Göreldeli mugallym tejribeli bagban

29 Noýabr 2023
444

Saýat etraby barada gürrüň edilende, Türkmenabat — Kerki awtomobil ýolunyň ugruny bezäp oturan miweli baglar her birimiziň göz öňümizde janlanýar. Hawa, etrabyň «Gülüstan» daýhan birleşiginiň bagbanlary datly ir-iýmişleri ösdürip ýetişdirip, ilatyň öz topragymyzda ýetişdirilen önümler bilen üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Jumanyýazowlaryň agzybir maşgalasy hem indi köp ýyldan bäri örküni bagbançylyga baglap, ene ýerden döwlet tapanlaryň biri hasaplanýar. Tutuş maşgala agzalarynyň bagbançylyk bilen meşgullanmaklary bu obanyň ýaşaýjylarynyň aýratynlygydyr.

Maşgalanyň gelni Aýna Ýazmamedowa obada işine ussat, tejribeli bagbanlaryň biri hökmünde tanalýar. Onuň bag ekmegiň inçe syrlaryny birkemsiz ele alandygy gep-sözünden hem, hereketlerinden hem mese-mälim. Asyl käri mugallymçylyk bolsa-da, Aýna gelin bolup gelen gününden bäri gaýynenesi, 30 ýyldan gowrak daýhan birleşiginde topar ýolbaşçy bolup işlän Şasenem eneden bagbançylygy ilik-düwme öwrenýär. Onuň yhlasly zähmetiniň guwandyryjy netijesini maşgalasynyň 2 gektara golaý kärende ýerinde ýetişdirýän miweli baglarynyň bolçulygynda hem görmek bolýar. Ol kärende ýeriniň 1 gektarynda alçanyň, ýene-de şonçarak meýdanda bolsa üzümiň dürli görnüşini ýetişdirýär. Bagban gelin öz melleginde hem miweli agaçlaryň birnäçe görnüşine göwnejaý ideg edýär. Onuň mellek ýerindäki hurma, ülje, şetdaly, alma, nar daragtlarynyň miwelerine isleg barha artýar. Miweli bag nahallaryny sapmak, çyrpmak işlerini Aýnanyň ýanýoldaşy Rüstem öz boýnuna alan bolsa, şänikleriň gögerişine we ýaş nahallaryň suwarylyşyna, boý alşyna ogullary Oraz gözegçilik edýär. Gyzlary Aýlar, Bägül we Güller dagy bolsa çybyklary oturtmak we şänikleri ekmek, ýaş baglary haşal otlardan arassalamak işlerini ýerine ýetirýärler. Şonuň ýaly-da bag nahallarynyň düýbüni ýumşatmak, olary gerekli dökünler bilen iýmitlendirmek, zyýankeşleriň garşysyna göreşmek işleri hem ünsden düşürilmeýär. Jumanyýazowlaryň agzybir maşgala agzalary her ýylda 10—12 müň düýp ýaş bag nahallaryny ýetişdirýärler. Olar soňky ýyllarda miweli agaçlary şänikden köpeltmek usulyny ýola goýdular. Maşgalabaşynyň gürrüň berşine görä, bu usul miweli agaçlardan tiz we ýokary hasyl almakda örän ygtybarlydyr. Häzirki wagtda olar hoz agajyny sapmak arkaly köpeltmek işini tejribede synap görýärler. Olaryň öz melleginde bägülleriň, şeýle-de dermanlyk ösümlikleriň dürli görnüşini ösdürip ýetişdirmek bilen bagly synanyşyklary-da oňyn netije berýär.

Beýleki habarlar