''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Kärine yhlasly mugallym

Sonagül ýaşlykdan mugallym bolmagy arzuw etdi. Şol arzuwy ony Köýtendag etrabynyň Akgumolam obasyndaky 6-njy orta mekdebi tamamlandan soň, Kerki şäheriniň Rehmet Seýidow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň gapysyndan alyp geldi. Ol bu ýerde yhlas, höwes bilen okady. Okuwyny üstünlikli tamamlap, Köýtendag şäherindäki 4-nji orta mekdepde başlangyç synp mugallymy bolup işe başlady. Sonagül turuwbaşdan söýgüli kärine yhlasly ýapyşdy. Halypa mugallymlaryň sapaklaryna gatnaşdy, olardan sapagy netijeli we täsirli guramagyň usullaryny öwrendi. Yhlas bar ýerinde bolsa mydama üstünligem bar. Gysga wagtyň içinde işiň abyny-tabyny ele alyp, çagalara zamanabap bilim-terbiýe berýän mugallymlaryň hataryna goşuldy. Häzirki wagtda etrapda öz işine ussat mugallym hökmünde tanalýan Sonagül Hezretowa etrabyň başlangyç synp mugallymlarynyň usuly birleşmesine hem ýolbaşçylyk edýär. Ol ýaş mugallymlara, kärdeşlerine okatmagyň täze usullaryny saýlap almakda görelde bolup, ýokary netijeli işlemegiň ýollaryny salgy berýär. Her mugallymyň sapagy talabalaýyk guramagyna, okuwçylaryň sapaga işjeň gatnaşygyny gazanmagyna ünsi çekip, degerli maslahatlaryny berýär. Mugallymlaryň her ýylyň ýanwar we awgust aýlarynda geçirilýän usuly maslahatlarynda özüniň iş tejribesi barada nutuklar bilen çy

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Her bir ynsan saýlap alan hünäriniň ussady bolmak üçin jan aýaman zähmet çekýär. Ýaş nesillerimiziň bilimli, ukyp-başarnykly, zehinli bolmagy ugrunda irginsiz aladalanýan halypa mugallymlaryň biri-de Mary etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň ýokary derejeli başlangyç we rus dili mugallymy Akgözel Esenowadyr. Akgözel mugallym özüniň ugurtapyjylygy, maksada okgunlylygy bilen bilim berýän okuwçylarynyň zehinini, bilimini artdyrmak üçin bar yhlasyny gaýgyrmaýar. Mugallymyň üstünligini onuň özüniň we okuwçylarynyň gazanýan ýeňşinden görmek bolýar. Has takygy, mugallym rus dili dersi boýunça mugallymlaryň arasyndaky onlaýn bäsleşikde 1-nji orna mynasyp boldy we medal bilen sylaglanyldy. Akgözel mugallymyň ýolbaşçylyk edýän synpynyň okuwçylary bolsa, rus dili we matematika dersleri boýunça internet olimpiadalaryna gatnaşyp, birinji derejeli diploma eýe boldular. Şeýle begendiriji üstünlikler okuwçylara mundan beýläk-de okamaga, mugallyma bolsa, jogapkärli işinde yhlasly zähmet çekmäge uly itergi berýär.

Eşretli geljegimiziň gözbaşy

Nesil terbiýesi gadymy halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän iňňän wajyp wezipesidir. Sebäbi, şu günki nesliň bagtyýar geljegi ýaş nesle berilýän bilimde we edep-terbiýede jemlenýär. Halkymyzyň nesil terbiýesi baradaky ýörelgesi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda aýratyn many-mazmun bilen rowaçlanýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işi kämilleşdirilip, maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. Şu aladalar bilim işgärlerine bildirilýän ýokary talaby öňe çykarýar. Has tutanýerli zähmete borçly edýär. Şeýle jogapkärli işiň ýokary netijesiniň okuw-terbiýeçilik işleriniň guramaçylykly ýola goýulmagyna baglydygyndan ugur alýarys. Aslynda, mugallymyň işi juda jogapkärli wezipe. Sebäbi, döwletimiz biz, mugallymlara ertirimiziň abadanlygyny üpjün etmegi ynanýar. Has takygy, geljegimiziň bagtyýarlygy ýaş nesle şu günki berýän bilim-terbiýämiziň hiliniň derejesine baglydyr. Şonuň üçinem her bir bilim işgäri bu hakykata dogry düşünip, hünär borjunyň jogapkärçiligini duýmagy derwaýysdyr.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Bilim ulgamynyň ösüşli menzilleri Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini we tebigy, takyk ugurly dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, berkarar döwletimizde bilim ulgamynyň ösüşli menzillere ýetmegine giň ýollar açylýar. Sapaklaryň döwrebap tehnologiýalar esasynda guralmagy bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda bilim edaralary bilen sanly ulgam arkaly guralýan okuw sapaklary onuň mümkinçilikleriniň giň gerime eýe bolýandygyny alamatlandyrýar.

Hünärli ýaşlar — ýurduň daýanjy

Nebitgaz pudagynyň dünýäniň energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagynda, ýangyç çig mal serişdelerine baý meýdançalardan alynýan «gara altyndyr» «mawy ýangyjy» dünýä bazarlaryna çykarmakda gazanylýan üstünlikler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ugurdaky taýsyz tagallalarynyň miwesidir. Bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nebitgaz serişdelerine baý ýurtlaryň hataryndaky ornuny has-da pugtalandyrýan ata Watanymyzyň ýerasty baýlyklaryny ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirmekde nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Bilşimiz ýaly, «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» degişli döwürde döwletimiziň nebitgaz pudagyny ösdürmek babatda ileri tutulýan ugurlar kesgitlenendir. Maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde nebitgaz senagatyny döwrebaplaşdyrmagyň hasabyna täze innowasion tehnologiýalaryň, öňdebaryjy tehnikalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy, bu ugurda ýokary taýýarlykly ökde hünärmenleriň ýetişdirilmegi işleriň netijeli bolmagyna ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň başarjaň, ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinç

Ylym-bilim — üstünlikleriň binýady

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem beýleki ulgamlar bilen birlikde, ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde amala aşyrylýan işleriň barha rowaçlanmagy ýaş nesillerimiz hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynda hemişe ileri tutulýan ugurdygyny görkezýär. Bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda ylym-bilimli nesilleriň kemala gelmegini gazanmaga, bilim işini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler giň gerime eýe boldy. Geçirilýän bäsleşikler, maslahatlar, sport ýaryşlary we beýleki çäreler ulgamyň kämilleşmegine, bilim işgärleriniň has zehinlilerini ýüze çykarmaga ýakyndan ýardam berýär. Şeýle bäsleşikleriň birini ýakynda welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen geçirdik. Welaýat merkezindäki orta mekdepleriň türkmen dili we edebiýaty mugallymlarynyň arasynda guran bu bäsleşigimizde ähli şertler akyldar şahyrymyzyň ömri we döredijiligi bilen bagly boldy. Şunuň ýaly bäsleşikleri mekdep okuwçylarynyň arasynda hem yzygiderli geçirip durýarys. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, şeýle-de bilim işgärleriniň işini kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýän çäreler oňyn netijelerini-de berýär. Olar halkara ýaryşlarda hem baýrakly orunlary eýeleýärler. Bular ge

Dünýä ölçeglerinde kämilleşýän ulgam

Taryhy ösüşlere beslenýän ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň milli bilim ulgamynda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilip, olar bagtyýar ýaş nesillerimiziň halkara ölçeglere laýyk bilim almaklaryny, ukyp-başarnyklaryny ösdürmeklerini, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmakda örän uly ähmiýete eýedir. Häzirki döwürde «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» we «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň öz oňyn netijelerini berýändigine ýaş zehinlerimiziň halkara derejede geçirilýän ders bäsleşiklerinde yzygiderli gazanýan üstünlikleri aýdyň subutnama bolup durýar. Şeýle konsepsiýalaryň esasynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde, sapaklary döwrebap tehnologiýalar arkaly täsirli guramakda öwgä mynasyp işler ýerine ýetirildi. Muny hormatly Prezidentimiziň: «On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim işini dünýä ölçeglerinde has-da kämilleşdirýäris, sanly bilimi ösdürýäris» diýen sözleri hem aýdyň tassyklaýar.

Aşgabatda tiz öwrenmäge we aň taýdan kämilleşmäge ýardam edýän «IQ007» mekdebi açyldy

Aşgabatda çagalary we ýetginjekleri ösen bilim maksatnamalaryna laýyklykda goşmaça bilim almaga çagyrýan täze bilim merkezi — «IQ007» mekdebi açyldy. Çagalar tiz okap öwrenmek we aň taýdan kämilleşmek, sowatly ýazmak we kalligrafiýa, iňlis dilini suwara öwrenmek, şeýle hem IQ etika ýaly ugurlary aňsatlyk bilen özleşdirip bilerler. «IQ007» mekdebi — rus franşizasy bolup, 10 ýyllyk iş tejribesiniň dowamynda Russiýada we GDA ýurtlarynda 565 sany mekdebi açdy, 3600 sany pedagogy taýýarlady we 350 000-den gowrak okuwçyny okatdy. Bilim taslamasy tejribeli hünärmenler tarapyndan işlenip düzülip, çagalary döredijilige, öz-özüňi aň taýdan kämilleşdirmäge hem-de her bir okuwçynyň mümkinçiliklerini açmaga ruhlandyrýan dürli programmalary, täsirli we özboluşly usullary hödürleýär.

Nazary mehanika: zehinli ýaşlaryň üstünligi

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň guramagynda nazary mehanika dersi boýunça geçirilen III Açyk halkara internet olimpiadasynda türkmen talyplary üstünlikli çykyş etdiler. Oňa 16 döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň 87-sinden zehinli ýaşlar gatnaşdylar. Internet olimpiadasy şahsy we toparlaýyn bäsleşik görnüşinde geçirildi. Şahsy bäsleşikde gatnaşyjylara sekiz meseläni çözmek üçin 240 minut, toparlaýyn bäsleşige gatnaşyjylara bolsa nazary mehanika dersiniň dürli bölümlerine degişli bäş sany meseläni çözmäge 60 minut wagt berildi. Bäsleşigiň ýeňijileri şahsy we toparlaýyn görnüşde hasaba alnyp, meseleleriň dogry ýerine ýetiriliş derejesine görä toplanan utuklaryň jemi bilen kesgitlendi. Olimpiadanyň ýeňijileri birinji, ikinji we üçünji derejeli diplomlar bilen sylaglandylar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň, Hytaýyň, Russiýanyň talyplary öňdäki orunlary eýelediler. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üstünlikli çykyş edip, olaryň 16-sy birinji, 17-si ikinji, 49-sy bolsa üçünji orna mynasyp boldular. Anyk aýtsak, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyndan D.Suwhanberdiýew, G.Gylyçgeldiýewa, Ş.Babamuradow, A.Ýazjumaýewa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden K.Çerkezow, M.Artykow, G.Orazgeldiýew, Oguz han adyndaky

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Görelde sapagyny guramak Edebiýat dersinden okadýan synplarymda Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly temalar boýunça görelde sapaklaryny guradym. Sapakda Magtymguly Pyragy, onuň şygryýet dünýäsi baradaky maglumatlary okuwçylara öwretmek örän ähmiýetlidir. Multimedia tagtasynda şahyryň suratyny, oňa degişli dürli ýyllarda neşir edilen kitaplary, şahyryň goşgy bentleriniň aýdyma öwrülenlerini, ol hakdaky rowaýatlary, Magtymguly barada ýazylan eserleri, «Magtymguly» filmini okuwçylara görkezdim. Okuwçylara ýörite barlagnamalary hödürledim. Synpy iki topara bölüp, şahyryň goşgularyndan ýatdan aýtmak boýunça bäsleşdirdim. Okuwçylara şahyryň goşgularynyň manysy barada sowal berdim. Magtymguly Pyragynyň dürli temalardan döreden goşgularyny okuwçylara gürrüň berdirdim. Döredijilik bilen meşgullanýan okuwçylarym bolsa, çeken suratlaryny görkezdiler. Guran görelde sapagyma okuwçylarym örän işjeň gatnaşdy. Sapagyň ahyrynda okuwçylary oňat bahalar bilen bahalandyrdym.

Sanly bilimiň we innowasion tehnologiýalaryň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny innowasion we tehnologik esasynda ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde kompýuter tehnologiýasynyň ösmegi bilen maglumat alyş-çalşygy täze görnüşlere eýe boldy. Şunda sanly bilimi ösdürmäge, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Öňde duran belent wezipeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär. Bulardan başga-da, bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Ýurdumyz

Körpeleriň sözleýşini ösdürmek

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpe nesle terbiýe berlip, olaryň sözleýşi ösdürilýär. Çagalar baglaryndaky körpeler terbiýeçileriň üns-aladasy bilen gurşalýar. Terbiýeçiler körpeleriň irki ösüşini üpjün etmek, olaryň sözleýşini kämilleşdirmek üçin dürli usullary peýdalanýarlar. Munuň üçin terbiýeçilik ähmiýetli oýunlary peýdalanmak, ertekileri gürrüň bermek ýaly gyzykly usullary peýdalanmak bolar. Çagalar bagynda terbiýelenýän körpeler dürli ugurlara gyzyklanma bildirýärler, olar oýnamagy, tebigatda gezelenç etmegi, ertekileri diňlemegi halaýarlar. Terbiýeçi her bir çaganyň gyzyklanmasyny öwrenip durmalydyr. Olaryň düşünjelerini ösdürip, körpelere terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, netijeli usullary ornaşdyrmak terbiýeçileriň paýyna düşýär. Olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin okatmagyň we terbiýelemegiň işjeň usullaryny ulanmalydyr. Bu usullaryň çaganyň irki ösüşiniň ölçeglerine laýyk gelmegine gözegçilik etmelidir.

Okuwçylarda kitap okamak endigini kämilleşdirmek

Kitap okaýan adamyň ýüregi mähir-muhabbetden, köňli ynsanperwerlikden püre-pür bolýar. Ynsanyň yzygiderli kitap okamagynyň netijesinde söz baýlygy artyp, çalt we sagdyn pikirlenmek ukybyna eýe bolýar. Kitabyň gatlaryna aralaşmak arkaly okyjy dürli täsinlikler bilen tanyşýar, kitap gahrymanlarynyň şatlanan ýerinde şatlanyp, gynanan ýerinde gynanmak duýgularyny başdan geçirýär, taryha öwrülen wakalar bilen tanşyp, edebi mirasymyzy öwrenýär, durmuş gözýetimini giňeldýär. Elbetde, kitap iň gowy dost. Kitap okamagy ýaşlykdan endik edinmeli. Kitap okamaga bolan endigiň gözbaşy maşgaladan gaýdyp, ata-enäniň özi görelde bolup, çagalarda kitap okamaga islegi terbiýelemeli. Ata-eneler tarapyndan çagalaryna suratlar bilen bezelen, çagalar üçin niýetlenilen kitaplaryň sowgat edilmegi, olar bilen bilelikde sesli okalmagy ýa-da gyzykly ertekileriň aýdylyp berilmegi çagalarda kitaba bolan söýginiň ilkinji basgançaklaryny kemala getirýär.

Usuly-amaly maslahat geçirildi

Şu gün Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň guramagynda paýtagtymyzdaky iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen Atatürk adyndaky 57-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda  mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalarynyň, bilim işgärleriniň gatnaşmagynda usuly-amaly maslahat geçirildi. Tomus paslyna taýýarlyk, arassaçylyk kadalary bilen bagly geçirilen usuly-amaly maslahat baý many-mazmuna eýe boldy. Çykyşlarda geljegimiz bolan ýaş nesilleriň okap, kämil bilim almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy, sagdyn durmuş ýörelgesini gündelik durmuşa girizmegi dogrusynda döredilýän ajaýyp mümkinçilikler barada aýdyldy. Şunda tamamlanyp barýan okuw möwsüminde  çagalaryň sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde oňat dynç alyp, wagtlaryny şadyýan geçirmeklerini  talabalaýyk guramak, bildirilýän talaplara jogapkärli çemeleşmek dogrusynda täsirli gürrüň edildi.

Durnukly ösüş maksatlary we ýaşlar

Golaýda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda bäsleşigiň milli hyzmatdaşy bolan S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyp ýaşlary Gazak-nemes uniwersitetiniň guramagynda geçirilen «Merkezi Aziýada, Owganystanda we Mongoliýada Durnukly ösüş maksatlary» atly halkara internet olimpiadasynyň milli derejedäki tapgyryna gatnaşdylar. Bäsleşige 7 döwletiň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň we Mongoliýanyň ýokary okuw mekdepleri gatnaşýar. Onuň maksady Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibinde kesgitlenen 17 maksat we olary durmuşa geçirmegiň wezipeleri boýunça talyp ýaşlaryň bilimine, ylmy-taslama işlerine baha bermekden, bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybarat.

Bilimli nesil — Watanymyzyň daýanjy

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy, saýlap alan ugurlary boýunça ussat hünärmenler bolup ýetişmegi, ata Watanymyza, halkymyza, pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine hormat goýmak ruhunda terbiýelenmegi ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Mekdeplerde daşary ýurt dilleriniň okadylmagy, bilim bermekde dünýäniň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagy ýaşlaryň köptaraply bilim alyp, berkarar döwletimiziň ösüşlerine mynasyp goşant goşjak hünärmenler bolup ýetişmegine oňyn täsirini ýetirýär. Bilim ulgamyna täze hünär ugurlarynyň girizilmegi bilen, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ýokary bilimli işgärler, tejribeli hem-de kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan hünärmenler kemala geldi. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» milli bilim ulgamynyň döwrebap ösmegini şertlendirýär. Çünki sanly bilim ulgamy elektron maglumatlar gorundan peýdalanmagy elýeterli edýär hem-de ulanyjynyň okuw okamakdaky gözleglerine sarp edýän wagtyny ep-esli tygşytlaýar. Şeýle-de internet maglumatlar ulgamy boýunça daşary ýurt tejribesi bilen tanyşmaga, uzak aralykdan olimpiadalardyr ders bäsleşiklerine gatnaşmaga, okuw gollanma

Üstünlikli jemlenen halkara bäsleşik

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Nazary mehanika» dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. Oňa Hytaý Halk Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Saud Arabystany, Türkiýe Respublikasy, Belarus Respublikasy, Rumyniýa ýaly dünýäniň 15 döwletinden 600-den gowrak talybyň gatnaşandygy hasaba alyndy. Geljekki ezber inženerleriň — talyp ýaşlaryň zehin bäsleşigi iki tapgyrda geçirildi. Şahsy we toparlaýyn görnüşde geçirilen bäsleşikde Hytaý Halk Respublikasynyň talyplary iň ýokary netijäni görkezdi. Galyberse-de,  türkmen talyplarynyň görkezen netijesi hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şahsy bäsleşikde talyplarymyz öňdäki  orunlary eýelemek bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň dünýä derejesinde ylym-bilim bermäge ukyplydygyny  subut etdiler. Toparlaýyn bäsleşikde oňyn netije görkezen Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary baýrakly orunlara mynasyp boldy.

Türkmenistanda raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak meýilleşdirilýär

Türkmenistanda uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça döwlet inspektorlaryny taýýarlamak hem-de awiasiýa howpsuzlygy boýunça milli gözegçi ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak işini ýola goýmak meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Öňdebaryjy tejribeler öwrenilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda milli bilim ulgamy innowasion ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, päk ahlakly, ruhy taýdan sagdyn, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünär taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda alnyp barylýan ylmy-barlag ugurlarynyň artdyrylmagy we olaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy, ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-barlag mümkinçilikleriniň utgaşykly peýdalanylmagy üns merkezinde saklanýar. Bu barada ýaş alymlara döwlet tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyndaky dürli ugurlar boýunça ökde hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmegi, ýaş hünärmenleriň ýokary hünär derejesine eýe bolmagyny maksat edinip, degişli hünärler boýunça talyplara bilim bermegiň innowasion usulyndan peýdalanylýar. Talyp ýaşlary taslama we ylmy bäsleşiklere çekmek bilen, olarda ylma tarap ilkinji ädimleriň

Döwrebap ugurlar kämilleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiziň türkmen sportuny köpugurly ösdürmek ugrundaky tagallalary esasynda golaýda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Kibersport» merkezi döredildi. Bu merkez Türkmenistanda, şol sanda uniwersitetde kibersportuň ähli görnüşlerini ösdürmäge, kibertürgenleriň ýaş neslini kemala getirmäge, dürli ýaryşlary geçirmek arkaly ýurdumyzyň zehinli kibertürgenlerini bir ýere jemlemäge, kibersportuň dürli görnüşleri boýunça ýurdumyzyň ýygyndy toparlaryny düzmäge, olary halkara ýaryşlara taýýarlamaga we gatnaşdyrmaga, kibersporty ylmy esasda ösdürmäge ýardam eder. «Kibersport» merkezi kibersport boýunça ýörite tölegli okuwlary alyp barmaga, kibersportuň görnüşlerine kibertürgenleriň ýaş aýratynlyklaryna bagly tälimçilik etmäge, ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda sportuň bu görnüşini ýaýbaňlandyrmaga, mahabatlandyrmaga, ýurdumyzyň ösüşine sanly hem-de maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny çekmek üçin ýaş hünärmenleri taýýarlamaga niýetlenen sanly tehnologiýalar merkezidir.