Hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgesine eýerip

30 Awgust 2023
329

«Dostluk isleseň, dost bol!» diýlişi ýaly, bu günki gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ähli döwletlere, ilkinji nobatda, goňşy ýurtlara dostluk goluny uzadyp, hoşniýetli hyzmatdaşlygy yzygiderli ilerledýär. Dost-doganlyk ýollary bähbitleri birleşdirýär, halklary ýakynlaşdyrýar. Ýurdumyzyň duldegşir goňşusy hem-de esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolan Eýran Yslam Respublikasyna dürli derejede yzygiderli amala aşyrylýan saparlar hem köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini, türkmen-eýran gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Täze taryhy döwürde döwletimiziň we jemgyýetimiziň öňünde duran ägirt uly taslamalarydyr maksatnamalary durmuşa geçirmekde jemgyýetçilik guramalaryna hem aýratyn orun degişlidir. Olar Arkadagly Serdarymyzyň ynsanperwer içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşup, dürli ýurtlaryň degişli düzümleri, ugurdaş halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk saklaýar. 24 — 27-nji awgustda Eýran Yslam Respublikasynyň Kärdeşler arkalaşyklary konfederasiýasynyň prezidenti Ali Reza Mahjoubynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana amala aşyran iş sapary hem işjeň häsiýete eýe boldy. 14-nji sentýabra çenli Merkezi Aziýa ýurtlarynda dowam etjek bu saparyň esasy maksady sebitiň kärdeşler arkalaşyklarynyň işleri bilen giňden tanyşmakdan, halkara tejribeleri öwrenmekden ybaratdyr.

Melike SÄHETGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar