Türkmenistan —ÝUNESKO: ýaşlar halkara giňişliginde

27 Awgust 2023
812

Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Serdarymyzyň täze taryhy eýýamda ýaşlara uly ynam bildirmegi, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi, ÝUNESKO-nyň ýaşlar baradaky maksatnamalaryna Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagy ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini dabaralandyrýar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň şanly 30 ýyllygy dabaraly bellenilýän günlerde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi taryhy waka boldy. Munuň özi Arkadagly Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmäge, parahatçylygy, dostlugy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, döwletleriň, abraýly halkara guramalarynyň arasyndaky gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmaga ýardam berýän beýik başlangyçlarynyň halkara derejede goldanylýandygynyň nobatdaky ykrarnamasyna öwrüldi.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar