"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Milli oýunlaryň ähmiýeti

Bilşimiz ýaly, milli oýunlaryň taryhy, gelip çykyşy ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryny, halkymyzyň geçmişini hem öwrenmäge ýardam edýär. Oýunlaryň, güýmenjeleriň döreýşi halkyň taryhy, durmuş we ýaşaýan ýeriniň şertleri bilen gös-göni baglanyşyklydyr. Parfiýa we orta asyr ýadygärliklerinden ýüze çykarylan haýwanlaryň, adamlaryň palçykdan ýasalan şekilleriniň tapyndylary diňe bir dini manyda bolman, olar oýnawaç hökmünde hem ulanylypdyr diýlip çak edilýär. XI asyra degişli Gökdepe ýadygärliginden, Murgap etrabynyň XI-XII asyrlara degişli Köşk diýen ýadygärliginden ýüzüne düzzüm şekilli çyzylan daş kerpiçler tapylýar. Başga ýadygärliklerden hem köp sanly küşt, peçiz oýnalýan şekiller, aşyklaryň dürli görnüşleri tapylýar.

Futbol dünýäsinde

1964 — 1968-nji ýyllarda Ispaniýanyň ýygyndy toparynda oýnan Hesus Manuel Dewota futboldan daşgary gaýyk küreklemek boýunça ýaryşlara-da gatnaşyp, 2 gezek Olimpia medalyny gazanypdyr. Şol ýygyndy toparyň ýene bir oýunçysy Mesa Lusido bolsa futbol oýnamagyny bes edenden soň, 1968-nji ýylda Moskwa şäherinde geçirilen Çaýkowskiý adyndaky konkursda Barselonanyň simfoniki orkestriniň düzüminde çykyş edipdir. * * *

Taryhda şu gün

Bu duşuşygy netijeli geçiren Wengriýanyň ýygyndy topary garşydaşyndan 6:3 hasabynda üstün çykmagy başarypdy. Mundan öň «Uemblide» diňe bir duşuşykda – 1949-njy ýylda Irlandiýanyň ýygyndy toparyndan 0:1 hasabynda ýeňlen angliýaly futbolçylar dessine «haklaşyk» duşuşygyny guramagy teklip edýärler. 1954-nji ýylyň 23-nji maýynda Budapeştde geçirilen duşuşykda hem Wengriýanyň milli ýygyndysynyň uly hasaply (7:1) ýeňiş gazanandygyny bellemek gerek.

Saglygym – baş baýlygym

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde halkymyzyň saglygy hakyndaky alada döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi. Hut şunuň esasynda hem, ynsan saglygy hakynda alnyp barylýan işleriň derejesi barha kämilleşdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýady goýlan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda gurlan döwrebap hassahanalaryňdyr saglyk merkezleriniň mümkinçilikleri bolsa munuň üstüni ýetirýär. Şeýle binalaryň gurluşygynyň yzygiderli alnyp barylýandygy bolsa ynsan saglygyny baş baýlygyna deňeýän döwletde bu ugurdaky aladalaryň hiç wagt ünsden düşürilmejekdiginden nyşandyr. Bu ugurda täze bina edilen Arkadag şäheri hem uly mümkinçiliklere eýedir.

Futbol täzelikleri

«Merwiň» AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş edýändigi bilen bagly Mary şäheriniň toparynyň 27-nji tapgyrda «Köpetdag» bilen duşuşygy wagtyndan öň geçirildi. Şeýlelikde, Mary şäherindäki «Sport toplumy» stadionynda geçirilen duşuşykda «Köpetdag» garşydaşyndan 1:0 (Orazgeldi Seýidow) hasabynda üstün çykdy. Gazanan bu ýeňşinden soň 25 utuk toplan bu topar ýaryş tertibinde dördünji orna geçdi. 12 utugy bolan «Merw» 8-nji orny eýeleýär.

Sportuň durmuş-ykdysady galkynyşa täsiri

Bedenterbiýe we sport hereketlerini durmuşa geçirmek üçin ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, adamlaryň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga bolan isleglerini kanagatlandyrmak, türkmen sportuny ýokary derejelere çykarmak, şeýle hem sport bilen meşgullanýan ruhubelent ýaşlary kemala getirmek boýunça giň gerimli işler göz öňünde tutulýar. Türkmenistan sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şonuň netijesinde Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi we beýleki iri sport guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Soňky ýyllarda Watanymyz sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýän merkezi hökmünde ykrar edildi. Paýtagtymyzda sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy halkara ýaryşlary iň ýokary derejede guramaga mümkinçilik berdi. 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň we oňa taýýarlygyň çäklerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça sebit hem-de yklym derejesindäki halkara ýaryşlaryň geçirilmegi ýurdumyz üçin gymmatly tejribe boldy. 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň hem-de «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň guramaçylyk derejesi bolsa täze sport merkeziniň kemala gelendigin

Parahatçylyk we dostluk dünýä ýaýylýar

Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty toplumyna gadam basanyňdan, buýsançly pikirler, ýakymly pursatlar seriňe dolýar. Çünki soňky ýyllarda bu toplum halkara ýaryşlardan ýeňiş bilen dolanyp gelýän türkmenistanly türgenleriň gazanan üstünlikleriniň dabaralanýan ýerine öwrüldi. Yhlasdyr tagallalaryň, maksadaokgunlylygyň, erjelligiň we tebigy zehiniň sazlaşygyndan hasyl bolýan uly ýeňişleriň eçilýän ruhy baýlygynyň gymmaty bimöçberdir. Ol ruhy baýlyk diňe bir üstünlik gazanan türgende däl, eýsem, şatlykly pursatlara şärik bolýan ildeşlerimiziň islendiginde-de ýakymly duýgulary oýarýar. Geljege ynamly garamaga, kesbiňden kemal tapyp, Watanyň şöhratyny beýgeltmäge, il-güni begendirmäge bolan hyjuwyňy artdyrýar. Diýmek, sportda gazanylýan ýeňişler diňe türgenlerimiziňki däl-de, eýsem, her birimiziňkidir. Ynha, hakydamyzda şular ýaly ýakymly pursatlar bilen orun alan paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumy 23 — 28-nji noýabr aralygynda iri halkara sport ýaryşynyň — Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň geçirilýän merkezi hökmünde dünýäniň çar künjeginden türgendir tälimçileri, sport hünärmenlerini myhman alyp, baýramçylyk ruhuna beslenýär. Güýzüň ahyryndaky ajaýyp günlerde guralýan abraýly ýaryşa gatnaşmaga gelen türgenler, tälimçiler, eminler, hünärmenler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýlekiler ýakynda Ý

Dabarasy ýyllara barabar sport baýramy (Kuraş — 2023)

Mälim bolşy ýaly, 23-nji noýabrda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň dabaralaryna badalga berildi. Türkmen sportunyň taryhyna nobatdaky ajaýyp sahypa bolup ýazyljak bu iri sport baýramçylygyna Türkmenistan we türkmen türgenleri ýokary derejede taýýarlyk gördi. Şu gün bolsa, Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda çempionatyň açylyş dabarasy geçiriler.

Kuraş — 2023: Myhmanlar üçin medeni maksatnama

Şu gün — 24-nji noýabrda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň myhmanlaryny ak mermerli paýtagtymyzyň gözel ýerleri bilen tanyşdyrmak üçin gezelenç guraldy. Dürli ýurtlara wekilçilik edýän myhmanlar ýurdumyzyň taryhy-medeni gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdyryldy.

Talyplar bäsleşdiler

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli mekdebimiziň talyplarynyň arasynda «Sport ruhubelentligiň girewidir!» diýen at bilen sport bäsleşigini geçirdik. Onda talyplar özara toparlara bölünip, futbol, woleýbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça bäsleşdiler. Çekeleşikli we gyzykly geçen duşuşyklar sporta höwesek ýaşlaryň kämilligini artdyrmaga ýene bir mümkinçilik boldy. Ýaryşlaryň dowamynda mekdebimiziň «Bagtyýarlyk» we «Galkynyş» toparlarynyň talyplary aýratyn tapawutlandylar. Ýaryşlara işjeň gatnaşanlary Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylagladyk. Talyp ýaşlar şeýle bäsleşikleriň olaryň sporta bolan höwesini, söýgüsini has-da artdyrýandygyny ruhubelentlik bilen bellediler.

Sagdyn bedende — sagdyn ruh

Tejen etrabynyň sport mekdebinde woleýbol ýaryşy geçirildi. Etrap häkimliginiň, etrap kazyýetiniň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda “Sagdyn bedende — sagdyn ruh” ady bilen geçen ýaryşa degişli edaralaryň toparlary gatnaşdy. Zähmetkeşleri köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta çekmek, sportuň dürli ugurlary boýunça güýçlüleri ýüze çykarmak, sport ussatlyklaryny ýokarlandyrmak hem-de höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryş turuwbaşdan çekeleşikli boldy. Onda toparlar ýeňiş gazanmak ugrunda özaralarynda gyzykly duşuşyklary alyp bardylar.

Ýa­po­ni­ýa­da «Toyo­ta­ly­la­ra» taý ta­pyl­ma­dy

Dün­ýä Ral­li çem­pio­na­tyn­da möw­sü­miň iň soň­ky, 13-nji ýa­ry­şy Ýa­po­ni­ýa­nyň Çu­bu sebitinde ge­çi­ril­di. «Toyo­ta» sta­dio­nyn­dan baş­la­nan 22 tap­gyr­dan yba­rat bo­lan ýa­ryş­da 304,66 ki­lo­metr ara­ly­gy «Toyo­ta Ga­zoo» to­pa­ry­nyň bri­ta­ni­ýa­ly sü­rü­ji­si El­fin Ewans 1-nji orun­da ta­mam­la­dy. 3 sagat 32 mi­nut 08,8 se­kunt­da pel­le­ha­na ge­len Ewans kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça 8-nji ýeň­şi­ni ga­zan­dy. Ýa­ryş­da 2-nji ýe­re «Toyo­ta Ga­zoo» to­pa­ry­nyň baş­ga bir sü­rü­ji­si, fran­si­ýa­ly Se­bas­ti­an Ožie, 3-nji or­na-da çem­pi­on­ly­gy­ny öň yg­lan eden finl­ýan­di­ýa­ly Kal­le Ro­wan­pe­ra my­na­syp bol­dy. Şun­luk­da, «Toyo­ta Ga­zoo» to­pa­ry öz ýur­dun­da mün­be­riň 3 basgançagyny hem eýe­le­di. 51-nji ge­zek ge­çi­ri­len Dün­ýä Ral­li çem­pio­na­tyn­da «Toyo­ta Ga­zoo» to­pa­ry­nyň finl­ýan­di­ýa­ly sü­rü­ji­si 250 utuk top­lap, bas­syr 2-nji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. El­fin Ewan­syň 2-nji ýe­ri eýe­län möw­sü­min­de bel­gi­ýa­ly Ti­er­ri Noý­will («Hy­un­dai Shell Mo­bis») 3-nji or­na my­na­syp bol­dy.

Wers­tap­pen Wet­tel bi­len deň­leş­di

For­mu­la 1 bo­ýun­ça möw­sü­miň 21-nji ýa­ry­şy ABŞ-nyň Ne­wa­da şta­ty­nyň Las We­gas şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. Bu şä­her­de il­kin­ji ge­zek ge­çi­ri­len ýa­ryş­da-da «Red Bull» to­pa­ry­nyň ni­der­land sü­rü­ji­si Maks Wers­tap­pen ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol ag­şa­ma­ra ge­çi­ri­len ýa­ryş­da 50 aý­la­wy 1 sa­gat 29 mi­nut 08,289 se­kunt­da ta­mam­la­dy. Bu onuň bas­syr 6-njy, möw­süm­dä­ki 18-nji ýeň­şi hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça-da 53-nji ýeň­şi­ni ga­za­nan Wers­tap­pen bu ugur­da 3-nji orun­da­ky Se­bas­ti­an Wet­tel bi­len deň­leş­di. Bu gör­ke­zi­ji bo­ýun­ça Lýu­wis Ha­mil­ton (103) bi­len Mi­ha­el Şu­ma­her (91) 1–2-nji orun­la­ry eýe­le­ýär­ler. Wers­tap­pen­den 2,070 se­kunt yza ga­lan «Fer­ra­ri» to­pa­ry­nyň mo­na­ko­ly sü­rü­ji­si Şarl Lek­ler 2-nji, 2,241 se­kunt soň pel­le­ha­na­dan ge­çen ýe­ňi­ji­niň mek­si­ka­ly to­par­da­şy Ser­hio Pe­res 3-nji or­na my­na­syp bol­dy.

Çem­pi­on soň­ky ýa­ryş­da bel­li bo­lar

Mo­to GP bo­ýun­ça möw­sü­miň ta­mam­lan­ma­gy­na 1 ýa­ryş gal­sa-da çem­pi­on en­tek bel­li däl. Çem­pi­on­lyk ug­run­da 2 sü­rü­ji­niň ara­syn­da ýi­ti gö­reş do­wam edip, ýe­ňi­ji iň soň­ky bäs­le­şik­de bel­li bo­lar. Möw­sü­miň 19-njy ýa­ry­şy Ka­ta­ryň Lu­sa­il şä­he­rin­de ge­çi­ri­lip, şä­he­riň ady­bir hal­ka­ra tras­sa­syn­da­ky ýa­ryş­da «Gre­si­ni Racing Ducati» to­pa­ry­nyň ital­ýan sü­rü­ji­si Fa­bio Di Jan­nan­to­nio ýe­ňiş ga­zan­dy. Kar­ýe­ra­syn­da­ky il­kin­ji ýeň­şini baý­ram eden Di Jan­nan­to­nio 22 aý­la­wy 42 mi­nut 43,654 se­kunt­da geç­me­gi ba­şar­dy. Ýa­ryş­da sa­na­wyň li­de­ri, ita­li­ýa­ly pi­lot Fran­çes­ko Ba­naia («Ducati Le­novo») 2-nji, baş­ga bir ital­ýan sü­rü­ji­si Lu­ka Ma­ri­ni («Moo­ney VR46 Racing») 3-nji ýe­ri eýe­le­di. Çem­pi­on­lyk ug­run­da 2-nji ýer­de bar­ýan «Pri­ma Pra­mac» to­pa­ry­nyň is­pan sü­rü­ji­si Hor­ge Mar­tin Ka­tar «Gran Pri­si­ni» 10-njy bo­lup ta­mam­la­dy.

Braziliýanyň ýygyndysynda ilkinji şowsuzlyklar

Ýe­ne-de 3 ýyl­dan De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da ge­çi­ril­jek FI­FA Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň Gü­nor­ta Ame­ri­ka saý­la­ma zo­la­gyn­da 5-6-njy du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­di. Dün­ýä­niň 5 ge­zek çem­pio­ny Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy şol 2 du­şu­şyk­da-da ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy.

EURO 2024-iň saýlama tapgyry tamamlandy

Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­nyň saý­la­ma du­şu­şyk­la­ry­nyň to­par­ça­la­ýyn tap­gy­ry ta­mam­lan­dy. Çem­pio­nat­da çy­kyş et­jek 24 ýy­gyn­dy­nyň 21-si bel­li bo­lup, ga­lan 3-si gel­jek ýy­lyň mart aýyn­da ge­çi­ril­jek pleý-off tap­gy­ryn­dan soň kes­git­le­ner. Bu ugur­da to­par­ça­la­ryn­da 3-4-nji or­ny eýe­län­ler Mil­let­ler Li­ga­syn­da­ky ýer­le­ri­ne gö­rä kes­git­le­nip, mart aýyn­da­ky du­şu­şyk­la­ra gat­na­şar­lar.

Bijeler 2-nji dekabrda çekiler

Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­nyň fi­nal tap­gy­ry­nyň bi­je­le­ri 2-nji de­kabr­da (şen­be gü­ni) çe­ki­ler. Bi­je çe­ki­liş da­ba­ra­sy Ger­ma­ni­ýa­nyň Ham­burg şä­he­rin­dä­ki «Elbp­hil­har­mo­nie» kon­sert za­lyn­da ge­çi­ri­ler. Bi­jä la­ýyk­lyk­da, ýer eýe­si Ger­ma­ni­ýanyň ýygyndysy bi­len bir ha­tar­da, Por­tu­ga­li­ýanyň, Fran­si­ýanyň, Is­pa­ni­ýanyň, Bel­gi­ýanyň hem-de Ang­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry 1-nji tor­ba­dan bi­je çe­ki­li­şe gat­na­şar­lar. Olar her to­par­ça­nyň esa­sy fa­wo­ri­ti bo­lar. Soň­ky çem­pi­on Ita­li­ýa bol­sa 4-nji tor­ba­ düş­di. Pleý-off tap­gy­ry

Azi­ýa­da uly ha­sap­ly ýe­ňiş­ler

Dün­ýä Ku­bo­gy 2026-nyň saý­la­ma du­şu­şyk­la­ry­nyň Azi­ýa zo­la­gy­nyň 2-nji tap­gy­ry­nyň du­şu­şyk­la­ry­na ba­dal­ga be­ril­di. To­par­ça­lar­da il­kin­ji 2 du­şu­şyk ge­çi­ril­di. Esa­san hem, 1-nji du­şu­şyk­lar­da uly ha­sap­ly ýe­ňiş­ler bel­li­ge alyn­dy. «A» to­par­ça­da Ka­tar öz meý­dan­ça­syn­da Ow­ga­nys­ta­ny 8–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. Du­şu­şyk­da Al­mo­ez Ali 4 gol ge­çir­di. Ka­tar 2-nji du­şu­şy­gyn­da myh­man­çy­lyk­da Hin­dis­ta­ny 3–0 ha­sa­byn­da ut­dy. Ali bu du­şu­şyk­da-da 1 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy. «B» to­par­ça­da Ýa­po­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 2 du­şu­şy­gyn­da 5–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Aýa­se Ueda 1-nji oýun­da 3 (11, 45+4, 50), 2-nji du­şu­şyk­da-da 2 (37, 40) gol geçirdi. Şeý­le-de, beýleki gollary Mýan­ma­nyň der­we­ze­sin­den Ka­ma­da (28) bi­len Do­an (86), Si­ri­ýa­nyň der­we­ze­sin­de­nem Ku­bo (32), Su­ga­wa­ra (47) hem-de Ho­so­ýa (82) girizdi. «C» to­par­ça­da Sin­ga­pu­ry Ýew­ro­pa­da çy­kyş ed­ýän ýyl­dyz­la­ry­nyň ge­çi­ren gol­la­ry bi­len 5–0 ha­sa­byn­da ýe­ňen Gü­nor­ta Ko­re­ýa myh­man­çy­lyk­da Hy­ta­ýyň ýy­gyn­dy­sy­nyň der­we­ze­sin­den jo­gap­syz 3 gol ge­çir­di. Gol­la­ryň 2-si­ni Hyn Min Son (11 p, 45) öz ady­na ýaz­dyr­dy. «D» to­par­ça­da çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da Ma­laý­zi­ýa öz meý­dan­ça­syn­da Gyr­gy­zys­ta­nyň ýy­gyn­dy­syn­dan 4–3 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Ma­laý­zi­ýa myh­man­çy­lyk­da Hy­taý Taý­pe­ý

Hepdäniň esasy duşuşyklary

24-nji noýabr Al-Ittifak – Al-Ittihad (20:00)

Kuraş boýunça Dünýä çempionaty — 2023: şanly toýa myhman gelýär çar ýandan

Sport üçin serhet ýok. Dünýäniň haýsy künjünde ýaşasaň hem, ol özüne çekäýýär. Sportuň göwün söýen görnüşi üçin gijeleriň süýji ukusyndan geçýän, ýol söküp, ýaryşlara onuň geçýän ýerinde tomaşa etmek üçin hiç hili serişde gaýgyrmaýan millionlarça janköýer bar. Ynha, şu günler başa-baş söweş sungatlarynyň muşdaklarynyň nazary sportuň we dostlugyň ýurdy Türkmenistanda, onuň ajaýyp paýtagtynda. Sebäbi merjen şäherimiz Aşgabat Kuraş boýunça dünýä çempionatyny kabul edýär. Gazetimiziň geçen sanynda çempionata gatnaşjak ýygyndylaryň Aşgabat şäherine gelip başlandygy, olaryň Olimpiýa şäherçesindäki «Türgenler» myhmanhanasynda ýerleşendigini habar beripdik. Düýn bolsa olar türgenleşiklerini ýaryşyň geçjek ýerinde — Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda alyp bardylar.