Üstünlikli jemlenen halkara bäsleşik

13 Maý 2024
311

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Nazary mehanika» dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. Oňa Hytaý Halk Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Saud Arabystany, Türkiýe Respublikasy, Belarus Respublikasy, Rumyniýa ýaly dünýäniň 15 döwletinden 600-den gowrak talybyň gatnaşandygy hasaba alyndy. Geljekki ezber inženerleriň — talyp ýaşlaryň zehin bäsleşigi iki tapgyrda geçirildi.

Şahsy we toparlaýyn görnüşde geçirilen bäsleşikde Hytaý Halk Respublikasynyň talyplary iň ýokary netijäni görkezdi. Galyberse-de,  türkmen talyplarynyň görkezen netijesi hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şahsy bäsleşikde talyplarymyz öňdäki  orunlary eýelemek bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň dünýä derejesinde ylym-bilim bermäge ukyplydygyny  subut etdiler. Toparlaýyn bäsleşikde oňyn netije görkezen Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary baýrakly orunlara mynasyp boldy.

Jeren AGAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar