Dünýä Kubogy 2026-nyň saýlama duşuşyklarynyň Aziýa zolagynyň 2-nji tapgyrynyň duşuşyklaryna badalga berildi. Toparçalarda ilkinji 2 duşuşyk geçirildi. Esasan hem, 1-nji duşuşyklarda uly hasaply ýeňişler bellige alyndy.
«A» toparçada Katar öz meýdançasynda Owganystany 8–1 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda Almoez Ali 4 gol geçirdi. Katar 2-nji duşuşygynda myhmançylykda Hindistany 3–0 hasabynda utdy. Ali bu duşuşykda-da 1 gezek tapawutlandy. «B» toparçada Ýaponiýanyň ýygyndysy 2 duşuşygynda 5–0 hasabynda ýeňiş gazandy. Aýase Ueda 1-nji oýunda 3 (11, 45+4, 50), 2-nji duşuşykda-da 2 (37, 40) gol geçirdi. Şeýle-de, beýleki gollary Mýanmanyň derwezesinden Kamada (28) bilen Doan (86), Siriýanyň derwezesindenem Kubo (32), Sugawara (47) hem-de Hosoýa (82) girizdi. «C» toparçada Singapury Ýewropada çykyş edýän ýyldyzlarynyň geçiren gollary bilen 5–0 hasabynda ýeňen Günorta Koreýa myhmançylykda Hytaýyň ýygyndysynyň derwezesinden jogapsyz 3 gol geçirdi. Gollaryň 2-sini Hyn Min Son (11 p, 45) öz adyna ýazdyrdy. «D» toparçada çekeleşikli geçen oýunda Malaýziýa öz meýdançasynda Gyrgyzystanyň ýygyndysyndan 4–3 hasabynda üstün çykdy. Malaýziýa myhmançylykda Hytaý Taýpeýini bolsa iň kiçi hasap bilen ýeňlişe sezewar etdi. «E» toparçada Eýranyň ýygyndysy Azmunyň (12, 15), Tareminiň (87) hem-de Rezaianyň (90+2) gollary bilen Gonkongyň ýygyndysyny 4–0 hasabynda ýeňdi. Aşgabatda Özbegistanyň ýygyndysyndan 3–1 (Şukurow 57, 77, Şomurodow 90+1 — M. Durdyýew 44) hasabynda asgyn gelen ildeşlerimiz myhmançylykda Gonkongyň ýygyndysy bilen 2–2 hasabynda deňme-deň oýnady. Ruslan Mingazowyň gollary (4, 36) bilen 2 gezek öňe saýlanan ildeşlerimize ýer eýelerinden Won Wai (12) hem-de Kamargo (65) jogap berdi. Özbegistan bilen Eýranyň arasyndaky duşuşykda-da ýeňiş gazanan bolmady. Rezaian (14) hem-de Tareminiň (38) gollary esasynda 2–0 öňe saýlanan Eýranyň ýygyndysynyň derwezesinden hasaby deňlän gollary Urunow (52) bilen Sergeýew (83) geçirdi.