Ylym ulgamy döwrebap ösüş ýolunda

17 Iýun 2021
1615

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ylym ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly üns berilýär. Ylmyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenip, bu ugurlarda ylmy-barlag işlerini kämilleşdrmek, dünýä derejesine laýyklykda giňeltmek wezipesi öňde goýuldy. Jemgyýetçilik aňynyň iň çalt ösýän görnüşi bolan ylmyň gazananlarynyň durmuşa giňden ornaşdyrylmagy ýurduň ykdysady kuwwatyny berkidip, medeni derejesini baýlaşdyrýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ylym ulgamynyň hukuk binýady berkidilýär.

Ylmyň ileri tutulýan ugurlaryna nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlary degişlidir. Döwletimizde ylym we innowasiýa işleriniň ösdürilmegi, ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlarynyň tapgyrlaýyn durmuşa ornaşdyrylmagy, tebigy, takyk hem-de durmuş-ynsanperwer ylymlarynyň ösdürilmegi we bilimleriň özleşdirilmegi üçin zerur şertler döredilýär. Bu babatda ylmy-barlag işleriniň alnyp barylmagy döwletimiziň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge, täze üstünlikleriň gazanylmagyna, dünýä ylmynyň ösüşi bilen aýakdaş gitmegine ýardam berýär.

Nurnabat GURBANGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar