''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Şalyçylaryň zähmet ýeňşi

Azyk önümçiliginiň öňdebaryjy gazananlary

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Türkmenistan — 2023» atly halkara sergisi geçirildi. Bu iri gözden geçiriliş gyzyklanma bildirýän taraplaryň özara bähbitli gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, täze hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda möhüm ähmiýete eýe boldy. Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk we azyk senagaty pudaklarynda iş alyp barýan önüm öndürijilere döwlet tarapyndan goldaw berlip, netijeli işlemek üçin amatly şertleriň döredilýändigi bellenilýär.

Şaly hasyly — toýlara goşant

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde hem habar berlişi ýaly, Lebap welaýatynyň şalyçylary ýyllyk meýilnamany üstünlikli berjaý edip, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny ýene bir zähmet ýeňşine beslediler. Jeýhun ýakasyndaky welaýatda şaly hasylyny ýygnamak işine 7-nji oktýabrda girişildi. Güýzüň ahyrky günlerinde bolsa sebitiň daýhanlary 10 müň 200 gektar ýerden 48 müň tonna golaýladyp hasyl aldylar.

Şalyçylarymyzyň zähmet ýeňşi

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda welaýatymyzyň şalyçylary 8 müň 100 gektar ýerde şaly ekişini geçirip, Watan harmanyna 35 müň tonnadan gowrak şaly hasylyny tabşyrdylar we döwlete şaly tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirdiler. Welaýatymyzda öndürilen şalynyň bereketli hasyly Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen S.A.Nyýazow adyndaky hem-de «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginiň edermen şalyçy kärendeçileri tarapyndan ýetişdirildi. Şalyçylyk hojalyklarynda şalynyň, esasan, «Müňbaş», «Elenga», «Nöküs-2» görnüşleri ekilip, olar hasyllylygy, azyklyk ýokumlylygy we toprak-howa şertlerimize durnuklylygy babatda şalyçy daýhanlarymyzyň köpýyllyk synagyndan geçip gelýär. Ýere eýeçilik gözi bilen garalmagy, önümçilige öňdebaryjy usullaryň ornaşdyrylmagy edermen şalyçylarymyza ýerden ýokary hasyl almaga mümkinçilik berdi. S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginden Dursunbaý Annamyradow, Tirkeş Baýryýew, Jahangül Gummanowa, «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginden Durdymyrat Atanazarow, Baýramgeldi Kulyýew, Jennet Batyrowa ýaly tejribeli şalyçy kärendeçiler şalynyň bereketli hasylyny kemale getirmekde köplere görelde görkezmegi başardylar. Şalyçylarymyzyň zähmet üstünligini gazanmagyna welaýatymyzyň

Göwnejaý ideg edilýär

Täze ýylyň bol galla hasyly üçin bugdaý ekişini öz wagtynda geçiren Boldumsaz etrabynyň «Baýdak» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri ýaş maýsalara ideg etmek işlerini guramaçylykly dowam etdirýärler. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hojalygyň gallaçy kärendeçileri 1113 gektar meýdanda ýokary hilli ekiş geçirip, güýzlük bugdaýdan kadaly gögeriş almagy başardylar. Olar ýaşyl maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirip, wagtly-wagtynda suwaryp, bol hasyl ugrunda aladalanýarlar. Çünki bugdaýdan bereketli hasyl almak üçin möwsümleýin agrotehniki çäreleriň öz wagtynda, ýokary hilli geçirilmegi zerur bolup durýar. Hojalykda ýylyň-ýylyna ýokary netijeleri gazanýan gallaçy kärendeçileriň 600-den gowragy bolup, olar bugdaýyň idegini ýetirmekde köplere görelde bolmagy başarýarlar. — Daýhan birleşigimizde işine yhlasly kärendeçileriň birnäçesi bar. Olaryň hatarynda Myrat Kakaýew, Nargül Durdymedowa, Döwran Sabyrow, Halbaý Söýünow dagyny agzamak bolar. Bu kärendeçileriň ýerlerinde bugdaýyň ösüşiniň has-da oňatdygy mese-mälim görünýär. Bugdaý agronomy Allaberdi Seýitjanow hem hemişe kärendeçileriň arasynda bolup, olardan degerli kömegini, maslahatyny aýamaýar. Iýmitlendiriş işlerini geçirmekde mehanizatorlar Hojabaý Arazbaýew, Baýramdurdy Kiç

Maldarlaryň gyş aladalary

Ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmäge, olaryň baş sanyny köpeldip, önümliligini artdyrmaga, şeýlelikde, maldarçylykdan ýokary girdeji gazanmaga döredilýän giň mümkinçilikler kärendeçi maldarlaryň yhlasly zähmet çekmäge bolan hyjuwyny has-da artdyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda azyk bolçulygynyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşmak babatda ýadawsyz zähmet çekýän Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçi maldarlary häzirki günlerde mallary dok we ýyly gyşlatmak ugrunda ähli zerur çäreleri görýärler. Daýhan birleşigi boýunça jemi 100-den gowrak mal bolup, bu ýerde olara tejribeli maldarlar gözegçilik edýärler. Şeýle maldarlaryň biri-de Ödek Ödekowdyr. Häzirki wagtda onuň garamagynda iri şahly mallaryň 49-sy bar. Ol mallaryň sagdyn ösüp ulalmagyna, olaryň saklanýan ýerleriniň arassaçylygyna yzygiderli gözegçilik edýär. Mallary göwnejaý gyşlatmak maksadynda, ol 24,5 gektar meýdana ot-iýmlik ekinleriň dürli görnüşlerini ekip, bol hasyl aldy. Şeýle hem iri baldakly otlaryň 260 tonnadan gowragyny ýygnady. Ätiýaçlyk taýýarlanan bu ot-iýmleriň bolelin ýetjekdigini kärendeçi maldar Ödek Ödekow ynam bilen aýdýar. Mallaryň gyş möwsüminde sagdyn, ýokary önüm berijilik ýagdaýynda sakl

Ýyladyşhanadaky netijeli işler

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Köneürgenç etrabyndaky ýyladyşhana toplumynda ýylyň dowamynda dürli görnüşli gök önümleriň bereketli hasylyny ýetişdirmek ugrunda iş alnyp barylýar. Şol önümleriň arasynda pomidoryň esasy orunda durýandygyny bellemek gerek. Şeýlelikde, jemi meýdany 10 gektardan ybarat bolan bu toplumyň ekin ýerleriniň köp böleginde bu önüm ösdürilip ýetişdirilýär. Her ýylda 2 müň tonnadan gowrak pomidor ýetişdirmäge niýetlenen ýyladyşhanada ähli güýç şu meýilnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönükdirilýär. Toplumda pomidor düýplerine iýmit, suw bermek, ýylylygy, çyglylygy kadalaşdyrmak ýaly çäreler kämil enjamlaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Bu ýerde el güýji zerur bolan işlerde 100-e golaý adam zähmet çekip, olaryň köpüsiniň ýaşlardygy bellärliklidir. Ýyladyşhana toplumynyň işgärleri Täze ýyl baýramçylygyna pomidoryň bol hasylyny ýetişdirip, ilata hödürlemegi maksat edinýärler.

Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

Buýsançly ýylymyzyň waspy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly uly üstünliklere, ýatda galyjy şanly wakalara beslenip, ýurdumyzyň täze taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Geçip barýan ýyl türkmen jemgyýetinde asudalygyň, agzybirligiň we jebisligiň höküm sürmegi, halkymyzyň hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşmegi, ýurdumyzyň döwlet gurluşynyň kämilleşdirilmegi, halkymyzyň maddy, taryhy, medeni mirasynyň we däp-dessurlarynyň öwrenilmeginiň we wagyz edilmeginiň ýaýbaňlandyrylmagy bilen häsiýetlendirilýär.

Işler sazlaşykly barýar

Kaka etrabynyň «Edermen pagtaçy» daýhan hojalygynda möwsümleýin oba hojalyk işleri sazlaşykly alnyp barylýar. Daýhan hojalygy boýunça geljek ýylyň hasyly üçin däne ekilen 135 gektardaky ak ekiniň ideg işlerine jogapkärli çemeleşilýär. Ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we beýleki ideg işlerinde agrotehnikanyň kadalaryna berk eýerilýär. Aýjahan Nuryýewa tarapyndan esaslandyrylan gürrüňi edilýän daýhan hojalygynyň gowaça meýdanlaryndaky hasyly soňky hanasyna çenli ýygnap almak işi dowam edýär. Häzirki güne çenli hojalygyň 50 gektar bol hasylly meýdanlaryndan pagtanyň 190 tonnadan gowragy ýygnalyp, Watan harmanyna tabşyryldy. Bu görkeziji şertnamalaýyn borçnamanyň iki esseden gowrak berjaý edilendigini aňladýar.

Guwandyryjy görkeziji

«Ak üzüm» daýhan hojalygy diňe bir Ak bugdaý etrabynda däl-de, eýsem welaýatymyzyň öňdebaryjylarynyň hatarynda tanalýar. Bu daýhan hojalygy Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda pagtaçylykda guwandyryjy görkezijilere eýe boldy. Hojalygyň gowaça ýetişdirilen 60 gektar meýdanyndan ýokary hasyl alnyp, şertnamalaýyn borçnama irki möhletde artygy bilen ýerine ýetirildi. Muňa garamazdan, zähmet üstünligini artdyrylan hasylyň hasabyna has-da berkitmegi maksat edinýän hojalygyň daýhanlary şu günler meýdanlardaky «ak altyny» soňky hanasyna çenli ýygnap almak hyjuwy bilen işleýärler. Daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy, tejribeli daýhan Ýusup Bäşimowyň aýtmagyna görä, häzirki güne çenli pagtanyň 120 tonna derek, 194 tonnadan gowragy ýygnalyp, Watanymyzyň «ak altyn» harmanyna tabşyryldy. Munuň özi her gektaryň hasyllylygynyň 33 sentnere ýetirilendigini aňladýar. Zähmet üstünliginde ýokary öndürijilikli pagta ýygyjy kombaýnlaryň mynasyp hyzmaty, şeýle-de ýüwrük elli ýygymçylardyr, mehanizatorlaryň saldamly goşandy bardyr.

Oba hojalygy: halkara bilim hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýy barha belende galýar, bilim ulgamynda halkara derejesindäki hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde 2023-nji ýylyň 27-nji noýabry — 1-nji dekabry aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekilleri Eýran Yslam Respublikasynyň Gürgen oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetiniň çakylygy esasynda, goňşy ýurduň Gülüstan welaýatynyň Gürgen şäherinde gulluk iş saparynda boldular. Bu sapar 2023-nji ýylyň 30-njy maýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde gol çekilen «S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Gürgen oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetiniň (Eýran Yslam Respublikasy) arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamada» göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen guraldy.

Kösükli, däneli ekinleriň ähmiýeti

Türkmenistan ekerançylygyň ýüze çykan medeni merkezleriniň biridir. Goýny genji-känli, yhlas siňdirip, maňlaý deriňi dökseň, çeken zähmetiňe bereket baýlygyny eçilýän mährem toprakdan dür öndürýän türkmen daýhanynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öý-ojagy döwletli, toý saçagy naz-nygmatly boldy. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda däneli, kösükli we ot-iýmlik ekinlerini ekmäge giň ýol açyldy hem-de olaryň kämil tehnologiýasyny öwrenmek esasy wezipe bolup durýar. Kösükli, däneli ekinleriň ylmy esasda ekiliş usullaryny, tohum kadalaryny öwrenmek, olardan ýokary hilli azyklyk we ot-iýmlik, düzüminde birnäçe ekologiýa taýdan arassa biologiki işjeň maddalary saklaýan önümleri almak we topragy gurplandyrmak agrosenagat ulgamynyň örän wajyp, möhüm meseleleriniň biridir. Kösükli, däneli ekinler topragy gurplandyrmakda, azyklyk iýmit hökmünde, ýapragy, baldagy mallara ot-iým bolup hyzmat edýär.

Kadaly boý alýar

Akdepe etrabynyň N.Andalyp adyndaky daýhan birleşiginiň köp ýerinde bugdaý maýsalaryndan tapawutly özboluşly gök öwüsýän ekerançylyk atyzlaryna gözüň düşýär. Diňe bir etrapda däl, eýsem, welaýatda hem iri gök ekerançylyk hojalyklaryň biri hökmünde tanalýan bu daýhan birleşiginde ösdürilip ýetişdirilýän sogandyr sarymsaklar, ýeralmalar, käşirdir kelemler ýurdumyzyň ähli künjekleriniň ak bazarlarynyň bezegi. Tamamlanyp barýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda daýhan birleşigiň gök ekerançylary 200 gektar ýerde güýzlük soganyň, 50 gektar ýerde güýzlük sarymsagyň ekişini geçirdiler. Ähli kadalar öz wagtynda berjaý edilip, sogandyr sarymsak ekilen meýdanlaryň ählisinde doly gögeriş alyndy.

Goýun iti — wepaly sakçy

Türkmen alabaýy berk beden gurluşy, döşüniň giňligi, sagdynlygy, güýçlüdigi, dem alyş ulgamynyň ösendigi, hereketleriniň sazlaşyklylygy, haýbatlylygy, parahat we erkin gezýändigi, eýesine wepalylygy bilen tapawutlanýar. Eýesiniň sesini, sykylygyny ýa-da öwredilen yşaratyny eşiden, duýan dessine onuň näme isleýändigine düşünýändigi, şol hojalygyň maşgala agzalaryna hoşgylawlylygy, durnuklylygy, hakyna kaýyllygy, gulak asyjylygy türkmen alabaýynyň beýleki it tohumlaryndan esasy tapawutlandyryjy aýratynlyklardyr. Özüniň taryhyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen alabaýlary adamzadyň durmuşynda, aýratyn hem, öri meýdan maldarçylygy bolan dowardarçylykda uly ähmiýete eýedir. Ata-babalarymyzyň akyl eleginden geçirip döreden «Adyl sakçylygy goýun itinden öwren» diýen pähimden görnüşi ýaly, türkmen alabaýlary çopan-çoluklarymyzyň gündelik iş-durmuşynyň her bir pursadynda ýakyn ýardamçysy, wepaly dosty, hemaýatçysy we goragçysydyr. Garagum sährasynda dowar sürüsini orta semizlikde bakmakda, goýundyr geçileriň baş sanyny abat saklamakda, olardan sagdyn owlak-guzulary alyp, sanlaryny artdyrmakda çopan-çoluklaryň ussatlygy, ugurtapyjylygy, baý iş tejribeleri bilen bir hatarda, wepaly türkmen alabaýlarynyň hem orny uludyr. Garagum sährasynda howa hemişe asuda b

Jöwenli nakyllaryň düşündirilişi

Beýleki halk döredijilik eserlerinden tapawutlylykda nakyllar ýörite ýerine ýetirilýän eser däl. Ol haýsydyr bir pursat bilen bagly aýdylýar. Şonuň üçin ol doly sözlem görnüşinde aýdylmasa-da, gürrüňiň, wakanyň dowam edýän pursadynda goşmaça düşündirişi talap etmeýär. Biz muny jöwen bilen bagly nakyllaryň mysalynda-da görýäris. «Jöweni çaňa, bugdaýy palçyga». Bu nakylda aýdylyşy ýaly, jöwen gowy taba gelen ýere ekilýär.

Borçnama ýerine ýetirildi

Daşoguz welaýaty boýunça 8100 gektar meýdana ekilýän şaly etrabymyzdaky şalyçylyga ýöriteleşdirilen iki daýhan birleşikde ýetişdirilýär. Şu ýyl etrabymyzyň iri şalyçylyk hojalyklarynyň biri bolan S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň 4750 gektar meýdanynda şaly ekilip, ondan bol hasyl alyndy. Şaly ekilen meýdanlaryň agramly böleginde onuň irki görnüşi ösdürilip ýetişdirildi. Daýhan birleşigiň edermen şalyçy kärendeçileriniň 448-siniň tutanýerli zähmeti netijesinde ýakynda arzyly sepgide hem ýetildi. Olar 20500 tonna şalyny Watan harmanyna tabşyryp, daýhan birleşigiň şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler.

Oba hojalygy

Şalyçylaryň guwandyryjy üstünligi Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň iri hojalyklarynyň biri bolan S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň şalyçy kärendeçileri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gaýratly zähmet çekmek bilen, bol hasyly ýetişdirip, ony ýitgisiz ýygnap, Watan harmanyna şaly tabşyrmak baradaky meýilnamalaryny welaýatymyzda ilkinji bolup üstünlikli ýerine ýetirdiler. Şonda şu ýylyň baharynda ekiş geçirilen 4750 gektar meýdanda ideg hem-de orak çäreleriniň guramaçylykly alnyp barylmagynyň netijesinde, döwlet harmanyna 20,5 müň tonnadan gowrak şaly goşuldy.

Toprakdan bereket tapan

Daýhan hojalyklarynyň we önüm öndürijileriň 500-den gowragy Köýtendag etrabynyň ekerançylyk meýdanlaryna eýeçilik edýär. Bu ýerler ozal daýhan birleşikleriniň ygtyýaryndady. Ekinleriň hasyl berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen ekerançylyk ýerleri hususyýetçilere ynanyldy. Şolaryň birisi hem Batyr Namazow. Ýere bolan eýeçiligiň üýtgemegi bilen ýeriň we ekinleriň hasyl berşinde, ýer eýeleriniň iş keýplerinde bolup geçen özgertmeleriň oňyn netijesi Batyryň durmuşynda hem aýdyň görünýär. Ýerleriň uzakmöhletleýin paýlanylyp berilmeginiň özi ýaly daýhanlaryň çekýän zähmetleriniň soňky netijelerine bolan gyzyklanmalaryny has artdyrandygyny tejribeli daýhan mysallar arkaly düşündirýär.

Zeminiň ýaşyl düşegi

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalykçylaryna döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde Saýat etrabynyň gallaçy daýhanlary 27 müň 766 gektar ýere bugdaýyň ýokary hasyl berýän görnüşlerini ekip, doly gögeriş aldylar. Şu günler ýaşyl maýsalara ideg işleri dowam etdirilýär. Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň has ýokary hasyl berýän tohumlary ekmek baradaky tagallalary saýatly gallaçylary hem diýseň begendirdi. Ýakynda tamamlanan ekiş möwsüminde etrapda 11 müň 778 gektardan gowrak ýere Russiýa Federasiýasyndan getirilen «Alekseýiç» görnüşiniň saýlantgy arkasy ekildi. 15 müň 466 gektar ýerde bolsa şu görnüşiň birinji arkasy endigan boý alyp otyr.

Göreldeli mugallym tejribeli bagban

Saýat etraby barada gürrüň edilende, Türkmenabat — Kerki awtomobil ýolunyň ugruny bezäp oturan miweli baglar her birimiziň göz öňümizde janlanýar. Hawa, etrabyň «Gülüstan» daýhan birleşiginiň bagbanlary datly ir-iýmişleri ösdürip ýetişdirip, ilatyň öz topragymyzda ýetişdirilen önümler bilen üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Jumanyýazowlaryň agzybir maşgalasy hem indi köp ýyldan bäri örküni bagbançylyga baglap, ene ýerden döwlet tapanlaryň biri hasaplanýar. Tutuş maşgala agzalarynyň bagbançylyk bilen meşgullanmaklary bu obanyň ýaşaýjylarynyň aýratynlygydyr. Maşgalanyň gelni Aýna Ýazmamedowa obada işine ussat, tejribeli bagbanlaryň biri hökmünde tanalýar. Onuň bag ekmegiň inçe syrlaryny birkemsiz ele alandygy gep-sözünden hem, hereketlerinden hem mese-mälim. Asyl käri mugallymçylyk bolsa-da, Aýna gelin bolup gelen gününden bäri gaýynenesi, 30 ýyldan gowrak daýhan birleşiginde topar ýolbaşçy bolup işlän Şasenem eneden bagbançylygy ilik-düwme öwrenýär. Onuň yhlasly zähmetiniň guwandyryjy netijesini maşgalasynyň 2 gektara golaý kärende ýerinde ýetişdirýän miweli baglarynyň bolçulygynda hem görmek bolýar. Ol kärende ýeriniň 1 gektarynda alçanyň, ýene-de şonçarak meýdanda bolsa üzümiň dürli görnüşini ýetişdirýär. Bagban gelin öz melleginde