''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

«Gämiçiniň jany bir»

ýa-da topraga we tohuma şäriklik Türkmençilikde ata-babadan gelýän «Ekeniňi orarsyň...» diýlen söz bar. Bu jümle gysgadan düşnükli hem bolsa, onuň manysy we ulanylyş örüsi juda giň. Hemme zat: hasyl, rysgal-döwlet, ýagşylyk, hormat-sylag, mähremlik — bularyň hemmesi ynsana öz sarp edişine, uzadyşyna, görkezişine, yhlasyna görä tapylýar. Şu durmuşda nämä mynasyp bolsaň, diňe şol zatlar özüňe nesip edýär.

Arzuwlaryň hasyl bolan zamanasy

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň iňlis dili we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynda Milli Liderimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden taryhy çykyşyndan gelip çykýan wezipeler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Mugallymlar Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşynda Magtymguly Pyragynyň ömür-döredijiligini, edebi mirasyny ýurdumyzda we daşary ýurtlarda öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek ugrunda alnyp barylýan işleriň örän möhüm ähmiýete eýedigi baradaky aýdanlaryna aýratyn uly üns berdiler. Bu işe kafedranyň mugallymlary hem uly goşant goşýarlar. Olar öz ynsanperwer garaýyşlary bilen her bir ynsana, bütin adamzada söýginiň, ählumumy sazlaşygyň dogry ýoluny salgy berýän beýik şahyryň ömrüne we döredijiligine degişli gymmatly maglumatlary toplaýarlar, ylmy işleri bilen bilen gazetlerde, internet saýtlarynda çykyş edýärler. Çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň wesýetlerine wepaly halkymyzyň agzybirligi, tutanýerliligi, maksada okgunlylygy, ata Watanyna bolan beýik söýgüsi bilen ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýetilýän belent sepgitler barada hem jikme-jik aýdyldy. Türkmenistanda beýik şahyrymyzyň arzuwlan zamanasynyň berkarar bola

Ylym — innowasion ösüşiň binýady

Ýurdumyzda ylmyň hakyky manysyndaky ösüşi türkmen halkynyň Milli Lideri, alym Arkadagymyzyň ylym-bilim ulgamynda başyny başlan beýik başlangyçlary, şeýle hem bu işleri mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň giň gerimli döwlet syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Häzir ulgamdaky özgertmeler özüniň ajaýyp miwelerini eçilýär. Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda-da ylym-bilim ulgamynyň ösüşleri, halypa alymlaryň, ýaşlaryň bu ugry ösdürmäge goşýan goşandy barada gymmatly maglumatlar öz beýanyny tapýar. Türkmenistanda innowasion senagat, bäsdeşlige ukyply innowasion ykdysadyýet kemala gelýär. Döwlet durmuşynyň ileri tutulýan wezipelerine, şol sanda ylmy ösdürmek bilen bagly işlere möhüm ähmiýet berilýär, dünýäniň öňdebaryjy tejribesi nazara alnyp, ylym ulgamynda düýpli işler amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, dünýä siwilizasiýasynyň, medeniýetiniň ösüşlerine goşan goşandyny beýik akyldarlarymyzyň edebi, ylmy mirasyny öwrenmek we dünýä ýaýmak babatda hem möhüm ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär.

Ylym — ösüşleriň binýady

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilimiň kämilleşmegine aýratyn üns berlip, bu ugurda netijeli işler alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň baý durmuş tejribesine esaslanyp, ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni aň-bilim, beden taýdan ösüşine, döwrebap bilim-terbiýesine, şeýle hem jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Şonuň üçin ylmyň dürli ugurlaryndan kämil hünärmenleri taýýarlamakda işler üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň üçin ylmyň ugurlaryna, sanly tehnologiýalara aýratyn ähmiýet berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylymly-bilimli, sagdyn, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga başarnykly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda netijeli zähmet çekmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, ýurdumyzyň milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, okuw maksatnamalary milli ýörelgelere laýyklykda kämilleşdirilýär. Täze tehnologiýalar, sanly ulgam giňden ornaşdyrylýar.

Atlary iýmitlendirmegiň täze tehnologiýalary

Dünýä meşhur ahalteke atlarynyň gözelligine, ýyndamlygyna, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde ösüp ýetişen ösümliklerden taýýarlanylan ot-iýmleri kabul etmeginiň hasabyna eýe bolandygy hemmelere mälimdir. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň ýerli tebigy we toprak-howa şertlerinde ösüp ýetişen ösümlikleri, olaryň miweleri, däneleri hem-de olardan galýan önümçilik galyndylary bilen bilelikde ulanmak arkaly täze tehnologiýalar esasynda iým garyndysyny öndürmegi maksat edindik. Häzirki zaman iým garyndysy diňe bir atyň energiýa we ýokumly maddalara bolan talabyny üpjün etmän, eýsem, onuň umumy immun ulgamynyň kadaly ýagdaýda bolmagyny hem üpjün etmelidir. Şu nukdaýnazardan, biziň öndüren iým garyndymyzyň düzümine adaty däl goşundylaryň, ýagny bakja ekinleri bolan – kädiniň we garpyzyň ununyň girizilmegi atyň immun ulgamynyň kadalaşmagyna peýdaly täsirini ýetirýär. Şeýle hem bu goşundylaryň girizilmegi atyň bedeniniň witaminler bilen üpjünçiliginiň has-da gowulanmagyny, kesellere durnuklylygynyň ýokarlanmagyny üpjün etmeli. täze iým garyndysynyň ähmiýeti dogrusynda geçirilen ylmy-barlag işleri onuň artykmaç hem-de ýetmezçilik taraplaryny ýüze çykarmaga mümkinçilikleri döretdi.

Dil bilene ýollar açyk

Adam näçe köp dili bildigisaýyn, şonça-da medeniýetli bolýar, gözýetimi giňeýär. Sebäbi dilleriň üsti bilen halklaryň ruhy hazynasyna aralaşýarsyň. Diller halklary dostlaşdyrýar, bir-birine ýakynlaşdyrýar. Dil öwrenmäge isleg bolanda, bu arzuwyňy amala aşyrmak hiç haçan giç däldir. Esasy zat dil öwrenmäge islegiň bolmagydyr. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýaş nesle eýýäm çagalar baglarynda dilleriň birnäçesi öwredilýär. Mekdebimizde ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçiren «Dünýä dilleri» atly edebi söhbetdeşligimizde diňe bir bular hakynda däl, eýsem, hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen ýaşlara dünýä dilleriniň birnäçesiniň häzirkizaman usullary, kämil okuw kitaplary, elektron kitaplardyr sözlükler, okuw gollanmalary esasynda çuňňur öwredilýändigi hakynda gyzykly çykyşlar guraldy. Bu çärede Magtymguly Pyragynyň we beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerinden parçalaryň türkmen, iňlis, rus dillerinde ýatdan okalmagy oňa gatnaşýan mugallymlarda we ata-enelerde ýakymly täsirleri galdyrdy.

Pederleriň ýoly – nusgalyk mekdep

Adamzadyň ýaşaýyş-durmuşyny ylym-bilimsiz göz öňine getirmek asla mümkin däl. Ylym-bilim adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň geljegini, geçmişini, kuwwatyny, ykdysady ösüşini kesgitleýän esasy görkezijileriň biri ylym-bilim pudagy bolup durýar. Ylymyň we bilimiň mazmuny we hili, onuň elýeterliligi aýratyn şahsyýetiň isleglerine laýyk gelmegi köp babatda häzirkizaman jemgyýetiniň intellektual mümkinçilikleriniň ýagdaýyny kesgitleýär. Bu ulgama maglumat we innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň esasynda ony çalt depginler bilen ösdürmek milli derejede ileri tutulýan möhüm ugur bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän bilim özgertmeleri häzirki wagtda türkmen ýaşlarynyň kämil derejede bilimli bolup ýetişmeklerini üpjün edýär. Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän alada öz miwesini hem berýär. Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlar kemala gelýär. Soňky ýyllarda halkara ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýan talyplarymyzyň, mekdep okuwçylarymyzyň sany has-da artýar.

Ak altyn

Ak altyn diýilse, gürrüň pagta baradadyr öýdäýmäň. 1741-nji ýylda Kolumbiýanyň altyn käninden tapylan gymmatbaha metala — platina ýewropalylar şeýle at beripdirler. Häzirki wagtda ak altyn diýip gyzylyň platina bilen garyndysyna (diňe platina-da däl, marganes, palladiý, nikel, kümüş, bürünç...) aýdylýar. Ýöne başda platinanyň diňe özüne-de ak altyn diýlipdir. Platinany heniz sary reňke öwrülip ýetişmedik «çig altyn» hasaplapdyrlar. Platina D.Mendeleýewiň periodik tablisasyndaky 78-nji belgidäki metaldyr. Ol adamzat taryhynda iň syrly we owadan metal hasaplanýar. Metal ispança «kümüşjik» diýen manyny berýär. Oňa daşky sypatynyň kümşe meňzeşligi üçin şeýle diýilýär. Otda kynlyk bilen ereýäni üçin «kümüşjik» diýip, bu metala kembaha garalypdyr.

Ýasga süýji suw ýatagynyň ähmiýeti

Ýurdumyzyň ýerasty we ýerüsti baýlyklaryny gözläp tapmak, işläp geçmek we rejeli peýdalanmak halk hojalygyny ösdürmegiň esasy meseleleriniň biri hökmünde hemişe üns merkezinde saklanýar we bu ugurda ylmy taýdan esaslandyrylan netijeli çözgütleri amala aşyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Türkmen tebigatynyň täsin künjekleriniň hatarynda durýan Ýasga ýerasty köli içgin alada mynasyplygy bilen tapawutlanýar. Bu süýji suw ýatagy günbatarda Uly Balkan, günortada Kiçi Balkan, gündogarda Köpetdag gerişleri, demirgazykda Garagum sährasy bilen gurşalyp alnan, linzanyň uzynlygy, takmynan, 60 kilometre, ini bolsa 25 kilometre deň. Suwy özünde saklaýan esasy jisim çäge bolan bu ýatakda suwuň galyňlygy 60-70 metre ýetýär. 1957-1958-nji ýyllarda G.N.Ýomudskiý we N.G.Şewçenko tarapyndan Ýasga süýji suw linzasynyň üsti açylyp, 1963-nji ýylda ol doly özleşdirilip ulanyşa berilýär. Düzüminde suw saklaýan çetwertik döwrüniň çökündileri, esasan, terrigen görnüşli dag jynslaryndan, iri däneli fraksiýalardan durýar. Bu döwrüň aşaky bölegi alewrolitler, çägeler bilen häsiýetlendirilýär. Ýokary çetwertik döwrüniň çökündileri az derejede alewrit, toýun görnüşlerinden durýar. Ýasga suw ýatagynyň duzlulygy 1 g/l-den aşak bolan süýji suw bölegi perimetri boýunça duzlulygy

Ylym — kämillige ýol

Halypa-şägirtlik ýoly müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgämizdir. Halypa uly bir daragta, şägirt onuň miwesine meňzedilýär. Uzak döwrüň dowamynda munuň netijeli ugurdygyna göz ýetiren pederlerimiz halypa-şägirtlik ýoluny ýörelge derejesine çykarypdyrlar. Haýsy ugurda zähmet çekýändigine garamazdan, halypa öz ugrunyň alymy hasaplanýar. Ýaş nesliň ylymly-bilimli, ilhalar hünärmenler bolup ýetişmeginde halkyň ruhy-ahlak ýoly bolan halypa-şägirtligi dowam etdirmegiň ähmiýeti diýseň uludyr. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda hem himiýa we himiýa tehnologiýalary ugrundan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda halypa-şägirtlik ýoluna aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda bu ýerde işgärleriň 50 göterime golaýy ýaşlardyr. Olaryň sany her ýylda degişli ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň, ýagny Belarusuň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw mekdeplerini tamamlan ýaşlaryň hasabyna artýar. Himiýa ugrundan bilim alýan ýaşlary ylma çekmek üçin ýokary okuw mekdepleri bilen bilelikde uly işler alnyp barylýar. Institutyň binýadynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Magtym

Ýuwuş suwy we ekişiň täze tehnologiýasy

Hormatly Prezidentimiziň Kararlaryna we tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň alymlarynyň alyp barýan ylmy-barlag işleriniň netijesinde, ekin meýdanlarynda ösüş suwuny tygşytly peýdalanmak, suwarymly, şorlaşan ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak babatda önümçilik ähmiýetli tehnologiýalar hem-de usullar döredildi. Ýörite habarçymyz ýakynda şunuň ýaly ähmiýeti we geljegi uly işe teswir bermegini haýyş edip, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň oba hojalyk ylymlary bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri, tehniki ylymlaryň kandidaty Aşyrmuhammet SAPARMYRADOWA ýüz tutdy. — Häzirki wagtyň önümçiliginde şorlaşan eňňit ýerlerde adaty ýuwuş we tagt suwlary diňe keşler boýunça tutulýar. Munuň üçin gowaçanyň ekişinde, ilki bilen, suwaryş keşi çekilýär we olar boýunça tagt suwy tutulýar. Gerşiň topragy taba gelende, gowaça gerşe ekilýär. Şunda gowaçanyň ösüş suwlary hem şol keşler arkaly tutulyp, yzgar suwuň gerşe tarap hereketi netijesinde, topragyň zyýanly duzlary kem-kemden şol ýerde ýygnanýar. Şeýdibem, eýýäm ösüş döwründe, ekin ýerleriniň şorluk derejesine baglylykda, ýaş gowaça düýpleriniň 25 göterimine çenlisi guraýar. Munuň özi gowaçanyň hasylynyň kemelmegine getirýär. Şunuň ýaly ýagda

Ýunus Emre edebiýaty öwreniş ylmynda

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ylym ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Beýleki ugurlar bilen birlikde, türkmen edebiýatyny öwreniş ylmynyň ösdürilmegine-de berilýän üns has-da güýçlendi. Türkmen edebiýatynyň köp asyrlyk taryhy, şu güni bilen baglanyşykly derwaýys meseleler möhüm wezipe edilip goýuldy. Milli edebiýatymyzyň öwrenilmegine, onuň ösüş, baýlaşyş ýollaryny seljermäge bolan talaplar täze many-mazmuna eýe boldy. Ylym bilen meşgullanmaga giň şertler döredildi. Döredilýän mümkinçilikler türkmen edebiýatçylaryny edebiýaty öwreniş ylmynyň möhüm ugurlarynyň, belli-belli şahsyýetleriniň döredijiligini çuňňur öwrenmäge borçlandyrýar. Şeýle şahsyýetleriň biri hem Ýunus Emredir. Ol dünýä meşhurlygyny gazanan beýik söz ussatlarynyň biri.

Belli filosof we alym

Taryhda özboluşly yz goýan şahsyýetler az däl. Şolaryň biri-de Abu Reýhan Muhammet ibn Ahmed al-Birunydyr. Şöhratly geçmişimizi içgin öwrenmäge giň mümkinçilik döreden Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Ýurdumyzyň esasy syýahatçylyk merkezleri: Köne Nusaý — Parfiýa patyşalarynyň mekany, orta asyr Gündogarynyň ajaýyp alymlarynyň (Biruny, ibn Sina we beýlekiler) ady bilen bagly bolan Köneürgenç, Gündogaryň gadymy medeni ösüşiniň merkezleriniň biri bolan Gadymy Merw — olaryň ählisi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi» diýip belläp geçýär. Horasanly akyldar Abul-Hasan Harakininiň «Nurul-ulum» («Ylmyň ýagtylygy») atly kitabynda akyldarlaryň, belli ylym işgärleriniň özleri aramyzdan gitse-de, döreden eserleri halkyň aňynda ýaşaýandygy nygtalýar. Abu Reýhan Biruny hem şeýle şahsyýetleriň biridir. Ol astronomiýa, matematika, geodeziýa, etnografiýa, filosofiýa, taryh ýaly ylymlarda özüni tanatdy. Soltan Mahmyt Gaznaly köşkde gulluk edýän alymlara howandarlyk edip, özüniň hem ylma-bilime bolan söýgüsini artdyrypdyr. Abu Reýhan Biruny hem soltanyň köşgünde döredilen mümkinçilikden peýdalananlaryň biridir.

Dil — milletiň gadymy genji-hazynasy

Häzirki zaman türkmen dili, onuň sözlük goruny hasyl edýän sözler, sintaktik gurluşyny emele getirmäge gatnaşýan söz düzümleri uzak döwrüň önümi bolup, olar geçmişden gözbaş alyp gaýdýan milli däp-dessurlar, edim-gylymlar bilen baglanyşyklylykda ösüp, kämilleşip, biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Türkmen däp-dessurlary, urp-adatlary, gündelik oba hojalyk, maldarçylyk işleri ýaly, olar bilen baglanyşykly ulanylýan sözler we söz düzümleri-de örän gadymydyr we döwrüň ruhuna laýyklykda, olaryň köpüsi şol duruşlaryna, birnäçesi bolsa timarlanan görnüşinde häzirki zaman türkmen diliniň sözlük düzümine girdi. Olaryň käbirine seredip geçeliň. Loganak — ata aýagyňy basyp münmek üçin agaçdan edilen üzeňňä loganak diýilýär. Ol biziň mirashanamyzda hem saklanýar.

Guýynyň düýbündäki çäge dykylmasyny aýyrmagyň usullary

Häzirki döwürde nebit çykarmakda iň uly kynçylyklaryň döremegine sebäp bolýan hadysalaryň biri-de guýynyň düýpýaka zolagynda çägäniň emele gelmegidir. Uzak ýyllaryň dowamynda nebit berýän gatlaklarda birnäçe özgerişler bolup geçýär. Gatlak basyşynyň pese gaçmagy, önümiň suwlanmagy we guýynyň düýpýaka zolagynyň hapalanmagy hem-de opurylmagy netijesinde gatlagyň durky bozulýar we çäge guýynyň düýbüne ýygnanýar, çäge dykysy emele gelýär. Şu agzalyp geçilen päsgelçilikler guýynyň düýpýaka zolagyna güýçli täsir edýär. Guýulardan alynýan önüm bilen bilelikde çägäniň gelmegi dowam edýär. Düýpýaka zolagynda guýular gazylanda, ulanylanda, abatlaýyş işleri geçirilende ýa-da guýularyň düýpýaka zolagyna buraw we himiki erginler bilen täsir edilende, düýpýaka zolagy özüniň öňki ýagdaýyny ýitirýär, hapalanýar. Bu bolsa, öz gezeginde, guýularyň önüm berijiligine belli bir derejede täsir edýär. Gatlakdan çäge gelmeginiň öňüni almakda köp usullar peýdalanylýan hem bolsa, guýudan mehaniki garyndylar gelip durýar. Çäge gelmegini aýyrmakda guýynyň düýpýaka zolagyny himiki serişdeler hem-de sement garyndylary bilen berkitmek, çägäni ýuwmak üçin öýjükli sement ergini ulanylýan hem bolsa, çäge gelmek meselesini doly aýyrmaklyga ýardam edip bilmeýä

Şöhratly taryhymyzda ylmy eserler

Türkmeniň medeni mirasyny öwrenip, taryhyň müňýyllyklaryna uzap gidýän köklerini yzarlanyňda, türkmen medeniýetiniň, edebiýatynyň, sungatynyň dürli ugurlarynyň ir döwürlerde gülläp ösendigine göz ýetirýärsiň. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň milli mirasyny ylmy esasda öwrenmek we dünýä ýaýmak babatda alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesinde bu ugurda uly mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda ajaýyp eserleri döreden türkmen söz ussady Abdylla Mübäregiň ömri we döredijiligi barada durup geçmegi we onuň ynsanperwer taglymatlarynyň XI-XII asyrlaryň sepgidinde ýaşap geçen meşhur akyldar-sopy Muhammet Gazalynyň «Ylym barada kitap» atly eserinde öz beýanyny tapyşy hakynda söhbet etmegi makul bildik.

Kitap — ylmyň açary

Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan taryhy-medeni mirasymyzy aýawly saklamak boýunça dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda halkymyzyň ruhy baýlygynyň medeni ojagy bolan kitaphana ulgamynda guwandyryjy ösüşler gazanylýar. Kitaphanalar bu günki gün adamlaryň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi. Häzirki döwürde kitaphanalarda hyzmat etmegiň täze, döwrebap usullary ýola goýuldy. Olarda çeper we ylmy, edebi mirasymyza, halk döredijiligimize degişli kitaplary, özlerine gerek bolan edebiýatlary okyjylaryň diňe kataloglaryň we kartotekalaryň kömegi bilen däl, eýsem, elektron görnüşdäki kataloglardan, internet ulgamyndan gözläp, tapyp bilmekleri üçin amatly şertleriň döredilmegi wagty tygşytlamaga ýardam berýär. Halkymyzyň gymmatly hazyna bolan kitaba ähli döwürlerde-de uly sarpa goýandygyny N.Saryhanowyň «Kitap» atly eserindäki Welmyrat aganyň maşgala eklenjiniň çeşmesi bolan guba düýesini kitaba çalşandygyndan bilýäris. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýip belleýär. Kitap ylym-bilime höwesli ýaşlarymyz üçin gerekli maglumatlaryň çeşmesi bolup hyzmat edýär. 

Älem syrlaryna akyl ýetiren şahyr

Häzirki döwürde söz ussadynyň mirasyny ylmy esasda öwrenmek Magtymgulyny öwreniş ylmynyň möhüm wezipesi bolup durýar. Çünki akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesine giňden taýýarlyk görlüp, bu babatda düýpli işler durmuşa geçirilýär. Beýik akyldaryň döredijiliginde mifler, asman, Ýer, Gün, Aý, ýyldyzlar bilen baglanyşykly kosmogoniki (älemiň gelip çykyşy hakyndaky taglymat) garaýyşlar uly orun tutýar. Söz ussady goşgularynda mifologik sýužete ýüzlenmek bilen, adamlara örän täsin, gizlin, syrly aňlatmalary beýan edýär. Şahyryň bu ugurda döreden şygyrlarynyň içinde «Niçe ýaşyndadyr» atly goşgusy mifologiki sýužetiň ajaýyp nusgasydyr. Elbetde, bu şygyr babatda magtymgulyşynas alymlar ylmy garaýyşlaryny beýan etdiler. Biz hem şol alymlaryň pikirlerini içgin öwrenip, bu şygyr babatda öz garaýyşlarymyzy beýan etmegi makul bildik. Şahyryň bu şygrynyň esasynda öküz, Ýer, asman, Gün diýen düşünjeler durýar. Ýer göteren sary öküz, Bilmen, niçe ýaşyndadyr.Tört müň tört ýüz aýagy bar,Hemmejesi döşündedir.

Ylym — ösüşleriň binýady

Häzirki ajaýyp döwrümizde ähli ulgamlar bilen birlikde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda hem guwandyryjy üstünlikler gazanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ylym ulgamyny has-da ösdürmek, döwrebap mümkinçilikleri döretmek boýunça ýola goýlan işler ýaşlary ylmy üstünliklere ruhlandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz bolsa ylym ulgamynda ýaşlarymyzyň ylmy mümkinçilikleriniň uly geljeginiň bardygyny aýdyň beýan edýär. Ylym akylyň, paýhasyň ösüşiniň gözbaşy bolmak bilen, jemgyýetçilik ösüşini kämillik derejesine çykarýan ummasyz güýçdür. Şeýle ösüşiň binýady berk, kökleri çuň, geljegi uly bolýar. Pederlerimiz öz döwründe ylym-bilimde baý tejribe toplapdyrlar. Ylymly-bilimli, sowatly adamlary hormatlapdyrlar. Şu jähetden, batly depginler bilen ösýän durmuşymyz jemgyýetiň öňünde-de, her bir adamyň öňünde-de täze talaplary goýýar. Häzirki döwürde «Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýen pähime eýerýäris. Şu nukdaýnazardan talyplara berilýän bilimiň akgynly ugry ylymdyr. Ylymda gazanylýan üstünlikler bolsa türkmen jemgyýetiniň ylmy akabasynyň berk binýatly bolmagyny kepillendirýär.

Mäne babanyň döredijiligi — müňýyllyklaryň mirasy

16-17-nji ýanwarda ýurdumyzda «Abu Seýit Mäne babanyň döredijiligi — müňýyllyklaryň mirasy» ady bilen türkmen hem-de eýran alymlarynyň ylmy maslahaty geçirildi. Gündogar edebiýatynyň parlak ýyldyzlarynyň biri bolan Abu Seýit Abul Haýyr — Mäne baba Merkezi Aziýada ylym-bilimiň gülläp ösmegine uly goşant goşupdyr, ýüzlerçe şägirtleri ýetişdiripdir. Şeýle hem öz meşhur rubagylarynda şerigatyň kada-kanunlaryny, sopuçylyk tefsirlerini we olar baradaky düşünjelerini, pikir-garaýyşlaryny gysgadan gelen çuňňur manyly şöhlelendiripdir. Alymlaryň aýtmaklaryna görä, Mäne babanyň yzyna eýerýän sopudyr müritleriň kemala gelmegi bilen, onuň «Müritlik — myratlyk» diýen tarykaty döräpdir.