Ýaşlaryň täzeçil ylmy çözgütleri önümçilige ornaşdyrmak mümkinçiliginiň ýokarydygy bilen tapawutlanýar

11 Iýun 2021
1569

Çözgüt — haýsydyr bir mesele dogrusynda gelnen karar, netije.

Belli bir karara, netijä gelmek bolsa irginsiz pikirlenmäni, dowamly gözlegi talap edýär. Täzeçil ylmy çözgüde ýetmek üçin döwrebap bilimleriň we ylmy garaýyşlaryň toplumyny ele almak zerur. Şu babatda ýaş alymlarymyz we talyp ýaşlarymyz professor-mugallymlaryň, halypa alymlaryň ýolbaşçylygynda ylmy ugurlaryň dürli görnüşleri boýunça taslamalary ýerine ýetirýärler, irginsiz kämilleşýärler. Muny Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň guramagynda «Ylymly ýaşlar berkararlygyň binýady» ady bilen geçirilen ylmy taslamalaryň sergi bäsleşiginiň mysalynda-da aýdyň görmek bolýar.

Beýleki habarlar