Açyk, demokratik saýlawlar

1 Aprel 2021
815

Ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 28-nji martynda möhüm syýasy waka — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlary geçirildi. Mukaddes Watanymyzyň taryhynda ilkinji gezek göni däl saýlaw hukugy esasynda geçirilen bu saýlawlar halkymyzyň mizemez ýörelgeleriniň dabaralanýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen saýlawlar işjeň häsiýete eýe boldy. Saýlawlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine we milli synçylaryň syn etmeginde demokratik ýörelgelere laýyklykda geçirildi. Geçirilen saýlawlarda milli synçylaryň ýurdumyz boýunça jemi 440-sy syn etdiler we olaryň 43,64 göterimi saýlaw hukukly zenanlarymyzdygy buýsandyryjydyr.

Saýlawlar türkmen halkyna mahsus bolan milli demokratik ýörelgelerimizden ugur alnyp, halkara derejesinde ykrar edilen kadalar hem-de bäsleşik esasynda geçirildi. Saýlaw möwsüminiň dowamynda hiç hili arza-şikaýatlar ýüze çykarylmady. Ýurdumyzda saýlawlar güni welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalary işjeň ýagdaýda ses berip, 98,7 göterim gatnaşyk boldy.

Geok ABAÝEW,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň hukukçysy.