Alym bolsaň, Älem seniňki

17 Iýun 2021
1639

Ata-babalarymyz «Alym bolsaň, älem seniňki» diýipdirler. Ylym dünýäsine girip alym diýen belent derejä ýetmek üçin öňüňde uly maksatlary goýýarsyň. Şol maksadyň hasyl bolmagy geljekde has uly üstünliklere ruhlandyrýar. Biz muny ýurdumyzda alymlaryň täze neslini — ýaş alymlary kemala getirmekde geçirilýän bäsleşikde hem aýdyň görýäris. Ýakynda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini hormatly Prezidentimiziň adyndan Şahadatnamalar we gymmatbahaly sowgatlar bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.

Maňa hem bu bäsleşikde mediýada sanly ulgamyň ähmiýeti barada ýazan ylmy işim bilen ýeňiji bolup, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Şu bagtyýar pursatlarda ylym dünýäsinde ilkinji ýeňişleri gazanan ýaş alymlaryň käbiriniň ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirýäris.

Beýleki habarlar