Guýynyň düýbündäki çäge dykylmasyny aýyrmagyň usullary

5 Fewral 2024
774

Häzirki döwürde nebit çykarmakda iň uly kynçylyklaryň döremegine sebäp bolýan hadysalaryň biri-de guýynyň düýpýaka zolagynda çägäniň emele gelmegidir. Uzak ýyllaryň dowamynda nebit berýän gatlaklarda birnäçe özgerişler bolup geçýär. Gatlak basyşynyň pese gaçmagy, önümiň suwlanmagy we guýynyň düýpýaka zolagynyň hapalanmagy hem-de opurylmagy netijesinde gatlagyň durky bozulýar we çäge guýynyň düýbüne ýygnanýar, çäge dykysy emele gelýär. Şu agzalyp geçilen päsgelçilikler guýynyň düýpýaka zolagyna güýçli täsir edýär. Guýulardan alynýan önüm bilen bilelikde çägäniň gelmegi dowam edýär. Düýpýaka zolagynda guýular gazylanda, ulanylanda, abatlaýyş işleri geçirilende ýa-da guýularyň düýpýaka zolagyna buraw we himiki erginler bilen täsir edilende, düýpýaka zolagy özüniň öňki ýagdaýyny ýitirýär, hapalanýar. Bu bolsa, öz gezeginde, guýularyň önüm berijiligine belli bir derejede täsir edýär.

Gatlakdan çäge gelmeginiň öňüni almakda köp usullar peýdalanylýan hem bolsa, guýudan mehaniki garyndylar gelip durýar. Çäge gelmegini aýyrmakda guýynyň düýpýaka zolagyny himiki serişdeler hem-de sement garyndylary bilen berkitmek, çägäni ýuwmak üçin öýjükli sement ergini ulanylýan hem bolsa, çäge gelmek meselesini doly aýyrmaklyga ýardam edip bilmeýär. Ulanylýan usullar birbada kömek edýän hem bolsa, wagtyň geçmegi bilen ýene-de suw bilen ýuwlup aýrylýar. Guýularyň düýpýaka zolagynyň bozulmagy netijesinde çäge gelmegine garşy göreşmegiň usullarynyň biri olaryň düýpýaka zolagynda gowşak sementlenen gum daşlaryny berkitmek wajyp meseleleriň biri bolup durýar.

Saparmyrat ARTYKOW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar