Türkmen-palestina gatnaşyklary işjeňleşdirilýär

28 Awgust 2023
381

25-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Malikini kabul etdi.

Myhman döwlet Baştutanymyza Prezident Mahmud Abbasyň mähirli salamyny we Palestina gelmek baradaky çakylygyny hem-de ähli türkmen halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz Palestina Döwletine sapar bilen gelmäge çakylyk üçin minnetdarlyk sözlerini beýan edip, Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Bitarap Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady.

«Nesil».
Beýleki habarlar