Bilimli nesil — Watanymyzyň daýanjy

13 Maý 2024
266

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy, saýlap alan ugurlary boýunça ussat hünärmenler bolup ýetişmegi, ata Watanymyza, halkymyza, pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine hormat goýmak ruhunda terbiýelenmegi ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Mekdeplerde daşary ýurt dilleriniň okadylmagy, bilim bermekde dünýäniň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagy ýaşlaryň köptaraply bilim alyp, berkarar döwletimiziň ösüşlerine mynasyp goşant goşjak hünärmenler bolup ýetişmegine oňyn täsirini ýetirýär. Bilim ulgamyna täze hünär ugurlarynyň girizilmegi bilen, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ýokary bilimli işgärler, tejribeli hem-de kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan hünärmenler kemala geldi.

«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» milli bilim ulgamynyň döwrebap ösmegini şertlendirýär. Çünki sanly bilim ulgamy elektron maglumatlar gorundan peýdalanmagy elýeterli edýär hem-de ulanyjynyň okuw okamakdaky gözleglerine sarp edýän wagtyny ep-esli tygşytlaýar. Şeýle-de internet maglumatlar ulgamy boýunça daşary ýurt tejribesi bilen tanyşmaga, uzak aralykdan olimpiadalardyr ders bäsleşiklerine gatnaşmaga, okuw gollanmalarynyň, kitaplaryň elektron görnüşinden peýdalanmaga şert döredýär.

Bägül HYDYROWA,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar