Kuraş boýunça Dünýä çempionaty — 2023: şanly toýa myhman gelýär çar ýandan

24 Noýabr 2023
668

Sport üçin serhet ýok. Dünýäniň haýsy künjünde ýaşasaň hem, ol özüne çekäýýär. Sportuň göwün söýen görnüşi üçin gijeleriň süýji ukusyndan geçýän, ýol söküp, ýaryşlara onuň geçýän ýerinde tomaşa etmek üçin hiç hili serişde gaýgyrmaýan millionlarça janköýer bar. Ynha, şu günler başa-baş söweş sungatlarynyň muşdaklarynyň nazary sportuň we dostlugyň ýurdy Türkmenistanda, onuň ajaýyp paýtagtynda. Sebäbi merjen şäherimiz Aşgabat Kuraş boýunça dünýä çempionatyny kabul edýär.

Gazetimiziň geçen sanynda çempionata gatnaşjak ýygyndylaryň Aşgabat şäherine gelip başlandygy, olaryň Olimpiýa şäherçesindäki «Türgenler» myhmanhanasynda ýerleşendigini habar beripdik. Düýn bolsa olar türgenleşiklerini ýaryşyň geçjek ýerinde — Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda alyp bardylar.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».