Ylym — ösüşleriň binýady

23 Ýanwar 2024
965

Häzirki ajaýyp döwrümizde ähli ulgamlar bilen birlikde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda hem guwandyryjy üstünlikler gazanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ylym ulgamyny has-da ösdürmek, döwrebap mümkinçilikleri döretmek boýunça ýola goýlan işler ýaşlary ylmy üstünliklere ruhlandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz bolsa ylym ulgamynda ýaşlarymyzyň ylmy mümkinçilikleriniň uly geljeginiň bardygyny aýdyň beýan edýär.

Ylym akylyň, paýhasyň ösüşiniň gözbaşy bolmak bilen, jemgyýetçilik ösüşini kämillik derejesine çykarýan ummasyz güýçdür. Şeýle ösüşiň binýady berk, kökleri çuň, geljegi uly bolýar. Pederlerimiz öz döwründe ylym-bilimde baý tejribe toplapdyrlar. Ylymly-bilimli, sowatly adamlary hormatlapdyrlar. Şu jähetden, batly depginler bilen ösýän durmuşymyz jemgyýetiň öňünde-de, her bir adamyň öňünde-de täze talaplary goýýar. Häzirki döwürde «Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýen pähime eýerýäris. Şu nukdaýnazardan talyplara berilýän bilimiň akgynly ugry ylymdyr. Ylymda gazanylýan üstünlikler bolsa türkmen jemgyýetiniň ylmy akabasynyň berk binýatly bolmagyny kepillendirýär.

Aýnur BATYROWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar