Oba hojalygy: halkara bilim hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär

5 Dekabr 2023
562

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýy barha belende galýar, bilim ulgamynda halkara derejesindäki hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde 2023-nji ýylyň 27-nji noýabry — 1-nji dekabry aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekilleri Eýran Yslam Respublikasynyň Gürgen oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetiniň çakylygy esasynda, goňşy ýurduň Gülüstan welaýatynyň Gürgen şäherinde gulluk iş saparynda boldular.

Bu sapar 2023-nji ýylyň 30-njy maýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde gol çekilen «S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Gürgen oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetiniň (Eýran Yslam Respublikasy) arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamada» göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen guraldy.

Allaberdi GAPUROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar