''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Strategik hyzmatdaşlygyň ynsanperwer ugry

Ata Watanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 78-nji sessiýasynda ählumumy we sebit meselelerini çözmek boýunça ileri tutýan garaýyşlarynyň hatarynda parahatçylygy üpjün etmek, durnukly ösüşi pugtalandyrmak, ulag ulgamynda halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek, ekologiýa meseleleri, saglygy goraýyş we lukmançylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ýaly ugurlar bilen bir hatarda, ynsanperwer ulgama hem aýratyn orun degişlidir. Türkmenistan BMG-niň adam hukuklary we azatlyklary boýunça möhüm konwensiýalaryny hem-de beýleki halkara resminamalary gyşarnyksyz berjaý etmäge ygrarlydygyny tassyklamak bilen, ynsanperwer ulgamda anyk işleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar.

Halkara awtoulag gatnawlary boýunça türkmen-gruzin garyşyk toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Halkara awtoulag gatnawlary boýunça türkmen-gruzin garyşyk toparyň nobatdaky mejlisi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň edara binasynda boldy. Oňa «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy Guwançmyrat Akmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky we Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň Gury ýer ulaglary agentliginiň başlygy Lewan Gamkrelidzeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetler gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda, iki döwletiň arasynda awtoulag gatnawlarynyň häzirki ýagdaýlaryna seredildi we geljekde halkara awtoulag gatnawlaryny has-da artdyrmak hem-de ösdürmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ulag-logistika kompaniýalary türki döwletleriň halkara forumyna çagyrylýar

Türkmenistanyň ulag-logistika kompaniýalary, degişli döwlet edaralary we gulluklary 13-14-nji sentýabrda Stambul şäherinde geçiriljek multimodal daşamalar we logistika boýunça halkara foruma gatnaşmaga çagyrylýar. Ol Türki döwletleriň guramasynyň Sekretariaty tarapyndan guralýar. Forumyň maksady netijeli gepleşikler, tejribeleriň we maglumatlaryň alşylmagy, yklymara ulag-üstaşyr geçelgeleri we multomodal ýük daşamalary boýunça bilelikdäki başlangyçlary ara alyp maslahataşmak üçin meýdançany döretmekden ybaratdyr.

Türkmenistan — BMG: halkara gatnaşyklarda ýaşlar öňdebaryjy orundadyr

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän şu ýyl ýurdumyzda ýaş nesle bildirilýän ýokary ynamyň aýdyň güwäsidir. Ýaşlar döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda öňdebaryjy orna barha ynamly çykýarlar. Çünki ýaşlar ähli tagallalary, bilimleri we ukyp-başarnyklary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe başlanan ägirt uly özgertmeleri dowam etdirmelidirler, öňde goýlan wezipeleri netijeli çözmelidirler, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, onuň dünýädäki abraýynyň has-da artdyrylmagyna, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen uzak möhletleýin maksatnamalary durmuşa geçirmelidirler. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzyň ykbaly üçin jogapkärçiligi öz üstüne almaga ukyply ýaş ýolbaşçylary öňe sürmek barada beýan eden başlangyjy aýratyn ähmiýete eýe boldy. Şonda Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýaşuly nesliň aň-paýhasy, baý tejribesi bilen ýaşlaryň gujur-gaýratynyň utgaşan ýerinde ýetilmejek maksat, gazanylmajak sepgit ýokdur! Türkmenistanlylar bu pikiri biragyzdan makulladylar we goldadylar. Onda halypalygyň asylly däpleri, döwürle

Türkmenistan — BMG: halkara gatnaşyklarda ýaşlar öňdebaryjy orundadyr

Geljegi uly gatnaşyklar

24-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Maliki bilen duşuşdy. Myhman Gahryman Arkadagymyza wagt tapyp, mähirli kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Aşgabatda ýene-de bolup görýändigine şatdygyny belledi we türkmen paýtagtynyň binagärlik keşbini özgertmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işlere ýokary baha berdi. Riýad al-Maliki türkmen halkynyň Milli Liderine Prezident Mahmud Abbasyň mähirli salamyny we Palestina sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny gowşuryp, öz ýurdunyň Türkmenistan bilen netijeli döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Türkmenistan şöhratly taryha eýedigi we özüniň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty hem-de döredijilikli başlangyçlary bilen halkara abraýyny has-da belende galdyrdy.

Abraýyň-owazaň daglar aşmasy...

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary bilen geçýän şanly ýylymyzyň uly ösüşlere beslenýän günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Bilşimiz ýaly, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň döredilmeginiň esasy iki maksady bar. Olar ÝUNESKO-nyň taslamalaryny we maksatnamalaryny işläp düzmekde, durmuşa geçirmekde ýaşlaryň manyly gatnaşmagyny höweslendirmekden we artdyrmakdan, şeýle hem ýaşlaryň başarnyklary bilen baglanyşykly taslamalary we maksatnamalary öz içine alyjy giňişlikde bilelikde öwrenmekden, işlemekden we durmuşa geçirmekden ybaratdyr.

Hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgesine eýerip

«Dostluk isleseň, dost bol!» diýlişi ýaly, bu günki gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ähli döwletlere, ilkinji nobatda, goňşy ýurtlara dostluk goluny uzadyp, hoşniýetli hyzmatdaşlygy yzygiderli ilerledýär. Dost-doganlyk ýollary bähbitleri birleşdirýär, halklary ýakynlaşdyrýar. Ýurdumyzyň duldegşir goňşusy hem-de esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolan Eýran Yslam Respublikasyna dürli derejede yzygiderli amala aşyrylýan saparlar hem köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini, türkmen-eýran gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmakda möhüm ähmiýete eýedir. Täze taryhy döwürde döwletimiziň we jemgyýetimiziň öňünde duran ägirt uly taslamalarydyr maksatnamalary durmuşa geçirmekde jemgyýetçilik guramalaryna hem aýratyn orun degişlidir. Olar Arkadagly Serdarymyzyň ynsanperwer içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşup, dürli ýurtlaryň degişli düzümleri, ugurdaş halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk saklaýar. 24 — 27-nji awgustda Eýran Yslam Respublikasynyň Kärdeşler arkalaşyklary konfederasiýasynyň prezidenti Ali Reza Mahjoubynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana amala aşyran iş sapary hem işjeň häsiýete eýe boldy. 14-nji sentýabra çenli Merkezi Aziýa ýu

Türkmenistan — Ýunesko: halkara hyzmatdaşlygynyň gerimi giňeýär

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bolup geçýän ajaýyp wakalar, gazanylýan beýik ösüşlerdir ýetilýän sepgitler eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň iň täze taryhyna altyn harplar bilen möhürlenýär. Olar agzybir watandaşlarymyzyň, aýratyn-da, bagtyýar türkmen ýaşlarynyň durmuşynda baky orun alýan taryhy pursatlara beslenip, hemmämizi ýeneki beýik üstünliklere ruhlandyrýar, nurana ertirlere bolan synmaz ynamymyzy has-da berkidýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen abraýly düzüminden – ÝUNESKO-dan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna hoş habaryň gelip gowuşmagy hem şeýle ajaýyp wakalaryň biri boldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilendigi hakyndaky hoş habar hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abraý-mertebesiniň dünýä ýüzünde has belende göterilýändigini äşgär edýän taryhy pursatdyr.

Stambulda TDG-niň agza ýurtlarynyň ulag forumy geçer

13-14-nji sentýabrda Stambulda Türki Döwletleriň Guramasynyň agza-ýurtlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda multimodal ýük gatnawlary we logistika boýunça forum geçer. Bu barada «Trend» guramanyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi. Habara görä, maslahatyň maksady Merkezi we Günorta ulag geçelgeleri boýunça multimodal ýük gatnawlaryny ösdürmeklige aýratyn üns bermek bilen, ählumumy ýük daşamalarynyň durnuklylygyna ýardam etmekden we hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.

Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ilerledip

Türkmen-palestina gatnaşyklary işjeňleşdirilýär

25-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Malikini kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza Prezident Mahmud Abbasyň mähirli salamyny we Palestina gelmek baradaky çakylygyny hem-de ähli türkmen halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz Palestina Döwletine sapar bilen gelmäge çakylyk üçin minnetdarlyk sözlerini beýan edip, Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Bitarap Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady.

Döwletara gatnaşyklar pugtalandyrylýar

24-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Maliki bilen duşuşdy. Myhman Gahryman Arkadagymyza Prezident Mahmud Abbasyň mähirli salamyny we Palestina sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny gowşuryp, öz ýurdunyň Türkmenistan bilen netijeli döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Hormatly Arkadagymyz myhmana Palestina sapar bilen gelmek baradaky çakylygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistan hem-de BMG ulag ulgamynda gatnaşyklary täze derejä çykarýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan netijeli daşary syýasaty we abadançylygyň, howpsuzlygyň, ösüşiň bähbidine öňe sürýän başlangyçlary we anyk işleri netijesinde Türkmenistanyň halkara abraýy barha belende galýar hem-de pugtalanýar. Ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, Türkmenistany senagat taýdan ösen ýurda öwürmäge, dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmaga gönükdirilen milli maksatnamalaryň we düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen häzirki wagtda halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilen uly üstünlikler gazanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň her ýylky mejlisleriniň işine işjeň gatnaşýandygy aýratyn bellärliklidir. Durnukly ulag meseleleri boýunça Kararnamalaryň başlangyçlaryny BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna yzygiderli hödürlemek tejribesini dowam etdirmek bilen, ýurdumyz öňde boljak 78-nji sessiýada «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşiniň arasynda arabaglanyşygy berkitmek» atly Kararnamanyň taslamasyny taýýarlamak teklibi bilen çykyş eder. Ýurdumyzyň BMG bilen ulag we kommunikasiýalar ýaly geljegi uly ugurlarda başlangyçly hyzmatdaşlyk etmegi dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagy bilen baglanyşyklydyr.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri gury ýer ulaglary boýunça ylalaşyga gol çekerler

Türkmenistan, Gazagystandan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan gury ýer ulaglary boýunça ylalaşyga gol çekerler. Bu barada «KazTAG» tarapyndan habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, Gazagystan Merkezi Aziýada gury ýer ulaglarynyň özara baglanyşygyny güýçlendirmek baradaky ylalaşyga gol çekmäge taýýarlanýar. Ylalaşyk gury ýer ulaglary arkaly halkara ulagy ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek, Merkezi Aziýa sebitindäki ulag hyzmatlary bazarynda bäsdeşlik gurşawyny üpjün etmek, täze halkara, şol sanda multimodal geçelgeleri emele getirmek we olaryň netijeliligi ýokarlandyrmak, gury ýer ulaglary bilen daşamak we üstaşyr geçirmek işini ýeňilleşdirmek ýaly maksatlary özünde jemleýär. Şeýle hem ol ylalaşykda häzirki zaman ulag-logistika hyzmatlaryny ösdürmek, innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we ulanmak, şol sanda gury ýer ulaglary arkaly ulag hereketine gözegçiligi sanlylaşdyrmak, ekologiýa taýdan arassa ulag usullaryny ulanmak tejribesini höweslendirmek we ösdürmek hem göz öňünde tutulýar.

Türkmen-özbek gatnaşyklary: özara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugrunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda işjeň daşary syýasaty amala aşyrýan ata Watanymyz oňyn Bitaraplygyň esasy ýörelgelerinden ugur alyp, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýermek bilen, halkara giňişliginde mynasyp orun eýeleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde dünýäniň ençeme döwleti, iri daşary ýurt kompaniýalary, halkara maliýe edaralary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyklar yzygiderli ýola goýulýar.

Urumçide geçirilen Ýewraziýa EKSPO-synda umumy bahasy 68 milliard amerikan dollaryndan gowrak ylalaşyklar gazanyldy

Söwda gadym zamanlardan bäri halklaryň we döwletleriň arasynda arabaglanyşygy güýçlendirmekde möhüm orun eýeläpdir. Munuň şeýledigine Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda orta asyrlardan bäri ykdysady taýdan belli bir derejede integrirlenen, medeni tarapdan birek-birege ýakynlaşan döwletleriň halkasynyň emele gelmegi arkaly göz ýetirmek bolýar. Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiziň başlangyçlary bilen Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça halkara derejede tagallalar alnyp barylýar. Ýurdumyzyň bu örän ähmiýetli başlangyjynyň dünýä döwletleri tarapyndan uly goldawa eýe bolýandygy bolsa diýseň guwandyryjydyr. 16 — 21-nji awgust aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sinzýan-Uýgur awtonom sebitiniň paýtagty Urumçi şäherinde geçirilen «Ýüpek ýolunyň ruhuny wagyz etmek arkaly Ýewraziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak» atly halkara forum hem sözümize aýdyň mysaldyr. Ýewraziýa EKSPO-sy diýlip atlandyrylýan bu forum şu gezek has netijeli häsiýeti bilen tapawutlandy. Bu ýyl «Hytaý — Ýewraziýa: harytlar we söwda» şygary astynda geçirilip, özünde dünýäniň 40-dan gowrak döwletinden kompaniýalaryň 1300-den gowragyny jemledi. Şolaryň hatarynda foruma 500 töweregi dünýäniň iň abraýly söwda kompaniýalarynyň gatnaşandygyny hem bellemek gerek. Hytaý metbugatynda habar be

Türkmenistan —ÝUNESKO: ýaşlar halkara giňişliginde

Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Serdarymyzyň täze taryhy eýýamda ýaşlara uly ynam bildirmegi, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi, ÝUNESKO-nyň ýaşlar baradaky maksatnamalaryna Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagy ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini dabaralandyrýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň şanly 30 ýyllygy dabaraly bellenilýän günlerde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi taryhy waka boldy. Munuň özi Arkadagly Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmäge, parahatçylygy, dostlugy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, döwletleriň, abraýly halkara guramalarynyň arasyndaky gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmaga ýardam berýän beýik başlangyçlarynyň halkara derejede goldanylýandygynyň nobatdaky ykrarnamasyna öwrüldi.

Türkmenbaşy portundaky daşary ýurt gämileri reýdde goşmaça ýangyç alyp bilerler

Deňiz söwda floty Türkmenbaşy Halkara portuna girýän daşary ýurt gämilerine bukkerleme hyzmatyny, ýagny diňe gämi duralgalarynda däl, eýsem reýdlerinde hem dizel ýangyjyny guýma hyzmatyny hödürleýär. Kenar ýakasyndan belli bir uzak aralykda ýangyç guýmak mümkinçiligi syýahat wagtyny ep-esli tygşytlaýar we bunkerlemeden soň gämilere bellenen ugry ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistandan iberilen ynsanperwerlik ýüki Primorskiý kraý sebitine eltildi

40 tonna ynsanperwerlik ýüki özünde jemlän ýük uçary Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitiniň howa menizline bardy. Türkmenistandan iberilen ynsanperwerlik ýüki bu sebitiň birinji wise-gubernatory, hökümet ýolbaşçysy Wera Şerbina we beýleki resmiler garşyladylar. "IL-76' kysymly ýük uçary sebitde bolan suw joşgunlary zerarly ejir çeken ýaşaýjylara eşikleri, çaga iýmitini, ýorgan ýapynjalaryny eltdi.