"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Prostata mäziniň howply täze döremelerine garşy göreşiň biraýlygy dowam edýär

Rowaçlyklaryň sakasy saglykdyr Raýatlaryň saglygyny goramak, saglygy ugrundaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak, ömrüniň ortaça dowamlylygyny uzaltmak, “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp, ilat arasynda wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçirilýär. Onda erkek adamlarda ösmeklige ýykgyn edýän prostata (erkeklik) mäziniň keselleri barada giňişleýin düşünje berilýär.

Saglyk eşretli durmuşyň binýadydyr

Saglyk ynsana tebigatyň eçilen iň uly baýlygydyr. Ähli üstünlikleriň, rowaçlyklaryň sakasy hem saglykdyr. Şonuň üçinem eziz Diýarymyzda adam we onuň saglygy baş gymmatlyk hökmünde ähli zatdan ileri tutulýar. Lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlary, iň ösen tehnologiýalar ornaşdyrylan saglygy goraýyş desgalary bu günki gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hereket edýär. Olarda ynsan saglygyny goramak, bejermek üçin ähli amatlyklar döredilendir. Şeýle hem dünýä ülňülerine laýyk gelýän şypahanalar, sport toplumlary, gojaman Hazaryň kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky sagaldyş we dynç alyş merkezleri halkymyzyň sagdyn, bagtyýar durmuşyny üpjün etmeklige gönükdirilendir. Ajaýyp zamanamyzda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport adamlaryň gündelik durmuş ýörelgelerine öwrüldi. Ýaramaz endiklere garşy göreşmek, sagdyn durmuşy wagyz etmek boýunça dürli çäreler geçirilip, olarda ýaşyna, kärine garamazdan, ähli raýatlar işjeňlik görkezýärler. Ýurdumyzda ýaş nesliň sagdyn, berk bedenli ösüp, kemala gelmegine aýratyn uly üns berilýär hem-de munuň üçin ähli şertler döredilýär. Munuň şeýledigine Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi hem şaýatlyk edýär. Bu merkez mümkinçilikleri çäkli bolan çagalaryň saglygyny dikeldiş işlerini utgaşykly alyp barmak bilen, olaryň adaty durmuşa goşulmaklaryny üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyzyň

Tomus paslynda peýdaly maslahatlar

•Günden goranmak üçin kelläňize ýeňiljek başgap geýiň, ýaglyk atynyň ýa-da saýawan göteriň. •Yssy howada ýeňil, rahat, arassa nah matadan tikilen açyk reňkli egin-eşikleri geýmeli.

Saglygy goraýşyň ösen merkezi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne şan beren ajaýyp wakalaryň biri bolan Arkadag şäheriniň açylmagy bilen, ýurdumyzda ýene-de bir jenneti künjek peýda boldy. Bu ajaýyp şäher sanly ulgamyň ornaşdyrylan ajaýyp mekanydyr. Sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan bu ajaýyp şäherde ilatyň saglygyny goramak babatynda ähli mümkinçilikler döredilendir. Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen ulanylmaga berlen ajaýyp şäherde lukmançylyk maksatly dürli desgalaryň bardygyny aýratyn bellemek möhümdir. Bu babatda, ilki bilen, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň işe girizilendigini bellemelidiris. 2023-2024-nji okuw ýylyndan başlap, bu okuw jaýy özüniň ilkinji bagtyýar talyplaryny okuwa kabul edýär. Lukmançylyk ylymy babatda kämil hünärmenleri taýýarlajak bu orta hünär okuw mekdebi şäheriň ajaýyp binalary bilen sazlaşygy emele getirýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bina edilen ajaýyp şäherde saglygy goraýyş maksatly dürli binalaryň gurlandygyny bellemek gerek. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen bu ajaýyp şäherde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň gurlandygy has-da buýsandyrýar. Bu merkezde çagalaryň saglygyny dikeltmek babatynda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygyny nygtamak gerek. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bina edilen merkeziň enjamlaşdyrylyşynda nesil saglygyny

Saglykdan özge dem bolmaz

Güneşli Diýarymyzda howanyň aşa gyzýan günlerinde özümizi Günüň göni düşýän şöhlesinden goramalydyrys. Munuň üçin: – Tomus paslynda geýilýän egin-eşikler ak, açyk reňkli, rahat, nah matadan tikilen bolmaly.

Jana şypa, derde melhem

Gabygyndan başlap, dänesine çenli peýdaly miweleriň biri hem nardyr. Onuň düzüminde peýdaly aminokislotalaryň 15 görnüşi, «C», «A», «B», «PP» witaminleri we kaliý bardyr. Nar ynsan saglygy üçin taýsyz melhemdir. Naryň ganazlykda peýdasy örän köpdür. Ol ganyň düzümindäki gemoglobini ýokarlandyrýar.

Uzak we sagdyn ýaşamagyň syry

Günde bir gezek berjaý edilmeli kadalar: ► Ýylgyrmaly. Şähdiň açyk bolmagy saglygyňa, ruhy ýagdaýyňa oňaýly täsir edýär. Düşünişmezlikler ýürek-damar kesellerine sebäp bolup, nerw ulgamyna düýpli zeper ýetirýär.

Sagdynlyk — bagtyýar durmuşyň höziri

11-nji awgustda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ir säher bilen Hazaryň kenarynda welosipedli gezelenç etdi hem-de «Awaza» sport toplumynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi. Säher bilen Günüň dogýan çaglarynda Hazaryň kenarynyň howasy, aýratyn-da, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gurşawy ynsan üçin ýakymlylygy bilen tapawutlanýar. Munuň özi ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, deňziň kenarynda ýokary ekologik derejäni saklamak boýunça giň gerimli işleriň oňyn netije berýändiginiň aýdyň beýanydyr. Hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli welosipedli gezelenç etmegi ýaşlar üçin nusgalyk bolmak bilen, tutuş dünýäde meşhurlykdan peýdalanýan hem-de ekologik taýdan arassa bolan welosiped sportuny ýurdumyzda ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Ýörelgämiz — sagdyn durmuş

Şu günler ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi zähmet rugsadynda bolup, olaryň köpüsi Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň göreldesine eýerip, ýolbaşçylar işjeň dynç alyp, wagtlaryny peýdaly geçirýärler. Munuň üçin syýahatçylyk zolagynda hemme amatly we oňaýly şertler bar. Şeýle dynç alyş günleriniň birinde ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi welosipedli ýörişe çykdy. Hazar deňziniň kenarynda guralan bu çäreden görnüşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ýaýbaňlandyrmakda, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda welosiped sporty bilen meşgullanmagy wagyz etmekde görkezýän şahsy göreldesi ählihalk goldawyna eýe bolýar.

Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip

Şu günler ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi zähmet rugsadynda bolup, olaryň köpüsi Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň göreldesine eýerip, ýolbaşçylar işjeň dynç alyp, wagtlaryny peýdaly geçirýärler. Munuň üçin syýahatçylyk zolagynda hemme amatly we oňaýly şertler bar. Şeýle dynç alyş günleriniň birinde ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi welosipedli ýörişe çykdy. Hazar deňziniň kenarynda guralan bu çäreden hem görnüşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ýaýbaňlandyrmakda, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda welosiped sporty bilen meşgullanmagy wagyz etmekde görkezýän şahsy göreldesi ählihalk goldawyna eýe bolýar.

Gök önümleri hem-de miweleri köpräk iýiň!

Ine, lukmanlaryň kesellerden goranmakda tekrarlaýan sözleri. Ýylyň ähli paslynda-da miweleri we gök önümleri iýmek örän möhümdir. Çünki olaryň köpüsinde kalsiý, magniý, demir, sink bolýar. Şonuň üçin olary ter görnüşinde iýmek has peýdaly. Adamlara her gün azyndan 400 gram miwe we gök önümleri iýmek maslahat berilýär. Olaryň bir görnüşi beýlekisiniň ornuny tutmaýar, her biriniň adam bedenine peýdasy uly. Pomidor adam saglygyna örän nepli bolup, düzüminde A, C, K, B1, B3, B6, B7 ýokumlary, şeýle-de demir, sink, magniý elementlerini saklaýar. Ol gan-damar ulgamynyň işleýşini kadalaşdyrýar, böwregiň oňat işlemegine ýardam berýär. Ýürek keseliniň döremek howpuny azaldýar, iýmit siňdiriş ulgamyna we bagra kömek edýär. Pomidoryň baý düzümi deriniň sagdyn bolmagyna kömek edýär we düwürtikler bilen göreşmäge ukyplydyr. Onuň şiresi gandaky C witamininiň mukdarynyň artmagyna ýardam etmek bilen, bedeniň immunitetini güýçlendirýär. Süňklerdäki kalsiý ýetmezçiliginiň öwezini dolmakda hem pomidoryň täsiri uludyr. Saçyň gowy öwüşgin atmagy we ýumşak bolmagy üçin biziň gündelik iýmitimize K witamini gerek bolýar. Saçymyzyň çalt ösmegi we gür bolmagy üçin pomidoryň şiresini içmek maslahat berilýär.

Sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek — döwlet syýasatynyň möhüm ugry

Awaza, 11-nji awgust (TDH). Zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün ir säher bilen Hazaryň kenarynda welosipedli gezelenç etdi hem-de “Awaza” sport toplumynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça öňe süren başlangyçlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Yssy howada özüňizi goraň!

Şu günler howanyň aşa gyzmagy saglyk ýagdaýymyza has ünsli bolmagy talap edýär ■ Tomus paslynyň dowam edýän günlerinde Gün urma hadysalarynyň, döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator-ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýniň!

Gün şöhlesinden goranyň!

Tomus paslynda howanyň gyzmagy netijesinde Gün urma howpy has ýokary bolýar. Ol islendik ýaşdaky adamlarda ýüze çykyp bilýär. Gün uranda kellagyry, gyzgynyň galmagy, ýürek bulanma, gaýtarma we gan basyşyň beýgelme alamatlary ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýlar ýüze çyksa, haýal etmän maşgala lukmanyna jaň etmeli. Çagalarda Gün urmasy ýaş aýratynlygyna görä üýtgeýär, ýagny ýüzi gyzarýar, bedeniň gyzgyny çalt ýokarlanýar, ýürek bulanma, ukusyzlyk, ysgynsyzlyk ýaly alamatlar peýda bolýar.

Gün urmasyndan goranalyň!

Gün şöhlesiniň adam saglygyna peýdasy uludyr. Ýaş çagalarda igleme keseliniň öňüni almaga ýardam berýän D witamini Gün şöhlesiniň täsiri arkaly emele gelýär. Munuň üçin ýaş çaga bilen her gün irden sagat 9:00-a çenli, agşam 18:00-dan soň 15 — 20 minut gezelenç etmek ýeterlikdir. Çagalar diňe kölegede oýnamaly we nah matadan tikilen eşikleri geýinmeli. Günüň aşagynda başgapsyz gezmeli däl. Gün şöhlesi uly adam üçin hem zerurdyr. Ýöne howanyň aşa gyzýan günlerinde Günüň ultramelewşe şöhlesiniň aşagynda aşa köp bolmakdan saklanmaly. Tomsuna bedendäki suwuň deňagramlylygyny saklamak möhümdir. Köp mukdarda suwuklygyň der üsti bilen bölünip çykmagy diňe bir bedeniň deňagramlylygyny bozman, eýsem, ganyň goýulaşmagyna, insult, infarkt keselleriniň döremegine-de sebäp bolup bilýär. Şonuň üçin yssy howada gije-gündiziň dowamynda 2,5-3 litre golaý suw içmeli. Özem gazlandyrylan ýa-da şireli suwlara, kofä derek arassa agyz suwuny içmek peýdalydyr. 2 ýaşamadyk çagalar, gartaşan adamlar, käbir öýken, ýürek, nerw kesellerinden ejir çekýänler Günüň ýiti şöhlesiniň düşýän wagtynda daşary çykmakdan saklanmaly. Yssydan öýe girilende hökman çygly eşigiňi çalyşmaly. Sowadyjynyň öňünde durmakdan saklanmaly. Munuň özi beýniniň, ýüzüň süňk boşluklarynyň sowuklamagyna, ýokarky dem alyş ulgamynyň keselleriniň döremegine getirip biler. Şeýle hem gyzyp gelip, sowuk suwa düşmek, buz ýaly içgileri içmek zy

Ga­wu­nyň sag­ly­ga peý­da­sy

Ýa­kym­ly ysy bi­len bark ur­ýan dat­ly ga­wun­lar türk­men top­ra­gy­nyň nyg­mat­la­ry­nyň bi­ri­dir. To­mus pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len bu bak­ja önüm­i türk­men sa­ça­gy­nyň be­ze­gi­ne öw­rül­ýär. Ga­wu­nyň 40-a go­laý gör­nü­şi bolup, şo­la­ryň ara­syn­da wa­har­man, gür­bek, gü­la­by, tar­ta­ry öz­bo­luş­ly ta­ga­my bi­len saý­lan­ýar. Bu bak­ja önü­mi­niň düzümi, esa­san, suw­dan ybaratdyr. Ga­wu­nyň dü­zü­mi sü­ýü­me baý bo­lup, adam sag­ly­gy üçin peý­da­ly A, C, B1, B2, B5 wi­ta­min­le­ri, ug­le­wod­la­ry hem-de ka­liý, nat­riý, kal­siý, mag­niý, fos­fat ýa­ly mad­da­la­ry özün­de jem­le­ýär. Ga­wu­n sag­lyk üçin örän peý­dalydyr. Im­mu­ni­te­ti güýç­len­dir­ýär. Ga­wu­nyň dü­zü­min­dä­ki ka­liý we C wi­ta­mi­ni im­mu­ni­te­ti güýç­len­di­rip, be­de­niň ke­se­le gar­şy du­ru­jy­lyk uky­by­ny üp­jün ed­ýär.

Tomusda keselden goranmak üçin...

Dürli miweleriňdir gök önümleriň ýetişýän döwründe gyş üçin dürli işdäaçarlary, mürepbeleri, gaýnatmalary taýýarlaýan gelin-gyzlarymyzyň bu günler hysyrdysy ýetik bolsa gerek. Biz hem dürli keselçilikleriň ýüze çykmazlygy üçin hökmany suratda berjaý edilmeli düzgünler barada söz açmagy makul bildik. Botulizmden ägä boluň!

Peýdaly maslahatlar

Dynç almaga gelenler ilkinji günlerinde deňze her gün ýekeje sapar girmeli. Soňra kabul edilýän deňiz wannalarynyň sanyny kem-kemden günde 2-3 gezege çenli (her gezek ýarym sagatdan) artdyrmak bolar. Suwa girmezden öň, 10 minutlap kölegede durmaly. Munuň özi bedene gyzgyn kenarýaka howasyndan soň, salkyn suwa tiz uýgunlaşmaga ýardam eder.

Saglyk — baýlyk

Çilim çekýän adam temmäkiniň tüssesi bilen birlikde nikotini, sinil kislotasyny, ugar hem kömürturşy gazyny we adam bedenine zyýanly bolan beýleki himiki maddalaryň ençemesini içine dartýar. * * *

Gün şöhlesiniň täsiri

Diýarymyzda tomus pasly dowam edýär. Gün — saglygyň tebigy çeşmesi. Şeýle-de bolsa, Günüň ýiti şöhleleriniň astynda adamlara, ylaýta-da, çagalara uzak wagtlap durmak, gezmek, oýnamak howpludyr. Eger-de Gün şöhlesi bilen çaganyň bedenini taplamak we gezmeletmek isleseňiz, onda çagalaryňyzy ir säher bilen hem-de öýlän, Gün agandan soňra gezdirip bilersiňiz. Çagalar güneşli howada gezdirilse, olaryň endamy Güne ýanmaly däldir. Kelleleri hökman ýeňiljek başgaply, endamlary ýeňil egin-baş geýdirilen bolmalydyr. Kiçi ýaşly çagalary ýiti Gün şöhlelerine çykarmak maslahat berilmeýär. Gün şöhlesiniň adam saglygy üçin peýdaly taraplary köpdür. Ol keýpiňi göterýär, saglygyňy kadalaşdyrýar. Şeýle bolsa-da, Gün urmakdan goranmaly. Gün urma howanyň gaty gyzmagynyň we Gün şöhleleriniň ýitileşmeginiň täsiri netijesinde döreýär.