Usuly-amaly maslahat geçirildi

14 Maý 2024
355

Şu gün Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň guramagynda paýtagtymyzdaky iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen Atatürk adyndaky 57-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda  mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalarynyň, bilim işgärleriniň gatnaşmagynda usuly-amaly maslahat geçirildi. Tomus paslyna taýýarlyk, arassaçylyk kadalary bilen bagly geçirilen usuly-amaly maslahat baý many-mazmuna eýe boldy.

Çykyşlarda geljegimiz bolan ýaş nesilleriň okap, kämil bilim almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy, sagdyn durmuş ýörelgesini gündelik durmuşa girizmegi dogrusynda döredilýän ajaýyp mümkinçilikler barada aýdyldy. Şunda tamamlanyp barýan okuw möwsüminde  çagalaryň sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde oňat dynç alyp, wagtlaryny şadyýan geçirmeklerini  talabalaýyk guramak, bildirilýän talaplara jogapkärli çemeleşmek dogrusynda täsirli gürrüň edildi.

Bägül BAÝGELDIÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar