Gün şöhlesiniň täsiri

9 Awgust 2023
345

Diýarymyzda tomus pasly dowam edýär. Gün — saglygyň tebigy çeşmesi. Şeýle-de bolsa, Günüň ýiti şöhleleriniň astynda adamlara, ylaýta-da, çagalara uzak wagtlap durmak, gezmek, oýnamak howpludyr. Eger-de Gün şöhlesi bilen çaganyň bedenini taplamak we gezmeletmek isleseňiz, onda çagalaryňyzy ir säher bilen hem-de öýlän, Gün agandan soňra gezdirip bilersiňiz. Çagalar güneşli howada gezdirilse, olaryň endamy Güne ýanmaly däldir. Kelleleri hökman ýeňiljek başgaply, endamlary ýeňil egin-baş geýdirilen bolmalydyr. Kiçi ýaşly çagalary ýiti Gün şöhlelerine çykarmak maslahat berilmeýär.

Gün şöhlesiniň adam saglygy üçin peýdaly taraplary köpdür. Ol keýpiňi göterýär, saglygyňy kadalaşdyrýar. Şeýle bolsa-da, Gün urmakdan goranmaly. Gün urma howanyň gaty gyzmagynyň we Gün şöhleleriniň ýitileşmeginiň täsiri netijesinde döreýär.

Dursun GÜLSARYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 1-nji saglyk öýüniň lukmany.