''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Ylym we tehnika — ösüşleriň hereketlendirijisi

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 16-njy iýunynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sanly ulgam arkaly geçirilen ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitinde çykyş etmegi halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň barha rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär. XXI asyr ylym we tehnologiýalar asyry bolup, olar adamzat durmuşyna düýpli täsir edýär. Häzirki döwürde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ylmyň gazananlaryna uly orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, adamzadyň iň uly baýlygy ylym we bilimdir. Ylym-bilim kämilligiň, rowaçlygyň, bagtyýarlygyň, röwşen geljegiň açarydyr. Jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüdir. Şonuň üçin hem halkara guramalar ylym we tehnologiýalar boýunça agza döwletleriň hyzmatdaşlygyny ösdürmegi esasy maksatlaryň hatarynda kesgitleýärler.

Ilkinji menziliň üstünlikleri ýaşlary ylym älemindäki geljekki uly maksatlara ruhlandyrýar

Türkmenistan ylymlar ýurdy. Döwletimizde ylym-bilim ulgamy gülläp ösýär, has-da rowaçlanýar. Bagtyýarlyk döwrüniň üstünlikleridir. hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen degişli ulgamlarda ýetilen belent sepgitler muny aýdyňlygy bilen subut edýär. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesilleriň ýokary hilli bilim almagyna hem-de ählitaraplaýyn kämil ösmegine, ylym bilen giňden meşgullanmaklaryna mümkinçilik berýär. Ylym kämillige ýol açýar. Muny adamzadyň geçen durmuş ýoly hem doly subut edýär. Çünki ynsanyýetiň bu günki gazananlarynyň ählisi ylmyň netijesi bolup durýar. Ylym — adamy kämilligiň çür başyna çykarýar. Bu bolsa häzirki zaman şertlerinde islendik bir döwletiň geljegi bolan ýaşlary ussat hünärmenler edip ýetişdirmekde ylmyň möhüm ornunyň bardygyny kesgitleýär. Degişli ugurda ata Watanymyzda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakyndaky» Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde türkmen ýaşlarynyň arasynda her ýylda geçirýän ylmy işler boýunça bäsleşigi hem doly güwä geçýär.

Alym bolsaň, Älem seniňki

Ata-babalarymyz «Alym bolsaň, älem seniňki» diýipdirler. Ylym dünýäsine girip alym diýen belent derejä ýetmek üçin öňüňde uly maksatlary goýýarsyň. Şol maksadyň hasyl bolmagy geljekde has uly üstünliklere ruhlandyrýar. Biz muny ýurdumyzda alymlaryň täze neslini — ýaş alymlary kemala getirmekde geçirilýän bäsleşikde hem aýdyň görýäris. Ýakynda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini hormatly Prezidentimiziň adyndan Şahadatnamalar we gymmatbahaly sowgatlar bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Maňa hem bu bäsleşikde mediýada sanly ulgamyň ähmiýeti barada ýazan ylmy işim bilen ýeňiji bolup, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Şu bagtyýar pursatlarda ylym dünýäsinde ilkinji ýeňişleri gazanan ýaş alymlaryň käbiriniň ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirýäris.

Nesilleriň aladasy

Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, döwlet kepilliklerini üpjün etmäge we olary goldamaga, şeýle hem ýaşlaryň jemgyýetde özlerini doly ykrar etmeklerine gönükdirilen durmuş-ykdysady hem-de hukuk çäreleriniň ulgamy bolup durýar. Medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, nebitgaz, oba hojalygy, senagat ulgamlarynda zähmet çekýän, harby we hukuk goraýjy edaralarynda gulluk edýän ýaşlaryň zehinleri, başarnyklary, hünärleri we başlangyçlary, işjeňligi, jemgyýete zerur hünärleri özleşdirmäge bolan ruhy we maddy islegleri höweslendirilýär.

Ylym ulgamy döwrebap ösüş ýolunda

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ylym ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly üns berilýär. Ylmyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenip, bu ugurlarda ylmy-barlag işlerini kämilleşdrmek, dünýä derejesine laýyklykda giňeltmek wezipesi öňde goýuldy. Jemgyýetçilik aňynyň iň çalt ösýän görnüşi bolan ylmyň gazananlarynyň durmuşa giňden ornaşdyrylmagy ýurduň ykdysady kuwwatyny berkidip, medeni derejesini baýlaşdyrýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ylym ulgamynyň hukuk binýady berkidilýär. Ylmyň ileri tutulýan ugurlaryna nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlary degişlidir. Döwletimizde ylym we innowasiýa işleriniň ösdürilmegi, ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlarynyň tapgyrlaýyn durmuşa ornaşdyrylmagy, tebigy, takyk hem-de durmuş-ynsanperwer ylymlarynyň ösdürilmegi we bilimleriň özleşdirilmegi üçin zerur şertler döredilýär. Bu babatda ylmy-barlag işleriniň alnyp barylmagy döwletimiziň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge,

Şu günüň we geljegiň şamçyragy

Mähriban Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ylym ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler, bildirilýän talaplar ýokary derejededir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň tagallalary bilen bu ulgamda uly özgertmeler amala aşyryldy. Şolaryň ählisiniň maksady bolsa ýurdumyzda dünýä derejesindäki mümkinçilikleriň örän elýeterli bolmagyny üpjün etmegi gazanmakdan ybaratdyr. Türkmenistanda durmuşa geçirilen we ýerine ýetirilýän işler şu aýdylanlaryň subutnamasydyr. Şunda ylmyň ösdürilmegine we ylmy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn uly üns berilýär. Bu babatda ýerine ýetirilen ençeme beýleki işler bilen bir hatarda, paýtagtymyzdaky Tehnologiýalar merkezi ajaýyp mysaldyr. Bu merkez ylmyň ösdürilmegini höweslendirmäge, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda innowasion tehnologiýalary iş ýüzünde giňden ornaşdyrmaga hem-de işläp düzmäge ýardam etmäge gönükdirilen ylmy-barlag edaralaryny we okuw binalaryny, senagat desgalaryny hem-de işewür merkezleri, sergi meýdançalary we degişli edaralary birleşdirýän toplum bolmaga hyzmat etmegine niýetlenendir.

Ylym ähli ösüşiň özenidir

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda rowaçly menziller bilen öňe barýan mähriban Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşleri halkymyzy çäksiz buýsandyrýar. Ýetilen belent sepgitler, gazanylan uly üstünlikler döwletimiziň aýdyň maksatly geljeginden habar berýär. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ylym ulgamynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagyna, ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki zaman ösen ylym-bilimden habarly zehinli hünärmenleriň, inženerleriň, tehnologlaryň we alymlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle hem, bu ugurda kabul edilen resminamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olardan «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işi hakynda», «Türkmenistanda ylym ulgamyny kämilleşdirmek hakynda», «Bilim hakynda», «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda», «Ylmy edaralar hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda» Kanunlaryň kabul edilmegi türkmen ylmynyň aýdyň geljegini kepillendirýär.

Türkmen dilinde deňizçilik leksikasy

Halkyň milli gymmatlyklarynyň esasyny, onuň özenini ene diliniň baýlyklary düzýär. Diliň söz baýlygy bolsa halk hojalygynyň dürli pudaklaryna degişli bolan leksikalarynda, adalgalarynda jemlenendir. Halkymyzyň sözlük gory ylmyň, bilimiň, terbiýäniň üsti bilen nesilden-nesle geçip, bagtyýarlyk döwrümizde ulanylýar. Türkmen diliniň deňiz we derýa leksikasy dilimiziň iň gadymy gatlaklarynyň birini emele getirýär. Bu ugra degişli dil maglumatlary, ýagny suw, balyk, gämi, gaýyk, naw, köl, deňiz ýaly ençeme leksik birlikler gadymy ýazuw ýadygärliklerinde hem duş gelýär. Sözüň köküni öwrenmek babatynda dilçi alym H.Bagyýew şeýle diýýär: «Diliň taryhy ösüşinde fonetik, semantik özgerişlere sezewar bolan sözleriň ilkibaşdaky ses formalaryny, aňladýan manylaryny anyklamak, ýitip giden esaslanmalaryny ýüze çykarmak örän möhüm we ünsüňi özüne çekýän gyzykly meseleleriň biri bolupdyr. Leksikologiýanyň şular ýaly örän möhüm we gyzykly meselelerini öwrenýän pudagyna etimologiýa diýilýär». Muny sada dilde aýtsak, etimologiýa, dil biliminde sözüň gelip çykyşyny öwrenýän bölümdir (grekçe etymologia-etymon — çyn, hakykat, hakyky, logos — taglymat). Käbir sözleriň köküni yzarlamakda alymlar

Ylym dünýäsiniň altyn gapysy çuňňur zehin, irginsiz yhlas, dowamly gözlegler netijesinde açylýar

Döwlet Baştutanymyz: «Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, zehinli ýaşlaryň ylma höwesini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işleri amala aşyrýarys» diýip belleýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň bilim, ylym, ýaşlar syýasatynda bu meselä aýratyn üns berilýär, degişli kanunçylyk namalary arkaly berkidilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakyndaky», şeýle hem şol ýylyň 13-nji noýabrynda çykaran Kararlaryna laýyklykda her ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşik hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 11-nji iýunynda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ylmy bäsleşik ylmyň hem-de tehnologiýalaryň ileri tutulýan 6 ugry boýunça geçirildi. Şolaryň hatarynda nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, mole

Söz sizden, ýaş alymlar!

Mähri BERDIÝEWA, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň inçekesel kafedrasynyň kliniki ordinatory: — Ýurdumyzda ilatymyzyň saglygyny gorap saklamak babatda ýokanç keselleriň öňüni almak wezipesi hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän saglyk syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu babatda ilatyň arasynda çalt ýaýrap biljek ýokanç kesellere garşy göreşmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda degişli ugurda amala aşyrylýan işler we giň gerimli özgertmeler lukman Arkadagymyzyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda durmuşa geçirilýär. Men hem ýurdumyzda amala aşyrylýan şeýle giň möçberli işlerden ugur alyp, degişli ugurda dürli seljermelere baý ylmy iş ýazdym. Bu işim bilen men ýurdumyzda ýokanç keselleriň öňüni almak, olaryň ýaýramagyna garşy göreşmek ugrunda alnyp barylýan işleriň ylmy esaslaryna täzeçil çemeleşmeleri kemala getirip, olaryň ylmy taraplaryny öwrendim. Munuň özi häzirki döwrüň talaplaryna doly kybap gelmek bilen, ylmy esaslanmalaryň has-da kämilleşdirilmegine ýardam berýär. Bu işim bilen ýaşlaryň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşikde ýeňiji bolmagym bolsa, meni geljekki ylmy gözleglere has-da ruhlandyrdy.

Türkmen ylmynyň röwşen geljegi

12-nji iýunda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Ylymlar akademiýasy bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guran bu çäresi Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda bu bäsleşige öz işläp taýýarlamalaryny, döredijilik gözleglerini we ylmyň hem-de tehnologiýanyň möhüm ugurlary boýunça barlaglaryny görkezýän ýaş alymlaryň we talyplaryň 1 müň 53-si gatnaşdy. Bäsleşige hödürlenen işleri seljeren emin agzalary ýeňijileriň 57-sini kesgitlediler. Olaryň 32-si talyplar, 25-si bolsa ýaş alymlardyr. Hödürlenen taslamalarda we işlerde ylmy täzeçillik, onuň wajyplygy, iş ýüzünde durmuşa geçirmek nukdaýnazaryndan ähmiýeti hem-de taslamalary önümçilige ornaşdyrmagyň geljegi esasy talap boldy.

Gadamy batly bagtyýar nesiller

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýar, berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly bolmaklary ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Geçen hepde ýurdumyzda bellenilen Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirilmegi hem bu aýdylanlara aýdyň mysaldyr. Ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň dürli ýerlerinde okaýan we zähmet çekýän ýaşlarymyz gatnaşdylar. Şol dabara gatnaşyp, hünär başarnyklaryny kämilleşdirip, ýurdumyzyň ösüşlerine öz açyşlary, täze oýlap tapyşlary bilen goşant goşýan, ylmy işleri boýunça ýeňiji bolan ýaşlarymyzyň ýürek buýsançlaryny ildeşlerimize ýetirmegi makul bildik.

Täzeçil tehnologiýalar — ösüşiň binýady

Ylymlar gününe bagyşlanan halkara maslahat Türkmenistanda alymlaryň, ylmy guramalaryň işgärleriniň güni bolan Ylymlar güni bellenildi. Şu mynasybetli paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan «Ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalaryň ösüşi» atly iki günlük halkara ylmy maslahat boldy. Forumy Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Ylymlar akademiýasy gurady.

Milli ylmy mynasyp dowam etdirijiler sylaglandy

AŞGABAT, 12-nji iýun (TDH). Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy, asylly däbe görä, Ylymlar güni mynasybetli guralýar. Ylymlar akademiýasy bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guran bu çäresi şu gün Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan esaslandyrylan bu bäsleşik ýurdumyzyň ylym ulgamynyň ösdürilmegine hem-de onuň häzirki zaman jemgyýetinde eýeleýän ornunyň berkidilmegine, ägirt uly döredijilik ukyby bolan alymlaryň täze nesliniň kemala gelmegine, has zerur we wajyp ugurlarda alnyp barylýan ylmy işleriň höweslendirilmegine gönükdirilendir. Her ýylda geçirilýän bu ylmy bäsleşige ýaş alymlar, ylmy-barlag institutlarynyň, önümçilik birleşikleriniň, ylmy-tehniki edaralaryň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary, orta hünär okuw mekdepleriniň okuwçylary we ylmy iş bilen meşgullanmaga aýratyn uly gyzyklanma bildirýän dürli hünärdäki ýaşlar gatnaşýarlar.

Röwşen geljegiň ýoly

12-13-nji iýunda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalaryň ösüşi» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda geçirilen maslahat halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň barha rowaçlanýandygyna şaýatlyk etdi. Oňa sanly ulgam arkaly dünýäniň çar künjeginden alymlar gatnaşdylar. Maslahatda edilen çykyşlaryň käbirinden bölekleri okyjylaryň dykgatyna ýetirýäris. Murat ŽURINOW,Gazagystan Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti, akademik:

Ýaş alymlaryň ynamly gadamlary

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň her ýyl ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan edýän ylmy işler boýunça bäsleşiginiň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyndaky tapgyrynda ýaşlaryň 57-si ýeňiji boldy. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýeňiji bolan ýaşlara Gahryman Arkadagymyzyň adyndan şahadatnamalardyr gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Biz dabarada bolup, ýaş alymlaryň birnäçesi bilen gürrüňdeş bolduk.

Sanly ulgam — ylmy giňişlikde

Milli Liderimiziň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda gol çeken «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakynda» Karary möhüm ähmiýete eýedir. Ol ylmyň gazananlaryna esaslanýan, bilim babatda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini durmuşa ornaşdyrmaga, häzirki döwrüň maglumat jemgyýetiniň talaplaryna laýyk gelýän ýokary hilli bilim bermegiň görnüşlerini artdyrmaga, ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna, hünärmenleriň hünär derejeleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna, şeýle-de ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna innowasion tehnologiýalary çekmäge itergi berdi. Döwletimizde ylym we bilim pudaklarynyň edaralarynyň internetiň ählumumy ulgamyna birikdirilmegi sanly tehnologiýalar babatda döwrebap ösüşlere badalga berdi. Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak dünýä tejribesinde bilimiň hilini ýokarlandyrmagyň netijeli ýollarynyň biri hasaplanýar. Häzirki döwürde dünýäniň ösen ýurtlarynyň ählisinde diýen ýaly okatmagyň elektron görnüşi netijeli ulanylýar. Bu işleriň ýurdumyzda döwrebap ýola goýulmagy uzak aralykdan maglumat alyşmaga we özara işleşmäge, multimedia enjamlaryny we interneti peýdalanmak arkaly, okuwlaryň hilini ýokarlandyrmaga itergi berýär. Bilim ulgamynyň işini döwrebap ýola goýmakda dürli derslerden okuw maksatnamalarynyň, kitaplarynyň, gollanmalarynyň d

Ylmyň batly gadamlary — sanly ulgamyň kämilligi

Arkadag Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen, ata Watanymyzyň ilkinji «Türkmen Älem 52°E» emeli aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy türkmen ylmynyň ösüşlere beslenýändigini aýdyň açyp görkezdi. Bu aragatnaşyk hemrasy milli teleýaýlymlaryň alnyp görkezilişiniň, radioýaýlymlaryň eşitdirilişiniň hilini ýokarlandyrmaga uly itergi berdi. Göni ýaýlymda wideogepleşikleri alyp barmaga, daş aralykdan teleokuwlary, telelukmançylyk aragatnaşygy guramaga oňyn şertleri döretdi. Ýurdumyzyň ähli çäginde ýokary hilli internetiň elýeterliligini üpjün etmäge, öýjükli aragatnaşyk we maglumatlar ulgamyny täze tehnologiýalaryň esasynda ösdürmäge giň mümkinçilikleri açdy. Döwlet ýer kadastryny ýöretmek işinde aýrokosmosdan surata düşürmeleriň topograf-geodeziýa, kartografiýa, toprak, agrohimiýa, geobotanika we beýleki barlaglaryň geçirilip, ýer kadastr maglumatlarynyň kompýuterleşdirilen ulgamynyň döredilmegine oňyn täsirini ýetirdi. Esasan hem, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ilerlemelerine, önümçilik-tehnologiýa netijeliligine oňyn şert döredýän nazary bilimleriň, ylmy-inženerçilik pikirleriň we halkara ülňülerine daýanýan sanly ulgamyň döwrebap ösdürilmegine täzeçe badalga berdi. Bu günki gün ylma esaslanýan hem-de ýokary tizlik b

Ýaşlaryň täzeçil ylmy çözgütleri önümçilige ornaşdyrmak mümkinçiliginiň ýokarydygy bilen tapawutlanýar

Çözgüt — haýsydyr bir mesele dogrusynda gelnen karar, netije. Belli bir karara, netijä gelmek bolsa irginsiz pikirlenmäni, dowamly gözlegi talap edýär. Täzeçil ylmy çözgüde ýetmek üçin döwrebap bilimleriň we ylmy garaýyşlaryň toplumyny ele almak zerur. Şu babatda ýaş alymlarymyz we talyp ýaşlarymyz professor-mugallymlaryň, halypa alymlaryň ýolbaşçylygynda ylmy ugurlaryň dürli görnüşleri boýunça taslamalary ýerine ýetirýärler, irginsiz kämilleşýärler. Muny Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň guramagynda «Ylymly ýaşlar berkararlygyň binýady» ady bilen geçirilen ylmy taslamalaryň sergi bäsleşiginiň mysalynda-da aýdyň görmek bolýar.

Ylym — önümçilik — işewürlik

Ykdysady gatnaşyklaryň dünýä derejesinde ösýän, milli ykdysadyýetleriň sanlylaşýan döwründe, ilkinji nobatda, ylma daýanýan sanly innowasiýalara ähmiýet berilýär. Çünki sanly ulgam arkaly önümçilikleriň hili kämilleşdirilýär, netijeliligi ýokarlandyrylýar. Bu bolsa öz gezeginde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan hünärmenleriň, şeýle hem ykdysady önümçiligi guramakda täzeçil çemeleşmeleriň zerurlygyny ýüze çykarýar. «Ylymly ýaşlar berkararlygyň binýady» ady bilen geçirilýän ylmy taslamalaryň sergi bäsleşigi hut şol ugra gönükdirilendir. Şu ýerde bu gezekki bäsleşigiň geçen ýylkydan aýratynlygyny bellemek ýerlikli bolsa gerek. Geçen ýylky ylmy taslamalara «Bilim — Ylym — Önümçilik» ugry boýunça seredilen bolsa, bu gezek ol ugur has kämilleşdirilip, şeýle hem bäsleşige gatnaşyjylaryň taýýarlyk derejesi göz öňünde tutulyp, işlere «Ylym — Önümçilik — Işewürlik» ugry boýunça garaldy.