Ak şäherimize buýsanç

1 Aprel 2021
944

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda uly ösüşler gazanylýar, halkymyzyň toýlary toýlara ulaşýar. Ynha, şu ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy hem-de ak şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uly buýsanç bilen belleniler. Şeýle ajaýyp baýramlaryň dowamly bolmagy bagtyýarlykdan, döwletlilikden nyşandyr.

Şöhratly we buýsançly taryhy bolan halkymyz häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň beýik işlerine buýsanýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň gadymy döwürlerden gözbaş alýan binagärlik sungaty döwrebap ösdürilýär, mynasyp durmuşa geçirilýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ajaýyp binalar gurlup, iň döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Şonuň üçin hem häzirki döwrüň binalary “akylly” öýler diýen taslamalardan ugur alýar. Bu bolsa, häzirki döwrüň binagärlik sungatyny kemala getirýär.

Ogulbossan MÜRZÄÝEWA,
Bäherden etrabyndaky 8-nji çagalar bagynyň müdiri.