Ga­wu­nyň sag­ly­ga peý­da­sy

11 Awgust 2023
454

Ýa­kym­ly ysy bi­len bark ur­ýan dat­ly ga­wun­lar türk­men top­ra­gy­nyň nyg­mat­la­ry­nyň bi­ri­dir. To­mus pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len bu bak­ja önüm­i türk­men sa­ça­gy­nyň be­ze­gi­ne öw­rül­ýär. Ga­wu­nyň 40-a go­laý gör­nü­şi bolup, şo­la­ryň ara­syn­da wa­har­man, gür­bek, gü­la­by, tar­ta­ry öz­bo­luş­ly ta­ga­my bi­len saý­lan­ýar. Bu bak­ja önü­mi­niň düzümi, esa­san, suw­dan ybaratdyr. Ga­wu­nyň dü­zü­mi sü­ýü­me baý bo­lup, adam sag­ly­gy üçin peý­da­ly A, C, B1, B2, B5 wi­ta­min­le­ri, ug­le­wod­la­ry hem-de ka­liý, nat­riý, kal­siý, mag­niý, fos­fat ýa­ly mad­da­la­ry özün­de jem­le­ýär. Ga­wu­n sag­lyk üçin örän peý­dalydyr.

Im­mu­ni­te­ti güýç­len­dir­ýär. Ga­wu­nyň dü­zü­min­dä­ki ka­liý we C wi­ta­mi­ni im­mu­ni­te­ti güýç­len­di­rip, be­de­niň ke­se­le gar­şy du­ru­jy­lyk uky­by­ny üp­jün ed­ýär.