Şalyçylaryň zähmet ýeňşi

9 Dekabr 2023
551

Daşoguz welaýatynyň şalyçy kärendeçileri, hojalygy ýöretmegiň täze usullarynda işleýän ussat ýer eýeleri döwlet tabşyrygyny artygy bilen berjaý etdiler. Beýik işlere, şanly wakalara beslenýän ýylda welaýat boýunça bol hasyl ýetişdirilen 8100 gektar meýdandan 35 müň tonnadan gowrak şaly öndürilip, zähmet ýeňşi gazanyldy. Taýýarlyk işleriniň göwnejaý guralmagy, degişli düzümleriň sazlaşykly hereket etmegi, kuwwatly kombaýnlaryň bökdençsiz işledilmegi orak möwsümini bellenilen möhletde geçirmäge mümkinçilik berdi.

Ýokary islegli daşoguz tüwüsi, esasan, welaýatyň demirgazyk künjegindäki Aýböwür ýaýlasynda ýerleşýän Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň iki hojalygynda ýetişdirilýär. Şanly ýylda etrabyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen S.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde 4750 gektar meýdandan 20 müň 500 tonna, «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginde bolsa 3350 gektar ýerden 14 müň 500 tonna şaly hasyly öndürildi. Bereketli hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň 60-dan gowragy gije-gündizleýin işledildi. Şaly ýetişdirmekde uly tejribe toplan kärendeçileriň aglabasy her gektardan 55 — 60 sentnerden hasyl almagyň hötdesinden geldiler. Döwlet tarapyndan berilýän ýeňillikler, hemaýat-goldawlar, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalarynyň we iş gurallarynyň yzygiderli satyn alynmagy has netijeli işlemäge, ýokary hasyl öndürmäge oňaýly şertleri döredýär.

Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar