Türkmen dilinde deňizçilik leksikasy

15 Iýun 2021
2031

Halkyň milli gymmatlyklarynyň esasyny, onuň özenini ene diliniň baýlyklary düzýär. Diliň söz baýlygy bolsa halk hojalygynyň dürli pudaklaryna degişli bolan leksikalarynda, adalgalarynda jemlenendir. Halkymyzyň sözlük gory ylmyň, bilimiň, terbiýäniň üsti bilen nesilden-nesle geçip, bagtyýarlyk döwrümizde ulanylýar.

Türkmen diliniň deňiz we derýa leksikasy dilimiziň iň gadymy gatlaklarynyň birini emele getirýär. Bu ugra degişli dil maglumatlary, ýagny suw, balyk, gämi, gaýyk, naw, köl, deňiz ýaly ençeme leksik birlikler gadymy ýazuw ýadygärliklerinde hem duş gelýär. Sözüň köküni öwrenmek babatynda dilçi alym H.Bagyýew şeýle diýýär: «Diliň taryhy ösüşinde fonetik, semantik özgerişlere sezewar bolan sözleriň ilkibaşdaky ses formalaryny, aňladýan manylaryny anyklamak, ýitip giden esaslanmalaryny ýüze çykarmak örän möhüm we ünsüňi özüne çekýän gyzykly meseleleriň biri bolupdyr. Leksikologiýanyň şular ýaly örän möhüm we gyzykly meselelerini öwrenýän pudagyna etimologiýa diýilýär». Muny sada dilde aýtsak, etimologiýa, dil biliminde sözüň gelip çykyşyny öwrenýän bölümdir (grekçe etymologia-etymon — çyn, hakykat, hakyky, logos — taglymat). Käbir sözleriň köküni yzarlamakda alymlar

Ata GYLYJOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar