Azyk önümçiliginiň öňdebaryjy gazananlary

7 Dekabr 2023
951

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Türkmenistan — 2023» atly halkara sergisi geçirildi. Bu iri gözden geçiriliş gyzyklanma bildirýän taraplaryň özara bähbitli gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, täze hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk we azyk senagaty pudaklarynda iş alyp barýan önüm öndürijilere döwlet tarapyndan goldaw berlip, netijeli işlemek üçin amatly şertleriň döredilýändigi bellenilýär.

Beýleki habarlar