Jana şypa, derde melhem

15 Awgust 2023
447

Gabygyndan başlap, dänesine çenli peýdaly miweleriň biri hem nardyr. Onuň düzüminde peýdaly aminokislotalaryň 15 görnüşi, «C», «A», «B», «PP» witaminleri we kaliý bardyr. Nar ynsan saglygy üçin taýsyz melhemdir.

Naryň ganazlykda peýdasy örän köpdür. Ol ganyň düzümindäki gemoglobini ýokarlandyrýar.