Ylym — ösüşleriň binýady

25 Fewral 2024
914

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilimiň kämilleşmegine aýratyn üns berlip, bu ugurda netijeli işler alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň baý durmuş tejribesine esaslanyp, ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni aň-bilim, beden taýdan ösüşine, döwrebap bilim-terbiýesine, şeýle hem jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Şonuň üçin ylmyň dürli ugurlaryndan kämil hünärmenleri taýýarlamakda işler üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň üçin ylmyň ugurlaryna, sanly tehnologiýalara aýratyn ähmiýet berilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylymly-bilimli, sagdyn, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga başarnykly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda netijeli zähmet çekmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, ýurdumyzyň milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, okuw maksatnamalary milli ýörelgelere laýyklykda kämilleşdirilýär. Täze tehnologiýalar, sanly ulgam giňden ornaşdyrylýar.

Yslamberdi TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar