Dil bilene ýollar açyk

15 Fewral 2024
949

Adam näçe köp dili bildigisaýyn, şonça-da medeniýetli bolýar, gözýetimi giňeýär. Sebäbi dilleriň üsti bilen halklaryň ruhy hazynasyna aralaşýarsyň. Diller halklary dostlaşdyrýar, bir-birine ýakynlaşdyrýar. Dil öwrenmäge isleg bolanda, bu arzuwyňy amala aşyrmak hiç haçan giç däldir. Esasy zat dil öwrenmäge islegiň bolmagydyr. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýaş nesle eýýäm çagalar baglarynda dilleriň birnäçesi öwredilýär.

Mekdebimizde ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçiren «Dünýä dilleri» atly edebi söhbetdeşligimizde diňe bir bular hakynda däl, eýsem, hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen ýaşlara dünýä dilleriniň birnäçesiniň häzirkizaman usullary, kämil okuw kitaplary, elektron kitaplardyr sözlükler, okuw gollanmalary esasynda çuňňur öwredilýändigi hakynda gyzykly çykyşlar guraldy. Bu çärede Magtymguly Pyragynyň we beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerinden parçalaryň türkmen, iňlis, rus dillerinde ýatdan okalmagy oňa gatnaşýan mugallymlarda we ata-enelerde ýakymly täsirleri galdyrdy.

Merjen NAZARGELDIÝEWA,
Köýtendag etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy.
Beýleki habarlar