Ösüşli ýollarymyz türkmen telekeçileriniň gazanýan üstünlikleri bilen has-da şöhratlanýar

31 Mart 2021
814

Täze taryhy eýýam telekeçilik işiniň gaýtadan dikeldilen, onuň netijeli ösdürilmegi, mümkinçilikleriň hem-de telekeçilik zehinleriniň açylmagy üçin ähli şertleriň döredilen döwrüne öwrüldi. Türkmen telekeçileri ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge has-da işjeň gatnaşýarlar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk zamanasyndaky ösüşli ýollarymyz türkmen telekeçileriniň gazanýan ajaýyp üstünlikleri bilen has-da şöhratlanýar.

Ýurdumyzda milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi bizi üstünliklerden-üstünliklere, ösüşlerden-ösüşlere alyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, sebitlerde mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyklary batly depginlerde dowam edýär. Şu ýylyň 25-nji martynda hormatly Prezidentimiz Kaka etrabynda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — «Oguz ýol» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan hem-de ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümçilik düzüminiň üstüni ýetiren döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylyşyna ak pata berdi.

«Esger».