyň garaýyşlaryny beýan edip, türki dilli döwletleri olary bilelikde iş ýüzünde amala aşyrmaga çagyrdy. Ýokary derejeli forumlarda hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän teklipdir başlangyçlary hemişe diýen ýaly, häzirki zamanyň wajyp ugurlaryny — energetika, ulag we ekologiýa meselelerini öz içine alýar. Çünki olar türkmen diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary bolup, milli derejede-de, sebit we halkara gün tertibinde-de bir maksady — Ýer ýüzünde abadan ýaşaýşy berkarar etmegi nazarlaýar. Türkmenistan bolsa ählumumy derejede durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny amala aşyrmaga, ozaly bilen, ýakyn goňşulary bolan sebit döwletlerini çagyrýar.

Täze gazna — durmuş rowaçlygyna goşant

Ýagan ýagmyr tebigaty gülletse, sahawat ynsan kalbyny gülledýär. Halkymyzda edilen sahawatly her bir işiň müň bir sogabynyň bardygyna bolan ynanç bar. Sahawat göwünlerde gül ekýän bolsa, heý, onuň sogaby egsik bolarmy? Ynha, baharyň 29-njy gününde biz — türkmenistanlylar ýene bir uly sahawatyň şaýady bolduk. Hormatly Prezidentimiziň teklibi bilen ýurdumyzda döredilen Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy millionlarça ýürege ikinji bahary bagyşlady. Döwletimiziň, hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil üçin edýän aladalary örän giň gerimli, köpugurly. Olary tutuşlygyna şeýle beýan edip bileris: ýaş nesliň islendik wekili özüniň şu gününi we geljegini nähili göz öňüne getirýän bolsa, şol maksada ýetmek üçin onda ähli mümkinçilikler bar.

Açyk, demokratik saýlawlar

Ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 28-nji martynda möhüm syýasy waka — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlary geçirildi. Mukaddes Watanymyzyň taryhynda ilkinji gezek göni däl saýlaw hukugy esasynda geçirilen bu saýlawlar halkymyzyň mizemez ýörelgeleriniň dabaralanýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen saýlawlar işjeň häsiýete eýe boldy. Saýlawlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine we milli synçylaryň syn etmeginde demokratik ýörelgelere laýyklykda geçirildi. Geçirilen saýlawlarda milli synçylaryň ýurdumyz boýunça jemi 440-sy syn etdiler we olaryň 43,64 göterimi saýlaw hukukly zenanlarymyzdygy buýsandyryjydyr. Saýlawlar türkmen halkyna mahsus bolan milli demokratik ýörelgelerimizden ugur alnyp, halkara derejesinde ykrar edilen kadalar hem-de bäsleşik esasynda geçirildi. Saýlaw möwsüminiň dowamynda hiç hili arza-şikaýatlar ýüze çykarylmady. Ýurdumyzda saýlawlar güni welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalary işjeň ýagdaýda ses berip, 98,7 göterim gatnaşyk boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatynda eden çykyşy

(2021-nji ýylyň 31-nji marty) Türki dilli ýurtlaryň hormatly döwlet Baştutanlary!

Döwre buýsanç - zähmete hyjuw

Möhüm wezipä bagyşlandy Ýakynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde onlaýn görnüşde 2021-nji ýylyň 1-nji iýulyndan herekete girýän Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksini iş tejribesinde ulanmaklyga bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna kazylar we kazyýet işgärleri hem-de Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) «Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam» atly taslamasynyň bilermenleri gatnaşdylar.

Ajap şäher Aşgabadym!

Aşgabat Gülleýär, gül açýar nurana şäher,Watanymyň ýüregi sen, Aşgabat.Toý-baýramly goýnuň mydama bahar,Il-günümiň geregi sen, Aşgabat.

Aşgabadyň XIX — XX asyrlardaky taryhynyň sahypalary

(başlangyjy gazetiň 12-nji martdaky sanynda) Merkezi Aziýanyň beýleki şäherleriniň hiç birinde hem Ashabadyň diňe bir özündäki ýaly kerwensaraý ýokdy. 1903-nji ýylda Ashabadda 38 sany kerwensaraý bolupdyr.

Gözlerimiň nury — gözel Aşgabat

Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň gujagy nowjuwan ýaşlyga meňzeýär. Ýaşlygyň görki, ýakymy, ýalkymy bolsa, bu gün Aşgabada siňipdir. Gün saýyn artyp barýan gözellikleriň sazlaşygy bolan bu owadan şäheriň gijelerinden ganma ýok, gündizlerinden doýma ýok. Ertekiler dünýäsini ýadyňa salýan, her bir künjegi adamlaryň yhlasy, söýgüsi, irginsiz zähmeti bilen kemala getirilen paýtagtymyza bu gün bütin dünýäniň nazary gönükdi. Şahyrlaryň dillerinde dessana öwrülen gözel paýtagtymyz sagat saýyn özgerýän, gülläp-ösýän, bagt şäherine öwrüldi. Ak mermerli Aşgabady synlasaň onuň dür monjugy ýaly ak binalaryndan, bagy-bossanlygyndan, tämizliginden, owadanlygyndan ýaňa gözleriň gamaşýar. Her bir binanyň üstünde pasyrdap duran ýaşyl baýdagymyzy göreniňde bolsa, joşup duran ýüregiň gürsüldüsi artýar. Türkmen bolup doglanyňa, şu topraga örküň baglananyňa bolan buýsançly başyňy al asmana ýetirýär. Şol pursat: Buýsanjymsyň, gülden gözel Aşgabat,Sende il-günümiň yhlasy bardyr.Saňa aşyk bu gün bütin adamzat,Keşbiň Arşdan inen ylahy nurdur.

Hakyky demokratik ýörelgeler esasynda

Bu gün ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda milli kanunçylygy kämilleşdirmäge hem-de öňdebaryjy halkara tejribesini öwrenmäge we ornaşdyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Saýlawlary guramaçylykly geçirmekde döwrebap täzeçil tehnologiýalar we sanly ulgam netijeli ulanyldy. Munuň özi saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginde aýratyn ähmiýetli boldy. Saýlawlaryň açyklyk, aýdyňlyk, demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmegi, oňa jemgyýetçilik guramalarynyň, tutuş ilatymyzyň, aýratyn-da saýlawçylaryň işjeň gatnaşmagy ýurdumyzda asyrlar aşyp gelýän milli demokratik esaslaryň berkarar bolýandygynyň misilsiz tassyknamasydyr. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň döredilmegi döwletimiziň geljegi üçin ykbal çözüji waka öwrüler. Bu edara türkmen halkynyň bagtly durmuşynyň, ata Watanymyzyň nurana geljeginiň bähbidine Hökümetiň işläp taýýarlaýan we ýurdumyzyň halky bilen amala aşyrýan uly möçberli maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegini üpjün eder.

Türkmen topragynyň gudraty

Arkadag Prezidentimiz ata Watanymyzda dabaralara beslenen Milli bahar baýramynyň bellenilýän gününde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, behişdi bedewler bilen didarlaşdy hem-de döredijilik bilen meşgullandy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyza ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi barada buşluk habary ýetirildi. Milli Liderimiz öz seýisläp ýetişdiren Akhan atly bedewiniň ilkinji at taýynyň doglandygy baradaky buşluga ruhlandy we bu habary uly şatlyk bilen kabul etdi. Baharyň nurana günleriniň birinde at taýyň dogulmagy Diýarymyzyň durmuşynda möhüm şanly seneleriň ajaýyp pursatlar bilen utgaşýandygynyň subutnamasydyr. Mähriban Arkadagymyz kalbyňy joşdurýan habara begenip, täze doglan taýçanagyň boýnuna käbesi Ogulabat ejäniň taýýarlan alajasyny daňdy. Munuň özi asyrlar aşyp gelýän dünýä nusgalyk milli ýörelgeleriň döwrebap derejede dowam etdirilýändiginiň nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiz täze doglan nurana taýyň eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň giňden toýlanylýan ýylynda dünýä inmeginiň buýsançly wakadygyny belledi. Taýçanagyň dünýä inmegi türkmen atşynaslarynyň şatlygyny hem-de behişdi bedewlere bolan buýsanjyny artdyrdy. Bu ynsan bilen bedewiň özara baglanyşygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Ak şäherimize buýsanç

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda uly ösüşler gazanylýar, halkymyzyň toýlary toýlara ulaşýar. Ynha, şu ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy hem-de ak şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uly buýsanç bilen belleniler. Şeýle ajaýyp baýramlaryň dowamly bolmagy bagtyýarlykdan, döwletlilikden nyşandyr. Şöhratly we buýsançly taryhy bolan halkymyz häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň beýik işlerine buýsanýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň gadymy döwürlerden gözbaş alýan binagärlik sungaty döwrebap ösdürilýär, mynasyp durmuşa geçirilýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ajaýyp binalar gurlup, iň döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Şonuň üçin hem häzirki döwrüň binalary “akylly” öýler diýen taslamalardan ugur alýar. Bu bolsa, häzirki döwrüň binagärlik sungatyny kemala getirýär.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýuridik şahs hökmünde döredildi, Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň ugrundaky Türkmenistanyň Halkara maslahatlar merkeziniň binalar toplumynda ýerleşdirilmegi kesgitlenen bu gaznanyň Tertipnamasy, gurluşy hem-de işgär sany tassyklanyldy.* * *Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen Rejep Bazarow Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory wezipesine bellenildi.* * *Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň ýer üstüne gözegçilik edýän milli ulgamyny döretmek işlerini utgaşdyrmak boýunça Hökümet topary döredildi hem-de Hökümet toparynyň düzümi we Düzgünnamasy tassyklanyldy.

Azyk önümleriniň bolçulygy döredilýär

Hormatly Prezidentimiziň ýörite Kararlary esasynda gök we bakja ekinleriniň önümleri, miweler hem-de ir-iýmişler bilen ilaty bütin ýylyň dowamynda üpjün etmek meselesi oňyn çözülýär. Ilatymyzyň saçaklarynda önüm bolçulygy döredildi. Çörek önümleri, gök önümler, bakja önümleri, öz topragymyzdan önýän önümleriň giň görnüşi bazarlarda alyjylara yzygiderli hödürlenilip dur. Bazarlarymyzda islän azyklyk harydyň tapylýar. Bu bolsa adamlaryň döwletimize bolan buýsanjyna buýsanç, ynamyna ynam goşýar. Bazarlardaky bolçulygyň emele gelmeginiň mähriban Arkadagymyzyň «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hakyndaky», «Welaýatlar boýunça 2016-njy ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakyndaky» Kararlarynyň beren oňyn netijeleridigine halkymyz örän gowy düşünýär. Şol Kararlara laýyklykda ýeralma, şaly, şeýle hem pomidor, hyýar, kelem, sogan, gawun-garpyz we beýleki gök-bakja ekinleriniň dürli görnüşleri ýeterlik derejede öndürilip, bazarlarymyzda olaryň bolçulygy döredildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem barha şowlulyklara beslenýär. Ynha, ýakynda ýurdumyzyň ilaty bolup welaýatlarda, şol sanda biziň welaýatymyzda hem döwrebap ýyladyşhanalaryň açylyş dabaralarynyň şaýady bolduk. Munuň özi halkymyzyň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin hormatly Prezidentimiziň günübirin edýän ala

Durnukly ösüşleriň gözbaşy

Ata Watanymyzy demokratik ýol bilen ösüşleriň täze belentliklerine ýetirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyksöýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň esasy ugrudyr. Dostana gatnaşyklary ösdürmek bilen, milli Liderimiz diňe bir türkmenistanlylaryň däl, eýsem, dünýä halklarynyň parahat we erkana durmuşda ýaşamaklary üçin taýsyz tagallalary edýär. Türkmeniň parahatçylyksöýüjilige ýugrulan milli ýörelgeleri bu gün halkara diplomatiýanyň özboluşly üstünligine öwrüldi. Bitaraplygyň döredijilikli häsiýeti döwletimiziň köpugurly daşary syýasat strategiýasynyň we diplomatiýasynyň binýadyny emele getirip, deňhukuklylyk, ynanyşmak we özara hormat goýmak däplerine esaslanýan oňyn halkara gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam etdi.

Gyzykly geçen ýaryşlar

Welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň guramagynda milli oýunlarymyzyň biri bolan ýaglyga towusmak boýunça geçirilen bäsleşik gyzykly häsiýete eýe boldy. Magtymguly etrabynda guralan bu ýaryşda birinji orna etrabyň sport mekdebiniň usulyýetçisi Jeýhun Myradow mynasyp bolmagy başardy. Ikinji we üçünji orunlara degişlilikde şol sport mekdebiniň tälimçi-mugallymlary Geldimämmet Taganamanow hem-de Orazmämmet Orazow eýe çykdylar. Bäsleşikde öňdäki orunlary eýelänlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Demokratik ýörelgelere esaslanyp

Taryhy taýdan gysga döwrüň içinde gazanylan beýik ösüşlere daýanyp, ýurdumyzy döwrüň talabyna laýyk düýpli özgertmek, ösdürmek, milli kanunçylygymyzy yzygiderli kämilleşdirmek meselesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän döwlet syýasatynyň düýp özenini düzýär. Milli parlamentiň iki palataly düzüminiň döredilmegi «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygaryň astynda jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň, şeýle hem sebitleriň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň, demokratik düzümleriň berkidilmeginiň bähbidine gulluk etmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna geçen ýekşenbe güni geçirilen saýlawlar ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrülip, döwletimiziň demokratik esaslaryny berkitmekde, hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgelerini pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa öňňin Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygynyň şahsyýetnamasyny gowşurmagy ähli ildeşlerimizde uly buýsanç duýgularyny döretdi. Saýlawlaryň açyklyk, aýdyňlyk, demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmegi, oňa jemgyýetçilik guramalarynyň, tutuş ilatymyzyň, aýratyn-da, saýlawçylaryň işjeň gatnaşmagy ýurdumyzda asyrlar aşyp gelýän milli demokratik esaslaryň berkarar bolýandygyn

Halkymyzyň jebisligi — watanymyzyň synmaz kuwwaty

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy hem-de Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli taýýarlyk çäreleriniň ýaýbaňlandyrylan döwründe ýurdumyzyň täze taryhynda ilkinji gezek üstünlikli geçirilen we milli parlamentiň durmuşynda täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrýan Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary şu ýylyň uly rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň nyşany boldy. Öňňin, ýagny 30-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygynyň şahsyýetnamasyny gowşurdy. Mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça milli parlamentiň hil taýdan täze, iki palataly düzümiň döredilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüşiniň hukuk esaslarynyň berkidilmegini, döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün eder. Bilşimiz ýaly 28-nji martda ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Saýlaw kodeksine laýyklykda, şeýle hem Halk Maslahatynyň karary esasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Bu edara türkmen halkynyň bagtly durmuşynyň, ata Watanymyzyň nurana geljeginiň hatyrasyna Hökümetiň işläp taýýarlaýan we ýurdumyzyň halky bilen amala aşyrýan uly möçbe

Ösüşli ýollarymyz türkmen telekeçileriniň gazanýan üstünlikleri bilen has-da şöhratlanýar

Täze taryhy eýýam telekeçilik işiniň gaýtadan dikeldilen, onuň netijeli ösdürilmegi, mümkinçilikleriň hem-de telekeçilik zehinleriniň açylmagy üçin ähli şertleriň döredilen döwrüne öwrüldi. Türkmen telekeçileri ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge has-da işjeň gatnaşýarlar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk zamanasyndaky ösüşli ýollarymyz türkmen telekeçileriniň gazanýan ajaýyp üstünlikleri bilen has-da şöhratlanýar. Ýurdumyzda milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi bizi üstünliklerden-üstünliklere, ösüşlerden-ösüşlere alyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, sebitlerde mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyklary batly depginlerde dowam edýär. Şu ýylyň 25-nji martynda hormatly Prezidentimiz Kaka etrabynda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — «Oguz ýol» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan hem-de ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümçilik düzüminiň üstüni ýetiren döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylyşyna ak pata berdi.