Formula 1 boýunça möwsümiň 21-nji ýaryşy ABŞ-nyň Newada ştatynyň Las Wegas şäherinde geçirildi. Bu şäherde ilkinji gezek geçirilen ýaryşda-da «Red Bull» toparynyň niderland sürüjisi Maks Werstappen ýeňiş gazandy. Ol agşamara geçirilen ýaryşda 50 aýlawy 1 sagat 29 minut 08,289 sekuntda tamamlady. Bu onuň bassyr 6-njy, möwsümdäki 18-nji ýeňşi hökmünde hasaba alyndy. Karýerasy boýunça-da 53-nji ýeňşini gazanan Werstappen bu ugurda 3-nji orundaky Sebastian Wettel bilen deňleşdi. Bu görkeziji boýunça Lýuwis Hamilton (103) bilen Mihael Şumaher (91) 1–2-nji orunlary eýeleýärler.
Werstappenden 2,070 sekunt yza galan «Ferrari» toparynyň monakoly sürüjisi Şarl Lekler 2-nji, 2,241 sekunt soň pellehanadan geçen ýeňijiniň meksikaly topardaşy Serhio Peres 3-nji orna mynasyp boldy.