Gyzykly geçen ýaryşlar

31 Mart 2021
945

Welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň guramagynda milli oýunlarymyzyň biri bolan ýaglyga towusmak boýunça geçirilen bäsleşik gyzykly häsiýete eýe boldy. Magtymguly etrabynda guralan bu ýaryşda birinji orna etrabyň sport mekdebiniň usulyýetçisi Jeýhun Myradow mynasyp bolmagy başardy. Ikinji we üçünji orunlara degişlilikde şol sport mekdebiniň tälimçi-mugallymlary Geldimämmet Taganamanow hem-de Orazmämmet Orazow eýe çykdylar.

Bäsleşikde öňdäki orunlary eýelänlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Hakmyrat KIŞJIKOW,
TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň esasy hünärmeni.