Milli ylmy mynasyp dowam etdirijiler sylaglandy

14 Iýun 2021
1646

AŞGABAT, 12-nji iýun (TDH). Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy, asylly däbe görä, Ylymlar güni mynasybetli guralýar. Ylymlar akademiýasy bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guran bu çäresi şu gün Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan esaslandyrylan bu bäsleşik ýurdumyzyň ylym ulgamynyň ösdürilmegine hem-de onuň häzirki zaman jemgyýetinde eýeleýän ornunyň berkidilmegine, ägirt uly döredijilik ukyby bolan alymlaryň täze nesliniň kemala gelmegine, has zerur we wajyp ugurlarda alnyp barylýan ylmy işleriň höweslendirilmegine gönükdirilendir. Her ýylda geçirilýän bu ylmy bäsleşige ýaş alymlar, ylmy-barlag institutlarynyň, önümçilik birleşikleriniň, ylmy-tehniki edaralaryň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary, orta hünär okuw mekdepleriniň okuwçylary we ylmy iş bilen meşgullanmaga aýratyn uly gyzyklanma bildirýän dürli hünärdäki ýaşlar gatnaşýarlar.

Beýleki habarlar