Döwletara gatnaşyklar pugtalandyrylýar

28 Awgust 2023
416

24-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Maliki bilen duşuşdy.

Myhman Gahryman Arkadagymyza Prezident Mahmud Abbasyň mähirli salamyny we Palestina sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny gowşuryp, öz ýurdunyň Türkmenistan bilen netijeli döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Hormatly Arkadagymyz myhmana Palestina sapar bilen gelmek baradaky çakylygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

«Nesil».
Beýleki habarlar