Ýörelgämiz — sagdyn durmuş

14 Awgust 2023
529

Şu günler ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi zähmet rugsadynda bolup, olaryň köpüsi Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň göreldesine eýerip, ýolbaşçylar işjeň dynç alyp, wagtlaryny peýdaly geçirýärler. Munuň üçin syýahatçylyk zolagynda hemme amatly we oňaýly şertler bar.

Şeýle dynç alyş günleriniň birinde ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi welosipedli ýörişe çykdy. Hazar deňziniň kenarynda guralan bu çäreden görnüşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ýaýbaňlandyrmakda, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda welosiped sporty bilen meşgullanmagy wagyz etmekde görkezýän şahsy göreldesi ählihalk goldawyna eýe bolýar.

«Nesil».