Öňdebaryjy tejribeler öwrenilýär

12 Maý 2024
356

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda milli bilim ulgamy innowasion ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, päk ahlakly, ruhy taýdan sagdyn, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünär taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda alnyp barylýan ylmy-barlag ugurlarynyň artdyrylmagy we olaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy, ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-barlag mümkinçilikleriniň utgaşykly peýdalanylmagy üns merkezinde saklanýar. Bu barada ýaş alymlara döwlet tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyndaky dürli ugurlar boýunça ökde hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmegi, ýaş hünärmenleriň ýokary hünär derejesine eýe bolmagyny maksat edinip, degişli hünärler boýunça talyplara bilim bermegiň innowasion usulyndan peýdalanylýar. Talyp ýaşlary taslama we ylmy bäsleşiklere çekmek bilen, olarda ylma tarap ilkinji ädimleriň ädilmegine aýratyn orun berilýär. Bu bolsa talyp ýaşlarda maglumatlary jemlemek we seljermek, özbaşdak pikirlenmek, edebiýat çeşmelerinden netijeli çözgüdi kabul etmek endikleriniň kemala gelmegine getirýär. Munuň özi elektroenergetika ulgamynyň özleşdirilişi babatda dünýä tejribesinden ugur alynýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Kakageldi SARYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň direktory, tehniki ylymlaryň kandidaty.
Beýleki habarlar