Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ilerledip

29 Awgust 2023
409

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň öňüsyrasynda ählumumy we sebit meselelerini çözmek boýunça ileri tutýan garaýyşlaryny beýan etdi. Şol garaýyşlaryň hatarynda ýurdumyzyň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi teklip etmek baradaky başlangyjy hem möhüm ähmiýete eýedir. Bu strategiýa arkaly gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň we aradan aýyrmagyň guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasyny ulanmagy, jedelleri we gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar bilen çözmek üçin Bitaraplygyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy, şeýle hem ynanyşykly dialog medeniýetini dikeltmek ugrunda tagallalary utgaşdyrmagy maksat edinýär.

Hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýa öz milli we umumadamzat bähbitli belent maksatlary bilen halkymyzy buýsandyrýar. Bu gün ýurdumyz dünýäniň ähli döwletleri üçin ygtybarly hyzmatdaşa öwrüldi. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrundaky tagallalara oňyn başlangyçlary bilen mynasyp goşant goşýan Diýarymyz adamzat üçin derwaýys meseleleriň sazlaşykly, netijeli çözgüdini tapmakda halkara bileleşikde esasy orunlaryň birini eýeleýär. Türkmenistan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ekologiýa, medeni-ynsanperwer, energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda döwletara gatnaşyklary ösdürmekde bitaraplyk ýörelgesine aýratyn uly ähmiýet berýär.

Ejebaý ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň esasy ylmy işgäri.
Beýleki habarlar