Sagdyn bedende — sagdyn ruh

24 Noýabr 2023
566

Tejen etrabynyň sport mekdebinde woleýbol ýaryşy geçirildi. Etrap häkimliginiň, etrap kazyýetiniň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda “Sagdyn bedende — sagdyn ruh” ady bilen geçen ýaryşa degişli edaralaryň toparlary gatnaşdy.

Zähmetkeşleri köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta çekmek, sportuň dürli ugurlary boýunça güýçlüleri ýüze çykarmak, sport ussatlyklaryny ýokarlandyrmak hem-de höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryş turuwbaşdan çekeleşikli boldy. Onda toparlar ýeňiş gazanmak ugrunda özaralarynda gyzykly duşuşyklary alyp bardylar.

Atamyrat ATAMYRADOW,
Tejen etrap kazyýetiniň uly kazyýet ýerine ýetirijisi.