Belli filosof we alym

6 Fewral 2024
767

Taryhda özboluşly yz goýan şahsyýetler az däl. Şolaryň biri-de Abu Reýhan Muhammet ibn Ahmed al-Birunydyr. Şöhratly geçmişimizi içgin öwrenmäge giň mümkinçilik döreden Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Ýurdumyzyň esasy syýahatçylyk merkezleri: Köne Nusaý — Parfiýa patyşalarynyň mekany, orta asyr Gündogarynyň ajaýyp alymlarynyň (Biruny, ibn Sina we beýlekiler) ady bilen bagly bolan Köneürgenç, Gündogaryň gadymy medeni ösüşiniň merkezleriniň biri bolan Gadymy Merw — olaryň ählisi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi» diýip belläp geçýär.

Horasanly akyldar Abul-Hasan Harakininiň «Nurul-ulum» («Ylmyň ýagtylygy») atly kitabynda akyldarlaryň, belli ylym işgärleriniň özleri aramyzdan gitse-de, döreden eserleri halkyň aňynda ýaşaýandygy nygtalýar. Abu Reýhan Biruny hem şeýle şahsyýetleriň biridir. Ol astronomiýa, matematika, geodeziýa, etnografiýa, filosofiýa, taryh ýaly ylymlarda özüni tanatdy. Soltan Mahmyt Gaznaly köşkde gulluk edýän alymlara howandarlyk edip, özüniň hem ylma-bilime bolan söýgüsini artdyrypdyr. Abu Reýhan Biruny hem soltanyň köşgünde döredilen mümkinçilikden peýdalananlaryň biridir.

Serdar ATAÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy, taryh ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar