Göwnejaý ideg edilýär

6 Dekabr 2023
540

Täze ýylyň bol galla hasyly üçin bugdaý ekişini öz wagtynda geçiren Boldumsaz etrabynyň «Baýdak» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri ýaş maýsalara ideg etmek işlerini guramaçylykly dowam etdirýärler. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hojalygyň gallaçy kärendeçileri 1113 gektar meýdanda ýokary hilli ekiş geçirip, güýzlük bugdaýdan kadaly gögeriş almagy başardylar. Olar ýaşyl maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirip, wagtly-wagtynda suwaryp, bol hasyl ugrunda aladalanýarlar. Çünki bugdaýdan bereketli hasyl almak üçin möwsümleýin agrotehniki çäreleriň öz wagtynda, ýokary hilli geçirilmegi zerur bolup durýar. Hojalykda ýylyň-ýylyna ýokary netijeleri gazanýan gallaçy kärendeçileriň 600-den gowragy bolup, olar bugdaýyň idegini ýetirmekde köplere görelde bolmagy başarýarlar.

— Daýhan birleşigimizde işine yhlasly kärendeçileriň birnäçesi bar. Olaryň hatarynda Myrat Kakaýew, Nargül Durdymedowa, Döwran Sabyrow, Halbaý Söýünow dagyny agzamak bolar. Bu kärendeçileriň ýerlerinde bugdaýyň ösüşiniň has-da oňatdygy mese-mälim görünýär. Bugdaý agronomy Allaberdi Seýitjanow hem hemişe kärendeçileriň arasynda bolup, olardan degerli kömegini, maslahatyny aýamaýar. Iýmitlendiriş işlerini geçirmekde mehanizatorlar Hojabaý Arazbaýew, Baýramdurdy Kiçjikbaýew, Sähetbaý Toýlyýew, Aýdogdy Dädebaýew özlerine berkidilen tehnikalara ussatlyk bilen erk edip, gaýratly zähmet çekýärler. Şeýlelikde, ideg işleri sazlaşykly alnyp barylýar. Hojalygymyzda Sapardurdy Gazakowyň ýolbaşçylyk edýän 10-njy, Goçmyrat Joşowyň ýolbaşçylygyndaky 13-nji kärendeçiler toparlary has-da tapawutlanýarlar. Şeýle işine yhlasly kärendeçilerimiz, mehanizatorlarymyz barka, bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirjekdigimize ynanýarys. Hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary netijesinde, oba hojalyk pudagynyň işgärlerine ene toprakdan bol hasyl öndürmäge, çekýän zähmetleriniň hözirini görmäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Eşretli zamanadan ruhlanýan kärendeçilerimiziň işleri hemişe ileri — diýip, daýhan birleşiginiň baş agronomy Dädebaý Nazarow gürrüň berdi.

Raziýa GAÝYPJANOWA,
«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar