Hünärli ýaşlar — ýurduň daýanjy

15 Maý 2024
388

Nebitgaz pudagynyň dünýäniň energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagynda, ýangyç çig mal serişdelerine baý meýdançalardan alynýan «gara altyndyr» «mawy ýangyjy» dünýä bazarlaryna çykarmakda gazanylýan üstünlikler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ugurdaky taýsyz tagallalarynyň miwesidir. Bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nebitgaz serişdelerine baý ýurtlaryň hataryndaky ornuny has-da pugtalandyrýan ata Watanymyzyň ýerasty baýlyklaryny ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirmekde nusgalyk işler durmuşa geçirilýär.

Bilşimiz ýaly, «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» degişli döwürde döwletimiziň nebitgaz pudagyny ösdürmek babatda ileri tutulýan ugurlar kesgitlenendir. Maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde nebitgaz senagatyny döwrebaplaşdyrmagyň hasabyna täze innowasion tehnologiýalaryň, öňdebaryjy tehnikalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy, bu ugurda ýokary taýýarlykly ökde hünärmenleriň ýetişdirilmegi işleriň netijeli bolmagyna ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň başarjaň, ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri, ähli şertleri döredip berýär.

Gylyçmämmet Hojagulyýew,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar