Azyk önümleriniň bolçulygy döredilýär

31 Mart 2021
1218

Hormatly Prezidentimiziň ýörite Kararlary esasynda gök we bakja ekinleriniň önümleri, miweler hem-de ir-iýmişler bilen ilaty bütin ýylyň dowamynda üpjün etmek meselesi oňyn çözülýär. Ilatymyzyň saçaklarynda önüm bolçulygy döredildi. Çörek önümleri, gök önümler, bakja önümleri, öz topragymyzdan önýän önümleriň giň görnüşi bazarlarda alyjylara yzygiderli hödürlenilip dur. Bazarlarymyzda islän azyklyk harydyň tapylýar. Bu bolsa adamlaryň döwletimize bolan buýsanjyna buýsanç, ynamyna ynam goşýar. Bazarlardaky bolçulygyň emele gelmeginiň mähriban Arkadagymyzyň «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hakyndaky», «Welaýatlar boýunça 2016-njy ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakyndaky» Kararlarynyň beren oňyn netijeleridigine halkymyz örän gowy düşünýär. Şol Kararlara laýyklykda ýeralma, şaly, şeýle hem pomidor, hyýar, kelem, sogan, gawun-garpyz we beýleki gök-bakja ekinleriniň dürli görnüşleri ýeterlik derejede öndürilip, bazarlarymyzda olaryň bolçulygy döredildi.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem barha şowlulyklara beslenýär. Ynha, ýakynda ýurdumyzyň ilaty bolup welaýatlarda, şol sanda biziň welaýatymyzda hem döwrebap ýyladyşhanalaryň açylyş dabaralarynyň şaýady bolduk. Munuň özi halkymyzyň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin hormatly Prezidentimiziň günübirin edýän aladalarynyň miwesidir. Üstümizdäki ýylda azyk önümleriniň, şol sanda miweleriň dürli görnüşleriniň bolçulygyny üpjün etmek ugrunda welaýatymyzda tutanýerli işler alnyp barylýar. Howanyň üýtgäp durmagyna garamazdan, ekinleriň, şol sanda baglaryň kadaly ösmekleri üçin yzygiderli aladalanylýar.

Çary ÝOLDAŞOW,
welaýat häkimliginiň oba hojalygynda özgertmeler we döwrebap usullary ornaşdyrmak müdirliginiň başlygy.